GEÇMIŞDE YZ GOÝAN BELLI ŞAHSYÝET
XI asyrda ýaşap geçen, seljuklaryň Horezmdäki dikmesi Anuştegin Gur şanyň esaslandyran uly bolmadyk oguztürkmen döwleti asyrlar aşyp, Orta Gündogarda kuwwatly uly döwlete öwrüldi. Anuşteginiň nebereleri Beýik Horezmşalary diýlip atlandyrylmaga başlanyldy, olaryň paýtagty bolsa gadymy Gürgenç (häzirki Köneürgenç şäheri) boldy.
Köneürgenç türkmenleriň döwleti Orta Aziýany we musulman dünýäsiniň ep-esli bölegini özüne birikdiren döwlet bolupdyr. Bu döwletiň hökümdarlary ajaýyp kitaphanalary döredipdirler. Bu döwürde ýurtda ylmyňbilimiň we medeniýetiň ösüşi öňki eýýamlardan kem bolmandyr. Köneürgenç türkmenleriň döwletiniň hökümdarlyk eden döwürlerinde zehinli şahyrlaryň ençemesi çeper döredijilik bilen meşgullanypdyrlar. Olardan şahyr Reşideddin Watwat Horezmşa Ilarslanyň köşgünde kätip bolup, ajaýyp rubagylaryny, şygyrlaryny döredipdir.
Reşideddin Watwatyň doly ady Sagdulmülk Reşideddin Muhammet Ibn Muham met Abdyjelil Omary Balhydyr. Şahyr örän dilewar hem ýiti sözli bolupdyr. Muny şeýle waka hem tassyklaýar: Bir gezek Köneürgenç türkmenleriniň hökümdary Atsyzyň mejlisinde Reşideddin öz garşydaşy bilen şeýle bir ýiti, çeper sözler arkaly jedele girişýär. Hökümdar müçesi kiçi bolan bu kişiniň bular ýaly owadan, çeper sözler tapýa nyna haýran galyp synlap durupdyr. Reşideddiniň öňünde syýa çüýşe bar eken. Atsyz degişip: «Syýa çüýşäni aýyr, aňyrsynda kim bardygyny bir göreli!» diýipdir. Bu sözleri eşiden Reşideddin: «Adam öz iň kiçijik iki bölegi — ýüregi we dili bilen tanalýandyr» diýen arap nakylyny aýdypdyr. Onuň ýitiligine, çeper we manyly sözler bilişine Atsyzyñ göwni ýetipdir.
Reşideddin Watwat takmynan 10801081nji ýyllarda doglup, 1177–1178nji ýyllarda (käbir maglumatlarda 1182nji ýylda) dünýäden ötüpdir.
Reşideddin Watwatyň ýaşlyk ýyllary hakynda maglumat az. Reşideddin Watwatyň öz döwrüniň örän ylymly adamlarynyň biri bolup ýetişmeginde seljuk hökümdarlarynyň meşhur weziri Nyzamylmülkiň Balhda gurduran «Nyzamyýe» atly medresesiniň ähmiýeti uludyr. Bu medresede öz döwrüniň meşhur ylymlary, hususanda arap dili kämil derejede öwredilipdir. Aýratynam Watwaty arap dilinden okadýan alym Abu Sagyt Harawy onuň gowy bilim almagynda köp yhlas edipdir. Bu hakda Watwatyň Abu Sagyt Harawa ýazan hatynda agzalýar. Şahyryň bu haty Ýakut Hamawynyň «Mugjamul ulaba» kitabynda getirilipdir. Kämil bilim alan Watwat arap dilinde goşgy ýazyp, arap dilindäki goşgusyny ýüzugra pars diline terjime etmegi başarypdyr.
Reşideddin Watwat Köneürgenç türkmenleriniň hökümdary Atsyzyň köşgünde 30 ýyllap işläpdir. Watwat köşkde işlänem bolsa ol Zamahşara ýazan hatynda özünüň bu ýere gelişi hakynda «Allanyň goňşusynyň goňşusy» ýagny, Zamahşarynyň goňşusy bolmak üçin gelendigini aýdýar. Şu kitapda hemWatwatyň Zamahşara ýazan hatlarynyň biri ýerleşdirilipdir. Şol hatda hem şahyryň Zamahşara bolan uly hormatyny görmek bolýar.
Reşideddin Watwatyň Gürgençde baý kitaphanasynyň bolandygyny N.Rahimi tassyklapdyr. A.Ykbal bolsa Watwatyň kitaphanasy barada şeýle maglumatlary beripdir: «Reşit uly höwes bilen seýrek duş gelýän kitaplary ýygnapdyr. Ol bütin ömrüni kitaplary göçürip, köpeltmäge bagyşlap, bu ugurda uly işler bitiripdir. Eline düşen her bir goşgyny ýada kitaby ol, ilkinji nobatda, olaryň asyl nusgalary bilen deňeşdirip ýalňyşlaryny düzedipdir. Şeýle kitaplaryň müňlerçesini soň öz kitaphanasyna tabşyrypdyr». Watwatyň kitaphanasy bir asyra golaý wagtyň dowamynda Gürgenjiň ilatyna hyzmat edipdir.
Watwata degişli maglumatlarda onuň dili duzly, dilewar, ýöne ýiti zehinli adam bolandygy bellenilýär. Zakariýa Kazwiniň «Asarul bilad» kitabynda getirilýän maglumatlarda Atsyzyň Watwata aýratyn hormat goýandygy, onuň bilen kän bir aýra gez mändigi, hatda öýündekäde penjireden gürleşip durar ýaly onuň jaýyny öz jaýynyň garşysynda gurdurmagy buýruk berendigi aýdylýar. Bir gezek Watwat penjireden seredip duran eken. Soltan ony görüpdir we oňa: «Eý, Reşit, men seniň penjiräňden bir möjegiň kellesini görýärin» diýipdir. Reşit oňa şeýle jogap beripdir: «Eý patyşahym, seniň görýäniň möjegiň kellesi däl, ol meniň penjirämde oturydylan aýna». Soltan onuň jogabyndan hoş bolup hahahaýlap gülüpdir. Aýdylyşyna görä, Watwatyň kellesi şyr takyr bolupdyr. Emma Watwatyň ötgür sözlerinden jany ýanyp, göwni galanlar örän köp bolupdyr. Hatda olaryň arasynda şalar, soltanlar hem bar eken. Seljuk türkmen döwletiniň hökümdary Soltan Sanjar hem şolaryň biri bolupdyr. Bu hakda Alaeddin Ata Jüweýniniň «Taryhy Jahanguşa» atly kitabynda gyzykly gürrüň berilýär: Soltan Sanjar uly goşun çekip, hemä temmi bermek, hemem terbiýe bermek maksady bilen 1147nji ýylda Köneürgenç türkmenleriniň hökümdary Atsyzyň üstüne ýöriş edýär. Ol Atsyza degişli uly berk galalaryň biri bolan Hazarasp galasyny iki aýlap gabawda saklaýar. Hazarasp galasynyň ady «müň at» diýen manyny aňladýar. Şol ýörişde şahyr Enweri hem Soltan Sanjaryň ýanynda bolupdyr. Enweri bu ýörişe bagyşlap, bir rubagy döredipdir we ony Soltan Sanjara görkezipdir:
[i]Eý şahym, jahanyň mülki seniňki,
Döwlet ykbal kesbi ilki seniňki,
Bu gün Hazaraspy eýele — ertir
Horezmde ýüz müň ýylky seniňki.[/i]
Bu rubagy soltana örän ýarapdyr. Şonuň üçin Soltan Sanjaryň buýrugy bilen bu rubagy bir kagyza ýazylyp, kagyzy hem bir peýkamyň ujuna dakyp, ýaýdan galanyň içine atýarlar. Horezmli nökerler bu haty derrew Atsyza görkezýärler. Şonda Atsyzyň ýanynda gezip ýören şahyr Reşideddin Watwat Enweriniň rubagysyna şeýle jogap ýazypdyr:
[i]Şahym, ýagyň Rüstem bolup gelse-de,
Zor boldugy, eşek alyp bilse-de.[/i]
Köneürgenç türkmenleriniň şasy Atsyz hem bu jogaby bir peýkamyň ujuna sanjyp, ony Soltan Sanjaryň goşunyna tarap atdyrýar. Bu jogaby Soltan Sanjara ýetirip, ony ýazanyň Watwatdygyny aýdypdyrlar. Hatda Soltan Sanjar, eger ony ele salsa, göwresini ýedi tike etjekdigini kasam edýär. Soltan Sanjar ahyry Hazaraspy eýeleýär. Watwat Soltan Sanjardan gorkusyna köp wagtlap gaçyp, gizlenip gezipdir. Iňsoňundada ol Soltan Sanjaryň diwany nyň başlygyMuntejibeddin AdyibnAhmediň goldap, arada durmagy bilen ölümden halas bolýar. Ol şeýle bolupdyr: Bir gün Soltan Sanjaryň mejlisinde söhbet wagtynda Watwat hakyndada gürrüň edilipdir. Şonda Muntejibeddin şeýle diýipdir: — Eý, şahym! Eger kabul etseň bir haýyşym bar!
Soltan onuň haýyşyny bitirjekdigini söz berýär. Şonda Muntejibeddin şeýle diýipdir:
— Watwat bir ejizje guşdur. Ony ýedi tike edip boljak däl, eger buýruk bolsa, ony iki tike etseler.
Bu söz oňa hoş ýarapdyr we gülüpdür. Ol Watwatyň günäsini geçipdir. Reşideddin Watwat öz döwrüniň Enweri, Hakany, Edip Sabyr ýaly belli şahyrlary bilen ýakyn edebi hyzmatdaşlyk saklapdyr. Şahyryň Hakana, Edip Sabyra bagyşlap ýazan öwgi goşgulary onuň diwanynda orun alypdyr.
Arap we pars dillerini suwara bilen Reşideddin Watwat bu dillerde köp sanly ajaýyp eserleri bize miras goýup gidipdir. Şonuň 21 sanysynyň ady belli bolup, ondan 19 sanysy biziň döwrümize gelip ýetipdir. Olar esasan aşakdakylardyr:
1. Pars dilinde ýazan goşgularynyň diwany. Şahyryň parsça ýazan goşgulary sekiz müň bäş ýüz beýde golaý bolup, diwany hut onuň özi tertibe salypdyr.
2. Arap dilinde ýazan goşgularynyň diwany.
3.«Akbarulafkar firrasail walaşar» («Goşgulardaky we hatlardaky özboluşly pikirler»).
4. «Araisulhawatir wanafaisunnawadir» ( Dana sözler we seýrek şorta sözler»). Bu eser arap dilindäki 25, pars dilindäki 25 namany öz içine alýar.
5. «Rasailul arabi» («Arap namalary»). Şahyryň Atsyzyň agtygy Soltanşa Mahmyda bagyşlanan bu eseri 11561173nji ýyllaryň aralygynda düzülipdir.
6. «Garaibulkilam fi ragaibulhikam» («Seýrek sözler we gerekli akyllar»).
7. «Gurarulakwal wadurarul amsal» («Mynasyp aňlatmalar we paýhas dürdäneleri»).
8. «Al kilam annasiha walhikam assaliha» («Öwüt sözleri we hikmetlerdir paýhaslar»).
9. «Mafatihulhikam wamasabih azzulm» («Akyl açary we tümlük çyrasy»). Bu eser pars dilinde ýazylan.
10. «Munýýatulmutakallimin, wagunýatulmutaalimin» («Söz ussadynyň maksady we alym kişileriň gaçybatalgasy»).
11. «Ukudullaali wa suudullaýali» («Merjen zynjyr we şowly gijeler»). Bu eser heniz tapylanok.
12. «Matlub kull talib min käläm amirulmuminin Ali ibn Abu Talib» («Möminleriň emiri Aly ibn AbuTalybyň paýhasly sözlerini öwrenýän her bir kişä zerur sözler») . Bu eser pars dilinde bolup, onda dördünji halyf Alynyň sözleri goşgy we kyssa bilen getirilýär.
13. «Faslul hitab min käläm amirulmuminin Omar ibn Hattab» ( «Möminleriň emiri Omar ibn Hattabyň aýdan pähimlerinden parçalar»). Eseriň parsça terjimesi hem bar. Goşgy we kyssa bilen ýazylan. Reşideddin Watwat bu eseri Atsyzyň ogly Abul Fatha bagyşlapdyr.
14. «Tuhfatussadik ilassadik min käläm amirul muminin Abu Bakr Syddik» («Möminleriň emirleriň Abubekr Syddyhyň pähimlerinden dostuň dosta peşgeşi» ).
Goşgy we kyssa bilen ýazylan bu eseriň parsça terjimesi hem bar.
15. «Unsullahwan min käläm imamul muminin Osman ibn Afan» («Möminleriň ymamy Osman ibn Afanyň pähimlerinden gamly köňüllere teselli»).
Bu eser Atsyzyň agtygy Abulkasym Mahmyda bagyşlanypdyr.
16. « Jowahyrulkaland wa-zawahirat faraid» («Gymmat bahaly zynjyr we ajaýyp pähimler»). Meşhur adamlaryň sözleri we nakyllar.
17. «Nukuduz — zawahir waukudul jowahyr» («Ajaýyp teňňeler we gymmatbahaly zynjyr»).
18. «Risalatul arud» («Aruz hakda nama»). Arap we pars goşgularynyň 29 ölçegi hakda ýazylan uly bolmadyk risala.
19. «Badaýa at tarsiat warawaýa attasjiýat» («Tarsiniň gudraty we tasjiýäniň ajaýyplygy»). Bu kitap Atsyzyň ogly Abu Dawut Süleýmana bagyşlanypdyr.
20. «Risalat tahsifat» («Taswihat hakynda risala»). Bu eser tapylanok.
21. «Hadaikussihr fidakaikuşşiir» (Şygryýetiň inçeligindäki jadylar bagy»). Watwatyň «Resmi hatlar» kitaby hem meşhur kitaplaryň biridir. Kitapdaky hatlar, esasan, Köneürgenç türkmenleriniň hökümdarlygyna, has takygy, Atsyzyň agtygy soltan Mahmyda degişli hatlardyr. Bu hakda Watwat eseriň girişinde şeýle belläpdir: «Men Şa Muazzam Alym Adyl Mueýýit Muzafar Mansur diniň we dünýäniň beýik ynsany, yslamyň we musulmanlaryň täji, şalardyr soltanlaryň iň beýigi, döwletiň sütüni, milletiň parlak ýyldyzy, ymmatyň buýsanjy, älemiň nur saçýan güni, ýeňilmezek şa Abulkasym Mahmyt ibn Mälik Ilarslan Ibn Atsyzyň edýän işlerini görüp, onuň resminamalaryny jemlemegi ýüregime düwdüm. Goý, Allatagala onuň ömrüni uzak, işini rowaç, abraý-derejesini belent etsin, pajarlap ösýän ägirt uly döwletine buýsansyn, kakasynyň, atasynyň döwletli işlerini dowam etdirsin, eden işlerinde atababalarynyň geçen ýoluna salgylanyp tejribe toplasyn, soňky nesline ýagşy ýol salgy bersin we ýagşy ýatlamalar galdyrsyn! Bu hatlary ýazan dilewarlaryň dilewary, ähli kätipleriň şasy, Magryp we Maşrykda uly abraýa eýe, dile çeper Horasanyň täji Reşideddin Abubekr Muhammet ibn Muhammet ibn Abdyjelil Omary Balhydyr. Goý, Allatagala onuň ömrüni uzak etsin! Horezmşanyň huzurynda abraýyny gorasyn, Beýik Allatagala ony halypanyň huzurynda hyzmat etmäge ýetirsin, onuň hyzmat eden döwletiniň bin ýady we sütünleri berk bolsun! Şäherlerini gülledip ösdürsin, raýatlarynyň şatlygynyň, rysgaldöwletiniň çägi bolmasyn!»
Bular jemi 112 sany hatdan ybarat bolup, olaryň köpüsi Köneürgenç türkmenleri niň hökümdarlaryna degişli hakyky resminamalardyr. Hatlaryň belli bir bölegi Bagdat halyfyna we onuň wezirlerine ugradylan hatlardyr. Bulardan başgada ýerli häkimlere, belli şahsyýetlere ýazylan hatlar bar. Reşideddin Watwat bu hatlary 1156-1173nji ýyllaryň arsynda ýazypdyr. Reşideddin Watwatyň bu hatlary diňe bir Köneürgenç türkmenleriniň hökümdarlarynyň ýada şahyryň öz durmuşyny däl, eýsem, XII asyrdaky türkmen durmuşyny, onuň syýasy, ykdysady we medeni taraplaryny has giňişleýin öwrenmekdede örän ähmiýetli we ygtybarly resminamalardyr.
Kuwwat JUMALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.
Taryhy şahslar