ŞANLY GEÇMIŞ
Orta asyr taryhy çeşmelerde Horezm ýa-da Gürgenç ady bilen tanalan Köneürgenç Türkmen döwleti dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Bu gadymy toprak asyrlaryň dowamynda ençeme medeniýeti we syýasy ýagdaýy başdan geçirdi. Horezmiň bol suwly Amyderýanyň kenarynda ýerleşmegi, bu ýerlerde ýaşaýşyň emele gelip, iri şäherlerdir galalaryň we obalaryň döremegine getirdi. Eýýäm biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllygyň ortasynda Gadymy Gürgenç Merkezi Aziýanyň esasy syýasy, ykdysady we medeni merkezleriniň birine öwrülendigini. Milli Liderimiziň bu döwür hakyndaky buýsançly sözleri hem tassyk edýär: «Horezm-ürgenç siwilizasiýasynyň bäş müň ýyllyk taryhy, dünýä derejesinde ykrar edilen baý arheologiýa we binagärlik ýadygärlikleri bar. Merkezi Aziýada iň beýik binalaryň biri bolan Gutlug Teýmiriň minarasy, owadan gümmezi bilen seleňläp oturan Törebeg hanymyň mawzoleýi, Il Arslanyň, Nejmeddin Kubranyň, Tekeşiň, Soltan Alynyň, Pirýar weliniň kümmetleri, galadyr şäherleriň, kitaphanalaryň, kerwensaraýlaryň yzlary, bürünç eýýamyndan tä XIII asyra çenli döwri öz içine alýan gymmatly arheologik tapyndylar, arap, pars, hytaý, ýunan, iňlis, nemes, rus dillerindäki taryhy çeşmeler, ylmy işler — gadymy Ürgenç şalygynyň öz döwründe Ýewraziýa sebitiniň iň iri döwletleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär». Taryhyna ser salsak, bu toprakda birnäçe nesilşalyklar emele gelip, ençe-ençe hökümdarlar höküm sürüpdir.
Orta asyrlarda ilki Gaznalylaryň, soňra bolsa Seljuk nesilşalygynyň düzümine giren Horezm ylmy merkezleriň biri boldy. Olar ýyl-ýyldan öz täsirini güýçlendirýärler. XII-XIII asyrlarda Horezm Gündogarda iň uly döwletleriň birine öwrülýär. Belli taryhçylar Yzzeddin ibn Esir, Abulfida ibn Kesir, Atamälik Jüweýni, Muhammet ibn Wasyl we Şyhabeddin Nesewi ýaly alymlar özleriniň eserlerinde Gadymy Gürgenji buýsanç bilen ýatlaýarlar. Geşmişe ser salsak, Gürgenjiň adynyň taryhy sahypalarda öçmejek yz galdyrandygyna göz ýetirýäris. Köneürgenjiň taryhyny çeşmelere we arheologik gazyp agtaryşlara daýanyp öwrenen adamlar az däldir. Olardan türk alymlary I. Kafesogluny, M. Gurbuzy, azerbaýjan alymy Z. Bunýatowy, rus alymlary S. Tolstowy, W. Pilýawskini, türkmen alymlary N. Halymowy we H. Ýusupowy ýatlap geçsek, has dogry bolar. Bularyň aglabasy öz işlerinde hökmany suratda Reşideddin Watwaty we onuň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşmelerini ýatlap geçýärler.
Reşideddin Watwatyň doly ady Sagdulmülk Reşideddin Muhammet ibn Muhammet Abdyjelil Omary Balhydyr. Şahyr örän dilewar hem ýiti sözli bolupdyr. Reşideddin Watwat takmynan 1080-81-nji ýyllarda Balh şäherinde doglup, 1177-78-nji ýyllarda Horezmde dünýäden ötüpdir.
Arap we pars dillerini suwara bilen Reşideddin Watwat Atsyzyň köşgünde birnäçe ýyllap işläpdir we hökümdaryň diwanynyň başlygy derejesine çenli wezipä ýetipdir. Atsyz ony özüne has ýakyn saýyp, hiç ýanyndan aýyrmandyr. Köp alymlar öz eserlerinde Reşideddin Watwatyň ähli Horezmşalaryna hyzmat eden döwrüni 30 ýyl diýip belleýärler. Emma Horezmşalarynyň ýaşan döwrüne ser salsak, onda Atsyz 1127-nji ýylda Gürgenç hökümdarlygynyň tagtyna çykýar. Ol 30 ýyl höküm sürüp, 1156-njy ýylda aradan çykýar we onuň ýerine ogly Il Arslan gelýär. Ol hem tä 1172-nji ýyla çenli hökümdarlyk edýär. 1172-nji ýylda az wagtlyk Il Arslanyň kiçi ogly Soltanşa Mahmyt Gürgenç hökümdarlygyna gelýär. Emma şol ýylda ýagny 1172-nji ýylda eýýam Il Arslanyň uly ogly Alaeddin Tekeş hökümdarlyk tagtyny eýeleýär. Reşideddin Watwat Atsyz hökümdarlyk tagtyna çykandan bir ýyl soň, onuň ýanynda kätip wezipesinde işe durýar. Diýmek, 1128-1172-nji ýyllar aralygyny alsak, onda onuň 44 ýyl Horezmşalaryna hyzmat etdigi bolýar. «Pars edebiýatynyň ensiklopediýasy» atly kitapda Reşideddin Watwatyň 41 ýyl horezmşalaryna hyzmat edenligi hakda aýdylýar.
Atamälik Jüweýniniň «Älemi eýeleýjiniň taryhy» atly kitabynda şeýle waka beýan edilýär: «Tekeş 568-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň dördünji aýynyň ýigrimi ikisinde hepdäniň duşenbe güni Horezme girýär we şalyk tagtynda oturýar. Şahyrlar we hutbaçylar ony mübärekläp, şygyr we hutba aýdýarlar. Tekeşiň ata-babalarynyň hyzmatynda segsen ýaşa ýeten Reşideddin Watwaty tagty-rowanyň üstüne mündürip, Horezmşa Tekeşiň huzuryna getirýärler. Watwat aýdýar: «Her kim öz ukybyna laýyklykda gutlady. Men bolsa süýeklerimiň gowşamagy we ýaşymyň könelişmegi zerarly, gutlamak üçin ýazan şu rubagym bilen çäklenýärin:
Ataň iliň ýetmezini ýetirdi,
Kakaň adyllykdan işler bitirdi.
Bagtyň çüwüp, saňa döndi Soltanlyk,
Indi näme etseň et, nobat seniňki.
Tekeş atasy Atsyzyň hormatyna Reşideddin Watwata diwanyň başlygy wezipesini hödürleýär, emma ol ýaşynyň uludygy we saglygynyň gowşandygy üçin, Tekeşden ötünç sorap, bu wezipeden boýun gaçyrýar. Reşideddin Watwat garrasa-da, Tekeş ony her wagt ýanyna çagyryp, halat-serpaý ýapyp durupdyr we alymlardyr şahyrlaryň mejlisine gatnaşdyrypdyr.
Reşideddin Watwatyň şan-şöhraty öz ýaşan ýurdunda belli bolman, eýsem onuň çäginden has daşary ýaýrapdyr. Jemaleddin Mumahammet ibn Muhammet Awfynyň alym Dawut Orazsähedow tarapyndan terjime edilen «Lubabul albab» (Naýbaşy akyldarlar) atly kitabynda şeýle diýilýär:
«....ähli yklymlaryň Horezme gözleri gidýärdi. Horezmiň şasy bu ülkede akyldarlara hormat-sylag goýýardy we çeperçilik harydynyň hyrydarydy. Döwlet diwanynyň başlygy — alym Reşideddin Watwat onuň hyzmatynda işläpdir».
Bu akyldara hökümdarlar Atsyz, Il Arslan, Soltanşa Mahmyt we Tekeş uly hormat goýupdyrlar hem-de onuň bilen söhbetdeş bolar ekenler. Olaryň aralarynda bolup geçen söhbetdeşlikleriň sany-sajagy ýokdur. Zekeriýa Kazwininiň «Asarul bilad» kitabynda getirilýän maglumatda Atsyzyň Watwata aýratyn hormat goýandygy, onuň bilen köplenç bile gezendigi, hatda öýündekä-de, penjireden gürleşip durar ýaly, onuň jaýyny öz jaýynyň garşysyndan gurdurmagy buýruk berendigi hakda aýdylýar. Bir gezek Watwat penjireden seredip duran eken. Soltan ony görüpdir we oňa: «Eý, Reşit, men seniň penjiräňden bir möjegiň kellesini görýärin» diýipdir. Ol şeýle jogap beripdir: «Eý, patyşahym, seniň görýäniň möjegiň kellesi däl, ol meniň penjirämde oturdylan aýna». Soltan onuň jogabyndan hoş bolup ha-ha-haýlap gülüpdir. Aýdylyşyna görä, Watwatyň kellesi şyr takyr bolupdyr.
Jemaleddin Mumahammet ibn Muhammet Awfy «Lubabul albab» atly eserinde şeýle ýatlamany getirýär: «Men Horezmde bolup ýörkäm, döwlet kätibi Ymameddin Debirden (Ymameddin Debir — onuň doly ady Ymameddin Mueýýit ibn Ahmet Isfiraýyny bolup, ol Alaeddin Muhammet Horezmşanyň ýörite kätipleriniň biri bolupdyr) şu gürrüňi eşitdim: «Gyş paslynda agşam çaglary SoltanTekeş meýlis gurady. Şol meýlisde zer guşaklar ösümlik dek billeleri we boýunlary bezeýärdi, desterhan süýji-nabat, aýwa, armyt ýaly miwe-meýizlerden doludy. Semiz towuklar syhlarda aýlanýardy, dürli-dümen lezzetli tagamlar yzy üzülmän gelip durdy. Soltan meýlisden lezzet alyp bilmän, tukat halda oturyp, kätip Reşideddini çagyrmaklaryna buýruk berdi. Reşideddin gelip, meýlise gatyşdy. Reşideddin Watwatyň dili duzly, dilewar, ýöne ýiti zehinli adamdygy hemmä bellidi» diýip belleýär. Aýtmaklaryna görä, kätip Reşideddin Watwatyň akyldarlyk at-owazasy jümle-jahana ýaýran wagty soltan Sanjar Horezmşa Atsyza hat ýazyp, ondan bu kätibi öz huzuryna ibermegini isläpdir. Reşideddin soltan Sanjaryň ýanyna gelip, soltanyň şanyna birnäçe öwgüli kasyda aýdansoň, soltan Sanjar ýanyndakylara ýüzlenip: «Serediň, ol Horezmşa Atsyzyň hyzmatynda näçe hak we girdeji alýan bolsa, oňa şonuň iki essesini beriň we ony kätipleriň hatarynda galdyryň» diýýär. Soltan Reşideddin Watwata şular ýaly sarpa goýansoň ol soltany taryplap, diýseň çeper kasyda düzüpdir. Ony dessine soltana okap beripdirler. Soltan ondan näme isleýändigini sorapdyr. Ol:
– Men sizden maňa öz hojaýynymyň huzuryna gaýdyp barmaga rugsat bermegiňizi soraýaryn. Siziň huzuryňyz beýik we haýbatlydyr. Meniň bular ýaly hyzmat üçin taýýarlygym ýok — diýipdir. Soltan onuň haýyşyny geň görse-de, oňa gitmäge rugsat beripdir. Watwatyň ýaranlary soltanyň şular ýaly hormat-sarpasyna we sylaglaryna garamazdan, onuň Atsyzyň hyzmatyna barmagy isleýändigi we soltanyň huzurynda galasy gelmeýändigi üçin oňa käýäpdirler. Ol:
– Bu ýerde düşewünt, gazanç köp we maksat-myratlar derhal hasyl bolýan bolsa-da men Atsyzyň hyzmatyndaky rahatlygymy başga hiç ýerden tapmaryn — diýipdir.
Ol Atsyzyň hyzmatyna gaýdyp barandan soň, Atsyz oňa soltan Sanjaryň göz öňünde tutan ähli zatlaryny beripdir we onuň wepadarlygynyň we hyzmatlarynyň öwezine ony soltanlyk goldawynyň astyna alypdyr.
Umuman aýdanymyzda, Reşideddin Watwat taryhda mynasyp yz galdyryan belli şahsyýetleriň biridir.
Kakajan JANBEKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň alym kätibi.
Taryhy makalalar