13:20 Tanyş | |
TANYŞ
Nukdaýnazar
Şol günem edil şu günki ýaly, gije ýagan gar daň danlar doňupdy. Ýollar sürçekdi. Men täze alan magnitofonyma guwanyp, aýdym diňläp gelýärdim. Öňümden goňşym çykdy: - Magnitafon gutly bolsun! - Aýdanyň gelsin. Ýeňiljek, amatly gördüm-de alaýdym. Bir jagyrdysam yok. - Gowy zat göreniñde belli-le. Maňa-da birjigini tapyp bersene, goňşy. - Gözläp azara galmaly däl. Dükanda satylyp dur. - Nobatyndan ýaňa gyrasyndan barar ýaly däldir-le. Tanyş-bilşiň bar bolsa... Üste bermeli bolsa-da, men bar. - Ah-ow, tanyş-da gerek däl, beýleki-de. Baryp alyp gaýdybermeli. - Wiý, heýlemi, onuň ýaly bolsa, idili zat däldir-le... Geçen asyryň segseninji ýyllarynda bolan bu söhbetdeşligi heniz-henizlerem ýatlap ýörün. Ol wagtlar tanyş-bilşiň bolmasa ýa ummasyz pul dökmeseň, göze gelüwli, yşnaklyrak zadam alyp bolmazdy, bitäýmeli möhümiňem bitmezdi. Her gezek şol zatlary ýatlanymda tanyş, tanyşlyk hakynda oýa batýaryn. Daş-töweregimizdäki adamlar iki topara - tanyşlara hem nätanyşlara bölünýär. Bir topar, tanyşlarymyzdyr, beýleki topar, nätanyşlar. Olar-da öz aralarynda bölüner gider oturar: tanyş, çala tanyş, nätanyş, ýat, ýedi ýat... Mundan aňyrsyny yzarlasak, has inçeler. Erwe Bazen: "Dostumyň dosty meniñem dostum, duşmanymyň dosty meniň duşmanym..." diýmeýärmi näme?!. "Bir goren tanyş, iki gören garyndaş" diyen ata-babalarymyz gepi juda aňyrdan aýlan bolarly. Tanyşlyk, dogrudan hem dostlugyň, garyndaşlygyň, doganlygyň gapysy. Ilki tanyş bolup, soň şol tanyşlygyň dostluga, garyndaşlyga, doganlyga ýazmagy nähili ýakymly?! Göwündeş biri bilen tanyşsaň, ruhy ýakynlygyňy duýsaň, arkalaşsaň, arkaňda agaň bar ýaly bolaýýar. Özüm-ä şeýle tanyşlaryma: "Öň niredediň? Ikimiz nämüçin öňräk tanyşmandyrys" diýesim geliberýär. Diýýänem. Tanşam, tanyşlygam hil-hil bolýar. Her gün irden işe gidenimizde ýa-da giçlik öýe dolananymyzda köplenç şol bir adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolýas. Dogrusy, biz olaryň atlaryny-da bilemzok. Käte baş atyşaýmasak, hemişe salamlaşybam ýöremzok. Şonda-da ep-esli wagtlap gabatlaşmasak, olary ýatlaýas, küýseýäs. "Iş saparyna dagy gidäýdimikä? Jany beri sagmyka?" diýip, pikir edenimizem duýman galýas. Çünki tanyş ýüzler, tanyş adamlar kalbyňy ýylydýar. Toý-märekede, duşuşyklarda: "Bu pylany!" diýip, täze adam bilen tanyşdyrýarlar. Biz muňa endik edipdiris. Ony edep kadasy hasaplaýarys. Täze tanyş - täze dünýä. Tanyşlygyň gowy tarapy başda ikiňem erkin. Göwnüňe ýarasa, tanşyp, gatnaşygyňy dowam edibermeli, ýaramasa, unudaýmaly. Unudyp bilseñ. Tanyş nätanyşlaryñ arasyndan saýlanýar. Tanşyñ nätanşa öwrülmegi... "Köne duşman dost bolmaz" diýilýändir. Ýöne tanşyň, dostuňam ýat bolmawersin! Ep-esli wagtlap görüşmedik tanşymyza duşanymyzda: "Ah-ow! Bu çakda sen nirede? Görneňok-la. Ýat bolup gitdiñ-le." diýýänem bolsak, ol ýat däldir. Tanyşdyr. Tanyş bilen iş salyşsaň, arkaýyn bolýaň. Ynanyşýaň. Möhümiň bitjegini ya bitmejegini bilýäň. Tanyşlygyň halanmaýan, tanyşparazlygyň ýazgarylýan ýerlerem-ä bar. Tanyşlar ülpet bolup, bet işiň başyny tutsa, ygtyýarly adam tanyşlaryny daşyna üýşürip, iliň hakyny iýse, elbetde, halanmaz. Ýazgarylaram. Herki zatda tanşyň bähbidini ýadyňkydan ileri tutmak ýoň bolupdyr. Biz muňa öwrenişibem gidipdiris. Muny bolaýmaly zat hasaplaýanlarymyz hem köp. Emma hakyna seredeninde, seniň natanyş diýip alagöz bilen garanyň ertir, gezegi gelende, saňa-da şeýle garamazmy?! Garasa, senem oňa adalatsyzlyk diýip bilmersiň. Diliň gysgadyr. Adalatsyzlygyň bolsa kiçisi-ulusy bolmaýar. Oglanka adalatsyzlyk sebäpli kösenen biriniň ýigit çykansoň, başga birini kösemegi bolup biljek zat dālmi?! Ýene-de bir zat barada oýlanýaryn. Adalatyň hatyrasyna tanşy-kesekini deň tutyan adam ertirki gün tanşynyň kesekä ýumşy düşäýende-de hakynyň iýilmezligi üçin şeýle edýän bolaýmasyn?! Birmahallar depegen, gapagan eşek, häsiýeti ýaramaz sygyr bazara salnanda-da "Tanyş bendäni bir çürkäýmäweriň" diýlerdi. Nätanyş saýyp çürkän bendäň bilen ertir gaýyn-guda bolup oturyberseň utanmazmyň?! Sowet döwründe agzy ýellirägiň biri: "Raýkomam tanşymdyr, obkomy-da tanaýan" diýip paňlapdyr. Şol wagtam oturanlaryň biri oňa ýumuş buýrupdyr: "Daýy, meni başlyk etsene. Raýkomyň ýeke sözüne bitýä, obkom dagy aýdaýsa-ha özleri gözläp tapýalar. Şu ýumşumy bitirseň, gadyryňy bilerin, daýy!" Sözünde beýle nagt tutularyn öýtmedik agzyýelli: "Ýegen, men raýkomam, obkomam tanaýan, arman, olar meni tananok-da" diýip ýöwselläpdir. Elbetde, tanyşdan gaçylýan ýerlerem, tanalmazlygymyzy isleýän wagtlarymyzam az bolýan däldir. ...Agşamky ýagan gar dañdana golaý doňdy. Ýollar sürçek boldy. Şu zatlaryň pikirini edip gelşime, aýagym taýyp ýykyldym. Hasyr-husur ýerimden turup: "Tanyş-biliş göräýen däldir-dä hernä" diýip, töweregime garanjakladym. Tanyş ýüze gözüm düşmänsoň, synymy kakyşdyrdym-da, ýene yola rowana boldum. Atamyrat ORAZLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |