09:49 Pyşyrdylar | |
PYŞYRDYLAR
Goşgular
![]() Pyşyrdylar, pyşyrdylar, Sizi çöpläp üýşürdiler, Paýladylar gapy-gapy, Şeýdip, aşa düşürdiler. Pyşyrdylar, pyşyrdylar, Sizi gaty çişirdiler, Çişirdiler ýamanñyzy, Ýagşyñyzy ýaşyrdylar. Pyşyrdylar, pyşyrdylar, Sizi juda üýşürdiler, Ýakdylar ýamanlyk odun, Soñ özleri üýşendiler. * * * Nadan najyrar eger, Çörek ýetse agzyna, Eden-etdilik eder, Emel ýetse azgyna. Hasapsyz zat ýok herne Ynsap baryn ýazarmyş. Erksizlikde ejizlän, Azatlykda azarmyş. Bir laýyk tap tapylmaz, Ne beýle sen adamzat. Horluk hem hezil bermez, Meslik berer köp azap. Bapba GÖKLEÑ. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |