13:56 Gel, bize goşul | |
GЕL, BIZЕ GOŞUL!
Goşgular
Sen ozal bolsañam bize ýedi ýat, Eger mergen bolsañ, gel bize goşul! Atsañ bolýar, durup at ýa ýatyp at, Eger mergen bolsañ, gel, bize goşul! Biziñ ”güllelermiz” – ýaşalýan günler. Halal zähmet çekip ýaşasañ her gün, Için tutup gezer deýýus görgüller, Şol ok-günler bilen mañlaýna bergin. Gardaş, sen olary hatasyz urgun, Boş geçen ”Günlermiz” bizi heläklär. Olara bahany ýeterlik bergin, Biziñ deýýuslarmyz heniz ýek-tük däl. Ýöne biz olary ýeñeris basym, Beýik Watanmyzda biz uly goşun! Aramyzda bir deýýusam bolmasyn, Eger mergen bolsañ, gel, bize goşul! • BU GIJЕ Bu gije – tüm gije, Garañky gije, Gaty garañky. Garañkydan gorkup, Gelenok uky – gözüme. Megerem, bu zatlar meniñ göwnüme… Bu gije – tüm gije, Garañky gije, Gara ýel topulyp, uzadýar penje, Dat edipler sandyraýar penjire. Özümem bir jüre, Turup, ot ýakýan. Oda ýakýan garañkyny. Barybir bu tümlük goýanok meni, Içim ýagtylsyn diýip, içimi ýakýan… • BAGYŞLANMA Ýalñyşar seni ýazgaran, Seniñ boljagyñ bolupdyr. Özgeren zat ýok häzirem, Seniñ boljagyñ bolup dur. Senden sap seni görmeseñ, Saña sen diýmeklik aýyp. Sen edil şahyr – ölmeseñ, Seni tanamazlar – haýp. * * * Gapyny gaty ýapmañ! Ýapmañ gapyny gaty. Gaty göreris hökman, Göreris gaty. Gapyda näme günä, Gapyny gaty ýapmañ. Yzyñdan sögerler hökman, Gapyny gaty ýapmañ. Gaty gapyda galmaz, Señ bilen gider gaty: Bir çeti seniñ bilen, Bärde galar bir çeti. Gapyny gaty ýapmañ, Ýapmañ gapyny gaty. Nähak janyñy ýakýañ, Galmaz gatyñ bir çeti. Gatyny gapa ýapmañ, Gaty ýapmañ gapyny, Gowsy gapyny ýapmañ, Gap ýapyny! * * * Serçeden gorkan dary ekmez, Serçeden gorkmaz dary eken. Darykmañ dary ekip, Serçeden gorkmaýan bar eken. Serçe-de bolsa sençedir, Sençeden gorkan serçedir. Sen bilen serçe – birjedir, Tapawut – sähelçedir. Serçeden gorkan dary ekmez, Serçeden gorkmaz dary eken. Darykmañ dary ekip, Serçeden gorkmaýan bar eken. Serçeden gorkan sençedir, Serçeden gorkmaz dary eken. Serçeden gorkan ençedir, Serçeden gorkmaly däl eken. * * * Gowy bolmak islegi Bolsa göwün-töründe, Goý, gobsunsyn ýüregi, Gowyny her görende. Gowy arzuw oýanýar, Duşsañ gowy adama. Gowy bolsañ gowy bor, Gowulykdan ýadama. Kämillik kem-kem geler; Ýok gowy bolup doglan. Howlukma, señkem bolar, Gowyny görüp, gowlan. Kyn görme, gowy bol sen, Adamzada rehim et. Gowy bor, gowy bolsañ, Dogan, ataña rahmet. *** Görer gözleriñ görmese, «Göreýin» diýip, görüp bolmaz, Içiñde janyñ bolmasa, «Jan bereýin» diýip bolmaz. Aýaksyz alys menzile Arzuw bilen ýetip bolmaz. Sen nagt bagt gözleme, Bagt guş däl, tutup bolmaz. Ýürekde uçgun bolmasa, «Ýanaýyn» diýip, ýanyp bolmaz. Jana il derdi ýoluksa, Bu dertden dynyp bolmaz. Bapba GÖKLEŇ. | |
|
√ Köňülge boldy ajaýyp bela / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |