18:07 Sapak | |
SAPAK
Pedagogika we edep-terbiýe
Gören zadyny ýykyp-döküp ýören ümbilmez çaga ýaňy demlenen çäýnegiň ýanyna hasanaklap baranda "Biş!" diýseň, ýüzüne üşerilip bir seredýär. Dözümliräk aýtsaň, yzyna dolansa-da çäýnegi elläp görmek höwesinden el çekmeýär. Teşwüş görmedik gezegi elleýärem, awunýaram. Barmajygyny gyzgyn çäýnegiñ böwrüne degräge-de "Biş!" diýäýseň bolsa, boş çäýnegiň gapdalyndanam aýlanyp geçýär. "Är gorkan ýerinden" gaçýar, "Süýtde agzy bişen suwam üfläp içýär". Bu bir durmuşyň kiçijek sapagy. Adam özi bilib-u bilmän, kän zatdan sapak alýar. Ençeme mugallym bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ussat görýär. Halypa tutunýar. Garaz, sallançakdan tabyda çenli şol öwrenip ýörmeli. Käte sorap, käte görüp, köplenjem ýalňyşyp öwrenýäs. Ilki ýalňyşyp, ýalňyşymyzdan sapak alýan gezeklerimiz azmy, eysem?! Öñem biri: "Öñi-soňy ýalňyşdan öwrenmeli bolsa, iliň ýalňyşyndan öwrenäýseň" diýipdir. Diýipdir. Arman, hemme diýeniň bolup duranok. Biziň edep-terbiýämiz, bilimimiz-başarnygymyz, ýol-ýörelgämiz mugallymymyza, ussadymyza, halypamyza, görüm- göreldämize göräräkdir. Idegsiz düýäniň ýol almaýşy ýaly, halypa görmedikdenem kämil çykanok. Göwnüme bolmasa, gürrüňimiz mugallym-okuwçy, ussat-öwrenje, halypa-şägirt meselesine syrygyp barýan ýaly. Sapak hakda gürrüň edip olardan sowlup geçibem bolasy ýok. Ýöne mugallymyň, halypanyň daşyndan, durmuşdan alýan sapaklarymyzam sanardan kän. Şahyr: Taýakly gezmäni öwretdi itler. Aýakgap geýmäni öwretdi tiken. Gaýtargymy sanamany öwreden Dükanda oturan galp dükançydy. - diýýär. Durmuş ýowuz mugallym. Onuň sapaklaram ýowuz. Hiledir alam ýeterlik. ...Ir döwürde ýolbars, möjek, tilki üçüsi dost bolup, bile awa çykanmyş. Bir sugun, bir geçi, bir towşan awlansoňlar ýolbars: - Geliň, indi awumyzy paýlaşalyň. Hany, möjek, başla! - diýen. Awy üleşdirmegiň özüne ynanylanyna monça bolan möjek: - Agaýy ýolbars, sen biziň iň ulymyz hem iň güýçlimiz. Şonuň üçinem sugun siziňki bolsun. Geçini maňa beriň. Tilki towşan bilenem oňar - diýipdir. Ýolbars: - Iň ulyňyz, iň güýçliňiz bolubam maňa ýetýäni bary-ýogy bir sugunmy? Sen awy beýle paýlamany nireden öwrendiň? - diýip, äpet penjesi bilen möjegi kakyp goýberipdir. Soň tilkä ýüzlenipdir: - Ýeri tilki, hany seniň aw bolüşiňem göreli! - Eý hökmürowan şir, bu yerde bölüp-büçüp oturar ýaly näme bar? Irden suguny, günortanam geçini iýseňiz, agşamlygyňyza towşan galar-da. Tilkiniň jogaby ýolbarsa ýarapdyr. - Berekella, tilki! Sen örän akylly ekeniň. Görýän weli, seniň bir okumyş halypaň bar öýdýän. Hany aýt, kimden sapak aldyň? - Meniň halypam ho-ol serlip ýatan möjek bolmaly. Sapagy şondan aldym - diýip, tilki jeňňele siňip gidipdir. Käte "Ol tüýs bir şeytandan sapak alandyr" diýilýänini eşidýäs. Şeýtandan sapak alan kişiniň edýän işleriniňem şeýtanyrak boljakdygyna düşünýäs. Käte beterrägine-de, şeýtana sapak berene-de duşýas. Aslynda, çem geleni çürkäp, duşany uwultyradyp ýörenleriň tapýan pirimlerine şeýtanyň özem haýran galarmyş. Ussadym Işanguly Guljaýewden eşiden rowaýata meňzeş bir gürrüňim hiç ýadymdan çykanok. Açlyk ýyllary çölde bir çoluk günde bir tegelek gyzdyrma bişirýär ekeni. Çopan sürini suwa ýakmaga gelende ol gyzdyrmany ikisi deň-derman paýlaşyp iýýär ekenler. Bir gün çoluk gaty ajygypdyr. Bitin gyzdyrmanyň gyrasyndan döwse, gädiljek, ortasyndan alsa, oýuljak. Çoluk ahyry gyzdyrmadan çopan bilmez ýaly edip dan almagyň ebeteýini gözläpdir. Tapypdyr. Iki gezek dikligine kesipdir weli, bir barmak inlilikdäki gyzdyrma ortada galypdyr. Iki gyraky bölegi gabşyrsaňam, tegelenip durmyşyn. Ortada galan bir iýerlik gyzdyrmany lak-luk atan çoluk: "Alla jan, bir etmesiz iş-ä edendirin. Näçe ýyl bäri duz-emek bolup ýören ýoldaşyma hyýanat etmek niýetim-ä ýokdy weli, şeýtan azdyrdy-da. Özüň geçireweri, Alla jan!" diýip, doga-dileg edipdir. Onýança hemişe adamyň ahmalyny aňtap, töwereginde köw urup ýören şeýtan bir ýerden çykypdyr-da: "Eý, ynsapsyz çoluk! Bu günäni meň üstüme atma. Tegelek gyzdyrmaň ortasyndan şeýdip alyp bolýanyny senden görýänçäm, menem bilemokdym" diýenmişin. Sapaklar dürli-dürli. Ynsanam biri-birinden tapawutly. Kim durmuşdan tilkiligi öwrenýär, kim şirligi. Men şuňa haýran. Şol bir mugallymdan her hili uçurymlar ýetişýär. Olaryň ählisi hem öz şowsuzlyklarynda durmuş atly mugallymy günäkärleýär. Mugallym sapakdan soň, adatça, okuwçylarynyň birine "zehinli", beýlekisine "körzehin", ýene birine "ýalta” diýip baha berýär. Durmuş hem edil şonuň ýaly, biziň her birimize özümize mynasyp baha kesýär. Seniň özüňi aklamalaryň, başgany, şol sanda durmuşy, döwri, zamanany günäkärläniň hiç hili üýtgetjek zady ýok. Men muňa çynym bilen begenýärin. Atamyrat ORAZLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |