13:13 Put | |
PUT
Nukdaýnazar
Uniwersitetiñ umumy ýatakhanasynda ýaşamaly otagymyň gapysyny açanymda, ilki öňümden çykan zat ullakan gara daş bolupdy. Ululy-kiçili daşlaryň her hilisini görüpdim. Ýylçyr gara daşlaryň ondan has uluraklaram duşupdy. Boýny bokurja, kömelekpisint çeküw daşlarynyň bir, iki, baş kileliklerinem, depesindäki halka şekilli gulpundan barmagyňу ildiräge-de göterip ötägitmeli gadaklyklaram görüpdim. Ýöne munuň ýalysyny heniz görmändim. Goçuň kellesi ýaly gara daşy depesindäki gulpundan tutup, zordan bir gyra süýşürdim. Şol wagtam onuň gapdalyndaky ýazga gözüm düşdi: "16 kg". Soň görüp otursam, çiginleri çykyn-çykyn, her çykynam şol daş ýaly dyp-dykyz otagdaşlarym ony edil woleybol topy ýaly zyňyp-gapybam ýör eken-le. Öwrenişenimden soň, ol putluk daş meniň üçinem güýjüň, çydamyň, erkiň ölçegine öwrüldi gitdi. Bir putuň takmynan 16, has takygy, 16,3 kilogram bolýan- dygyny bilmeýän az-azdyr. Şonuň üçinem puty köplenç agyrlyk ölçegi hasaplaýarys. Ýöne üstünden barýançak, onuň başga-da kän-kän zadyň ölçegidigine onçakly ünsem beremzok. Birine beletsiräbersek: "Sen näme onuň bilen bir put duzy bile iýdiňmi?" diýäýseler weli, biygtyýar üşerilýäris. Bir adam bilen bir put duzy bile iýmek üçin näçe wagtlap duzemek bolmalydygyny aňymyzda aýlaýarys. Onsoň şol adam bilen näçeräk wagtdan bäri tirkeşýänimiz barada oýlanyp: "Hawa!" ýa-da "Ýok!" diýýäris. Eýsem, bu ýerde put tanyşlygyň, dostlugyň, ygtybarlylygyň ölçegi bolmaýarmy?! Eýýäm "Şeýle-aýt!" diýýäniňiz eşidilibem dur. "Pylan ýere aýagym çekenok-da. Edil putluk daş asylan ýaly" diýilýäninem eşidip ýörüs. Eger şeýle bolsa, şol daş diňe aýagymyza agram salýan däldir. Beýleki synalarymyzdanam bir zatlar aslyşýandyr. Ýa egnimizdäki ýük agyrdyr, ýa-da kalbymyzdaky gussa çökderdir. Aýagymyzyň çekmeýän ýerinde birinden juda göwnümiz galan bolmagy-da mümkin. Aýagymyzdan aslyşýan putluk daş bu zatlary özümizden öňürti ölçäp durandyr. Atam pahyr: "Hemme ýeriň horazy deň gygyrýandyr. Hemme ýerde-de bir putuň on alty kilogramdyr, oglum!" diýerdi. Horazlaryň nirede nähili gygyrýanyna güwä geçıp biljek däl weli, bir putuň hemme ýerde on alty kilogram çykmaýanyn-a kän gördüm. Meniñ-ä "Gündogar" bazardan bir put diýip alan soganymam öýe getiremsoň, ýarym putdan sähel parhly geläýýär. Batman diýip berenleri puta-da ýetmänsoň, "Atam pahyr ýalňyşaýdymyka?!" diýip, ünjä galan gezeklerimem kändir. Atam döwründe hemme ýerde on alty kilogram çykyp duran puta bu gün näme bolduka? Ýerde, döwürde, adamlarda bir üýtgeşiklik bolmasa-ha beýle bolmaly däl. Ýeri-hä bahana etmäliň. Sebäbi atam "hemme ýerde-de" diýip, aýratyn hetjiklardi. Döwür üýtgedimika? Bu gün eýläk, ertir beylak agyp durjak zada-da atam güwa geçmezdi. Nakyl ýaly, öwran öwran gaýtalap, gulagymyza guýmazdy. Adam-lar... Atamy bisowatlygy ýüňsakgal edäýdimikä? Dogry, ol bisowatdy, Sekiz-on kilogramy puta deňleýänleriň sowadynyñ atamyňkydan kän ýokarydygyna şübhäm ýok. Kisesi diplomlylary hasaba almanymyzda-da orta mekdebi bitirmediginiň ýokdugy belli. Diýmek onda adamlar üýtgäpdir-dä. Iň bolmanda sowad-a artypdyr. Adamlaryň sowady artany üçin put ýeňläýdimikä? Ýok-la! Belanyň körügini başga ýerden gözläliň-le. - Köpük berip, gaýtargyma garaşman, Mamanyň uzadan çalyndan içsem - - diýip, arzuw eden şahyry ýatlalyň! Indi biz gaňşyrawugyňy tütedip barýan çal gaýmagy dodagyňa dolaşyp duran süýt içjegimizi bilsek, gaýtargy hantama bolmazdan, manat uzatmaga-da kaýyl. Ýöne hany beýle çal, hany beýle süýt?! Has dogrusy, "Hany beýle mama?!" diýeliň-le. Düýn bir degişme diňledim: - Daýza, süýt diýip bereniň duruja suw-la. - Wiý, huşum gurasyn, hakyt şu gün oňa süýt goşmagy ýadymdan çykaraýypdyryn-da... Indi-hä üýtgän zadyň nämedigini biliberdik öýdýän. Ýa entegem... Ýeri bolýa, ýene bir wakany ýatlaýyn. Talypkak, Was düzlügine pagta ýygdyrmaga äkiderdiler. Bereketli toprakda gawun-garpyzam bol biterdi. Gujaga sygmaýan gürbekdir paýendeki hödür edýän oba adamlary muzd hantama däldi. "Şirin nabat, Mezit azat, Pygamber Hudaga salawat. Ekene rehnet, iýene sogap!" diýip, doga etsek, monça bolardylar. Şonda hasapdanrak oglanlaryň biri: - Eý, şu gawunlary Aşgabada eltip bolsa, kilesi palançadan geçerdi- diýdi. Hödürlän gawunyny şeýle işdämen iýşimize guwanyp oturan garry ene bir hili boldy. - Alla jan, gawunyň terezā münenini bir görkezmäweri - diýip, elini ýakasyna ýetirdi. Ol garry gördümi, görmedimi, bilemok. Gawun terezä-hä mündi. Müneni aýyp däl. Sekiz-on kilelik gawunyň putuň hasabyndan satylmagy aýyp. Şu zatlary ýatlap oturyşyma, putuň diňe agramyň däl, biziň ynsabymyzyň-da ölçegidigine düşünip galdym. Näme ýeňlese-de ynsabymyzyň puty beri hemişe on alty kilogram çykawersin! Atamyrat ORAZLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |