15:27 Tabak | |
TABAK
Edebi makalalar
Hawa, taba däl, tabak. Taba bir zatlar bişirmäge, bişirilen nahary saçaga äbermezden öň gyzdyrmaga niýetlenen gap. Tabaga bolsa taýýar nahar guýulýar, tabakda tagam äberilýär. Aslynda bu söhbetimiz tabak, çanak, okara ýa kersen hakynda däl-de, şolar ýaly nahar guýulýan, tagam äberilýän gaplary yalamak hakynda. Muny ýatladanam okyjylarymyzyň biriniň haty boldy. Ol okyjymyz "Ýalamasaň doýmarsyň" hem-de "lýip doýmadyk, ýalap doýmaz” diýen nakyllaryň biri-birine çapraz gelýändigini, olara nähili düşünjegini bilmeýändigini ýazypdyr, Göräýmäge, bu iki nakyl biri-birini inkär edýänem ýaly. Bir-ä "Ýalamasaň doýmarsyň" diýip dursa, başga birem iýip doýmasaň, ýalap doýmajagyňy tekrarlap, birden-birini dogry etjek bolyp dyzap otursa, galarsyň-da azara, haýsyna uýjagyňy, haýsyna ynanjagyňy bilmän. "Dil-edebiýat mugallymymyzdan soradym weli, ol bu çaprazlygy wagt, döwür bilen baglanyşdyrdy" diýip, okyjymyz ýazýar. Bolup biler. Döwür hemme zada öz möhürini basýar. Ol nakyllaryň hersiniň bir döwürräkde dörän bolmagam mümkin. Häzir görseň, şapbyldadyp tabak ýalap oturanam ýokdur. Her kimiň öz gaby, öz tabagy, öz çemçesi. Ýöne būtin maşgalanyň bir tabagyň daşyna üýşüp, bir kaşygy atyşyp naharlanan günlerem ýap-ýaňy dalmidi?! Agzyňa tagam, aňryňa habar baryp-barmanka-da tabagyň düýbi görner. Keminä "Hahary bissimilla gutardy" diýdirenem şolar ýalyrak ýagdaý bolmaly. Ana, şonda tapbiler maşgalabaşy naharyny alyp ýetiş- medik biriniň adyny tytar-da ata adalaty bilen: "Al palany, tabagy ýalap goýber. Nahary halalla. Tabagy ýalamak sogapdyr" diýer. Tabagy ýalan tabagy ýalany bilen edil doýaýmasa-da, doýan ýaly bolar. Iň bolmanda, sogap gazananyna begener. Halk arasynda maşgalaň, myhmanyň barynyň bir tabakdan naharlanan döwürlerinden bir topar ýomakdyr degişme-de galypdyr. Dile geldi, bile geldi. Bilýänlere ýatlatdygymyz, eşitmediklere eşitdirdigimiz bolar-da diýip, olaryň käbirini ýatlabam geçäýeliň. Orta süýtlaş äberipdirler. Öý eýesem geçipdir myhmanlary bilen tabak başyna. Tabagyň ortasyna goýlan ýumruk ýaly saryýagam eräp, tegelenip durmyşyn. Myhmanlaryň işdämenrägi obasy hakynda gürrüň beren bolup: "Biziň obamyzyň ortasyndan, ine, şunuň ýaly gös-göni ýap geçýär” diýip, ortada tegelenip duran ýagdan öz öňüne bir çyzyk çekipdir. "Şol salmaňyzam ýap diýip ulaldyp otyrsyň-aý. Ýap diýip biziň obamyzdaka aýdaýsaň. Ine, şuň ýaly" diýip, beýleki myhmanam öz öňüne oňkudanam ýogynrak çyzyk çekipdir weli, ortadaky ýagyň galanjasam onuň öňüne akypdyr. Bu zatlary sessiz synlap oturan öý eýesine: "Biziň obamyzyň ýaplaryn-a özüňizem görensiňiz- le. Ine, şular ýaly, egri-bugry, bulam-bujar" diýip, tabakdaky nahary