19:54 Bähbit | |
BÄHBIT
Nukdaýnazar
Herimiz bir işe mübtela. Herimiz bir ugra haýdap barýarys. Bir ýerlere dolup gidýän awtobus ýene şol ýerden yzyna dolanýar. Özem ýene hyryn-dykyn. Ýogsa-da bizi eýläk-beýläk idenekledip ýören zat nämekä? Biz nämäniň yzynda sersepilkäk? Söýdi, höwes, borç, umyt, eklenç, güzeran... Ine, bizi öz günümize goýmaýan zatlar. Ýöne diñe bularam däl bolaýmasyn?! Ýene bir zatlar bar ýaly bolup dur. Nebismikä? Nebsiň adamlary ediberişi başgarakdyr-la. Nebsine ulag bolup, haramy, halaly dannaman ýörenler, belki, gürrüňini edeniňe-de degýän däldir. Olara il-dünüň garaýşam üýtgeşik. Ýöne sabyrly, kanagatly saýýan adamlarymyzam boş oturanoklar. Olaram garabaşlaryna gaý bolşup ýörler. "Ýatana berseň, maňa ber" diýip ýatan yok. Bolanam halananok. Ýek-tüküne duşaýsagam geňleýäs. Gije-gündiz gara nebsiniň ugrunda hallan atyp ýörenlere nebsewür, nepini bilmeýäne samsyk diýilýär. Aralykdakylary, gün-güzerany bilen gümra bolup ýörenleri işe imrikdirýän, höweslendirýän, olary sabyr-kanagata çagyrýan, gününe kaýyl edýän bir zadam-a bar. Men-ä nebsewürlik bilen biparhlygyň arasyndaky şol zat - bähbitmikä diýýän. Eger ugrajak bolup duran awtobusa ýetişmek üçin ylgaýan bolsak, bähbidimiz bardyr. Nepi degjek adam bilen gatnaşygymyzy ýygjamlaşdyrýandygymyzam, adamlary bähbitleriň ýakynlaşdyrýandygynam gizläsi iş yok. Nebsiňe çapyp ýörmeseňem bähbidiň ugrunda ylgaýmagam aýyp däl ýaly. Özümizi tijendirýän, iş-hereketimizi çuslandyrýan, adamlary biri-biri bilen ysnyşdyrýan bolsa, näme üçin bähbitden gaçmaly?! Il bähbidi, Watan bähbidi, şahsy bähbit diýen düşünjelerem bar. Elbetde, men öz bähbidiňi il-ýurt, Watan bähbidinden ileri tutmagy ündemekçi bolamok. Herki zadyň öz ýeri bolmaly. Ýöne öz bähbidini bilmeýäniň il bähbidini arap biljegine-de şübhelenýän. Adam gatnaşyklary baradaky meşhur kitabyň awtory Deýl Karnegi iş gepleşiklerinde, söwda geleşiklerinde, hatda ýöhekeý haýyş bileh baran ýeriňde-de söhbetdeşiň bähbidini ileri tutmagy, gürrüňe ilki şondan başlamagy maslahat berýär. Durmuş şaňlap duran şaýol däl. Kä işimiz şowly bolýar, käte şowsuz. Ýaşap ýörseň hemmesine kaýyl bolmaly. Kaýyl bolman nätjek?! "Boljak işe çäre ýok" diýmeýärmi könelerimiz?! Şowsuzlyga uçranymyzda, başlan işimiz başa barmasa, "Bähbit bol-a!" diýip, öz-özümizi köşeşdirýäris. Şu ýerde-de bir hikmet bar ýaly bolup dur. Şowsuzlygymyza gynanmaga derek ony ýagşylyga ýorup, bähbide bil baglaýarys. Şeýdibem, Allanyň edenine kaýyldygymyzy boýun alýarys, sabyrly, şükürli bolýarys. Hakyny gidermejek bolup hyrlap duran adamyň sähel sabyrlyrak bolsa, has köp zat tapaýmagam ahmal. Seredip otursaňyz, köplenç şeýle bolýandyram... Ir döwürde alysdaky dag obalarynyň birinde bir adam ýaşaýar eken. Ol bir gezek ýeke atyny bazara salmaly bolupdyr. Aty diýen ýerinden geçmänsoň, ol atyny sygra çalşypdyr. Soň onuň sygryna derek eşek hödürläpdirler. Ol eşegi alypdyr. Eşegi täzeje ädige, ädigi bolsa, ak telpege çalşypdyr. Ak telpegi şahyna ildiribem şadyýan halda öýüne gaýdypdyr. Ol ýolda dagdan inýän çaýyň köprüsinden geçmeli eken. Şol köprüden geçip barýarka, birden aýagy çolaşypdyr-da büdräýipdir. Täse telpegem suwa gaçypdyr. Telpek çasly suwda akyp gidipdir. Ol adam "Bäbit bolsun!" diýip, ýene ýola rowana bolupdyr. Beýleki ýolagçylar onuň bolşuna gülşüpdirler. Dagly, göwnübir ýaly, olara öz söwda edişini gürrüň beripdir. Ýolagçylar: - Dur, bakaly! Atyňy telpege çalşyp, telpegem suwa akdyryp barsaň, aýalyň seni nädäýerkä? diýşip, öňküdenem beter gylşüpdirler. - Ol seni bosagadanam ätletmez. - Meniň aýalym beýle däldir. Ol meni söýýär. Munuň üçin dagy gaşynam çytmaz. Isleseňiz, jedelem ederin - diýip, dagly arkaýyn gürläpdir. Olar jedel edip, oba ugrapdyrlar. Jedele goýlan pul bir atyň bahasyndan dagam artykmyşyn. Dagly öýüne barypdyr. Beýlekilerem daşarda durup, içerde bolýan gürrüňí diňläpdirler. - Keýwany, işler-ä oňmady. Ata hiç kim hyrydar bolmady. Onsoň men ony sygra çalşaýdym - diýip, äri gürrüňe başlapdyr. - Bolubilýä! - diýip, aýaly äriniň söwdasyny oňlapdyr.- Süýt özümizden önse, oňa ýetesi zat barmy?! Hem özümize, hem myhman-meduwana süýt-gatyk bolar. - Ýöne men ol sygry eşege çalşaýdym-da... - Oňaraýypsyň! – diýip, aýaly ýene äriniň ugrundan gopupdyr - Arkalap odun daşamadan dynan bolsak bolýar. Harazdan un getirmek üçinem ulag gerek ahyry. - Men-ä ol eşegem bir ädige berdim oturyberdim. - Allanäme! - diýip, aýaly bu söwdany hem ýagşa ýorupdyr. - Duşmana göz edip, täzeje ädikli gezersiň. Duşmanyň gözi hemişe aýagyňdadyr. - Ädigem aldym-da ak telpege çalşaýdym-da. - Nesip etsin! Indi sen täzeje telpek geýip, dostlaryň göwnüni hoşlarsyň. Dostlaryň gözi hemişe ýüzüňdedir. - Arman, telpegimem suwa gaçdy-da akdy ötägitdi-dä. - Bähbit bolsun! Öz başyň dik bolsa bes! – diýip, aýaly onuň öňüne çaý-nahar getiripdir. Şol wagtam daşarda durup, bu gürrüňleri diňlänler içerik giripdirler. Bir atyň bahasyndanam artygrak pully düwünçegem orta gütläp düşüpdir. Atamyrat ORAZLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |