11:23 Saýhally hem sada | |
SAÝHALLY HЕM SADA
Goşgular
![]() Barýan saýhally hem sada, Söküp jemendäniñ için. Ýüzümi saklap howada, Duruşy dek teneçiriñ. Zabun hem ýylçyr ýüzlerden Ýat göreçler geçýär tyrpyp. Maşyn çagyrýar gyzlardan Saýlap, sowuk gözün gypyp. Barýar biperwaý trotuar, Geçirip maşyn düzümin. Şol birsyhly gaýtalaýar Aýaklar köçe düzgünin. Ýanýar çyralar gyzyl gor, Garañky edil gara köl. Gyzyl ýandy swetofor – Gazyk bol. Dur, ýol ýok öñe barýana – Gözler göge edýär seýil. Aý hem bakyp dur nurana, Gadagan belgisi deýin. Akýar maşynlar damjalap, Damjalaryñ içi mikrob. Ýylgyrýar bir mikrob jyklap, Meniñ gözlerim mikroskop. Barýan saýhally hem sada, Söküp jemendäniñ için. Ýüzümi saklap howada, Duruşy dek teneçiriñ. * * * Nadan najyrar eger, Çörek ýetse agzyna, Eden-etdilik eder, Emel ýetse azgyna. Hasapsyz zat ýok herne Ynsap baryn ýazarmyş. Erksizlikde ejizlän, Azatlykda azarmyş. Bir laýyk tap tapylmaz, Ne beýle sen adamzat. Horluk hem hezil bermez, Meslik berer köp azap. * * * Bolmady. Ýüzüme urdular meniñ, Ümdüzime tutdum tasan mal ýaly. Mähelläñ içinde, göýä bir çölde, Gezdim adam gözläp, suwsan mal ýaly. Nirden geldi oglan başa bu höwes? Men adam gözledim, biçäre kör deý, Agyr mähelleden eşdilmedi ses, Ýogsa men gygyrdym: ”Kim bar bu ýerde?!” Birdenem mähelläñ akymna düşdüm, Ýitdim gitdim, başky höwesim gaçdy. Ejizledim. Menden zor çykdy müşgül, Ynam syndy. Şübhe gözümi açdy. Gan sowady. Karar tapdy ýürek hem. Göwräm oýa dolup ölüp galdym men. Şuny az görmäliñ birek-birekden. Mahal-mahal adam boljak boldum men. Bapba GÖKLEŇ. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |