GOJA ÝAŞLY JUWAN NOWRUZ
Milli bahar baýramy ruhy terbiýäniň we ruhy gözelligiň baýramydyr. Bu ajaýyp baýram häzirki döwürde döwrebap mazmun bilen baýlaşdyrylyp, täze derejä çykdy. Onuň bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilmegi we ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy uly buýsançdyr. 2010-njy ýylyň fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Eýranyň we Owganystanyň başlangyjy esasynda ýörite Rezolýusiýa kabul edilip, her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Milli bahar baýramy döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, şeýle hem Merkezi Aziýadan başlap, Balkan hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlaryna çenli bolan aralykda ýaşaýan halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde ykrar edildi.
Hormatly Prezidentimiz: «Adamzadyň medeni-ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan Abu Reýhan Biruny, Alyşir Nowaýy, Magtymguly Pyragy ýaly dünýä meşhur akyldarlaryň eserlerinde Nowruzyň keramatly we täzeleýji güýji belentden wasp edilýär. Omar Haýýamyň «Nowruznama» kitaby bolsa bütindünýä medeni mirasynyň baýlaşmagyna uly goşantdyr» diýen sözleri milli baýramyň taryhy köklerinden habar berýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda türkmen halkynyň edebi mirasyna degişli köp sanly golýazmalar, gadymy taryhy çeşmeler saklanýar. Ol golýazmalarda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly däp-dessurlary, şanly baýramlary hakda hem ygtybarly maglumatlaryň üstünden baryp bolýar. Şeýle eserleriň biri hem Abu Reýhan al-Birunynyň eserleridir. Alymyň «Öten nesillerden galan baky ýadygärlikler» atly eserini arap dilinden terjime etmek bize miýesser edipdi. Şonda bu eseriň içinde halkymyzyň milli Nowruz baýramy hakynda hem täsin maglumatlaryň üstünden barypdyk. Iň irki döwürlerde Nowruz baýramynyň bellenilişi baradaky maglumatlara Abu Reýhan al-Birunynyň «El-Asarulbakyýe anil-Kurunil-haliýe» atly eserinde duş gelmek bolýar. Bu eserde Nowruz bilen bagly birnäçe täsin rowaýatlar hem getirilýär. Şol rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, Süleýman pygamber ýüzügini ýitirip, şalygyny elden giderýär. Kyrk gün geçensoň, ýüzük tapylýar we şalygyna täzeden eýe bolýar. Muny gören adamlar: «Nowruz geldi», ýagny «Täze gün geldi» diýipdirler. Şeýlelikde, şol güni Nowruz diýip atlandyrypdyrlar.
Ata-babalarymyz Nowruz günlerinde Nowruznamalar bilen patyşalary, il-halky gutlapdyrlar. Bu däp, aýratyn-da, Türkmen-seljuk we Türkmen-osman nesil şalyklarynda has rowaç bolupdyr. Türki halklarda Nowruz güni ýylyň ilkinji güni hasaplanyp, oňa Ulus-iliň uly güni ýa-da Ulus güni adyny berer ekenler. Şol gün sowuk we garaňky gije ýerini ýagty we yssy gündiz bilen çalyşýar. Türkmen halky Nowruz gününi Ýer ýüzüne mähir-muhabbetiň, şatlygyň çaýylýan güni hasaplaýarlar. Iň arassa we täze eşiklerini geýip, bir depä çykyp, Güni garşylaýarlar. Nowruz gününde Gün dogup-dogmanka, oňa tagzym bilen salam beripdirler. Täze Güni mähir we söýgi bilen garşy alypdyrlar. Şol ýylyň gowy we hasylly, bereketli, ýagynly ýyl bolmagy üçin gaplary süýt, aýran, gymyz, bugdaý, arpa, dary bilen doldurýarlar.
Bu meşhur baýram hakynda milli mirasymyz bolan gadymy golýazma eserlerimiziň birnäçesinde ýatlanyp geçilýär. Nyzamylmülk «Syýasatnama» eserinde Nowruzyň täze ýyldygy we onuň aýratynlyklary barada agzap geçýär. Mahmyt Kaşgarly hem özüniň «Diwany Lugat-et türk» atly eserinde Nowruzyň täze ýyldygyny belläp geçýär. Şeýle-de haýwan atlary bilen baglanyşykly senenamanyň başlangyjynyň 21-nji martdan başlanýandygyny belleýär.
Omar Haýýam «Nowruznama» atly eserinde hem bu baýram hakynda gürrüň edýär. Hoja Abu Termizi, Abu Reýhan Biruny, Rabguzy, Abdyrahman Jamy, Fizuly, Nowaýy we başga-da ençeme şahyrlar Nowruzy wasp edipdirler.
Nowruzyň buşlukçysy hökmünde «Äşe-Patmanyň aşy» ady bilen meşhur bolan semeni bişirilýär. Nowruz Gündogaryň iň gözel baýramçylyklarynyň biridir. Nowruz her bir adamyň ýüregini joşdurýar.
Milli bahar baýramy diňe bir tebigy esaslary däl, däp-dessurlary, urp-adatlary, yrymlary we ynamlary hem-de baý medeni mirasy, ruhy dessurlary özünde jemleýär. Ol täzelenişiň, terligiň, parlaklygyň, açykgöwünliligiň, agzybirligiň baýramy hökmünde görülýär. Ýurdumyzyň çar künjünde uludan bellenýän baýramçylyk çärelerinde bu hakykata göz ýetirmek mümkin. Her ýerde atarylýan gazanlar, çagalaryň şadyýan sesi, milli oýunlary we tanslary ýerine ýetirişleri, bagşy-sazandalaryň sährany ýa-da oba-kentleri ýaňlandyryp duran joşgunly owazlary,.. garaz, hakyky toýa mahsus şatlyk-şagalaň bilen gurşalýar. Nowruz baýramynda halkymyzyň milli däp-dessurynda bar bolan gymmatlyklaryň ählisi hem ýerine ýetirilýär. Uludan ýakylýan Şaman ody bu baýramyň aýratyn bezegi. Baýramçylykda däp bolan tomaşalar hem köpüň ünsüni çekýär. Ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar baýramçylyga täsirli zynat çaýýar. Halk senetçiliginiň önümleri, haly, zergärçilik we küýzegärçilik sungatynyň önümleri, milli nagyşlar giňden görkezilýär. Bu zatlaryň ählisi halkymyzyň baý gadymy taryhyna gezelenç etmek bilen birlikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli-ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan beýik sarpany aýdyň görkezýär.
Kakajan JANBEKOW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi.
Edebi makalalar