bulap goýbermekden başga çykalga galmandyr. Myhmanlara ýüzi gyrpaklap duran mäşewe äberilişi hakynda-da bir aýtgy bar. Myhmanlaryň damagyna gyzmaragy owurtlapdyr ýaňky mäşeweden çemçesini gyrmalap. Ýüzi gyrpaklap duranam bolsa, mäşewäň gyzgyny janyndan ötüp barýandyr-da bendäň, gözünde çyg görnüpdir. Myhmanyň bisabyrlygyny aşaklyk bilen synlap oturan öý eyesi oňa näme bolýanyny sorapdyr. Her niçigem bolsa, myhman ugurtapyjy eken. "Aý, bir agyr hassamyz bardy, şo ýadyma düşdi-de bozulaýdym" diýip, sypaýçylyk eden bolupdyr. Onýança beýleki myhmanam gyzgyn mäşeweden owurdyny doldurmaga ýetişen eken. Ne ýuwdup bilýär, ne gepläp. Eýdip-beýdip owurdyndakyny bokur- dagyndan geçirýänçä, gözünden ýaş payraberipdir. Ol mazaly özüni dürsänden soň: "Be, şol hassaňyz-a amanadyny tabşyraýdy öýdýän” diýip, gözüniň ýaşyny sylypdyr. Süýtlaşyň, mäşewäň gürrüňini etsegem myhman köplenç palaw bilen hezzetlenýär. Myhmanyň üstüne myhman geläýýän gezeklerem seýrek bolmaýar. Şeýle bolandyr-da, töwereginden uzan eller ullakan tabakdaky palawy towsa göterip barýarmyşyn. Aljyran öý eýesi ogluna tabşyrýarmyşyn: "Oglum, palaw çörek bilen iýilýändir." Ogly ikisi çörege ýanap iýseler-de, myhmanlar tagamly palawy barmaklarynyň ujunda tokgalap, agyzlaryna oklap oturansoňlar, tabagyň düýbi görnüp ugrapdyr. Öý eýesi gyssanjyna ogluna azgyrylypdyr: "Çörege yanap iý diýýän men saňa!" Nähak azar berlenine jany ýanan ogly ozalam dine çörek iýip oturansoň: "Kaka, men nana ýanap iýýän-le weli, myhmanlar çöreksiz haýdap otyr-a" diýip gönüläpdir. Şondan soň-a tabakdaky nahar artybam galypdyr-la. Halk arasynda tabak bilen bagly däp-dessuram kän, nakyldyr pähimem, degişme-de ýeterlik. Geliň, indi bu gürrüňleri bir gyra goýup, okyjymyzyň sowalyna dolanalyň. "Ýalamasaň doýmarsyň" hem-de "Iýip doýmadyk, ýalap doýmaz" diýen nakyllara biri-beýlekisiniň dowamy hökmünde garamak has dogry bolsa gerek. Olaryň ikisi-de tygşytlylyk bilen bagly ýaly bolyp dur. Çünki iýip doýmasaň, iliň syrkyndysyny ýalanyň bilen doýmajagyň belli. Iýip doýmak üçinem halal zähmet çekmeli. Tabagy ýalamagyň sogapdygy hakyndaky gürrüňde-de iliň tabagyny ýalamak däl-de, öz halal gazanan zadyňy yrýa etmezlik ündelýän bolmaly. Halal gazanan zadyňy yrýa etmezlik üçinem tabagyň ýokundysynam tygşytly tutmaly. "Ýazyň ýuwundysy gyşa aş gatyk", "Kyrk gysymka gysmasaň, bir gysymka gysdyrmaz" diýipdir ata-babalarymyz. "Ýedi arkamyň iýjegini ýygnandyryn" diýip, döşüne kakanlaryň gedaý gezip ýörenlerinem görüp ýörüs. Damyp durmasa, kölem guraýar. Harsydünýäligi ündämok. Ýöne eklenç, gazanç, ýaşaýyş ugrundaky göreş hiç haçan togtadylmaly däldir. Atamyrat ORAZLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |