18:08 Pursat | |
PURSAT
Goşgular
![]() Kalbymyza duýgy bolup guýulan, Garlawaçly ýazlar geldi Diýara. Gyz lebi deý gülaplanan, goýalan, Hyjuwlar joşupdyr ylham oýara. Bak ahyry, terligine jahanyñ, Awara ýelleriñ mukamyn diñle. Ömri gysga, eli açyk baharyñ, Ähli sahawatyn doldur sen köñle. Agramly oýlardan saplansyn beýni Hem biraz ýeñlesin ýüki gerdeniñ. Köñülleñ dañ säher oýanan meýli, Ýelek deý bir ýana serpsin ýorganyn. Pajarly pikirleñ hemrasy bolup, Ählu halallyga çykalyñ hossar. Bahar kämilligin ýürege salyp, Ýeñişli menzile ömrümiz gyssar. Adamdyr bar zatdan beter söýülen, Mümkinçilik bardyr yzyñ goýara. Kalbymyza duýgy bolup guýulan, Garlawaçly ýazlar geldi Diýara. • DILEG Mähir küýsäp egbaram, Gözlem sende eglärem. Dar köñlüme ber aram, Dinim, Kuranym meniñ. Asmanymda Tañry bar, Ýerde onuñ emri bar. Rehmetiñe hyrydar, Başym goranym meniñ. Geçgin barça günähim, Diñläwergin meñ ahym. Iki dünýäde şahym, Ýalñyz çyragym meniñ. Gör, ykballar gül açmyş, Köñül bagta ulaşmyş. Umytly men ýol aşmyş, Bolma yragym meniñ. Aşyr BERDIÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||