14:03 Rewolýusion poeziýanyñ maýagy | |
REWOLÝUSION POEZIÝANYŇ MAÝAGY
Edebi makalalar
Wladimir Wladimirowiç Maýakowskiniň aradan çykanyna otuz ýyldanam gowurak wagt geçdi. Emma ol şindizem bütin dünýäniň rewolýuisoon poeziýasynyň ruhy maýagy ýaly, şol belentde lowurdap, şöhle saçyp dur. Medn bu deňeşdirmäni söz owadanlamak üçin hgetiremoik, sebäbi fransuz Aragon, çilili Neruda, türk Nazym Hikmet hem telim sapar Maýakowskä özleriniň uly ýoldaşy, halypasy diýipdiler. Olar şeý diýmedik bolaýanlarynda-da, Wladimir Wladimirowiçiň döredijiliginiň bütin dünýäniň ýazyjylaryna täsir edenligi köre hasa ahyryn. Bu äpet göwreli edebiýat adamynyň duşundan dymyp geçmek, ýa=da ony taryhdan öçürmek hiç kese başartmady, başartmasa-da gerek. Maýakowskiniň ady agzalanda şu günlerem biziň duşmanlarymyzyň jyny atlanýar. Okeanyň aňyrsyndaky ştatlaryň propogandistleriň belli topary Maýakowskiniň syýasy poeziýasyny ýa depgiläp ýoga çykarmaga, ýa-da ony öz lagerlerine hyzmat etdirmäge synanyşýarlar. Emma ol ne özüni ýoga çykardýar, ne mysapyr şahyr hökmünde olaryň muzeýlerine sygýar, ne-de žurnaljyklarynyň sahypalaryna ýerleşýär. Ol henize çenli dünýäniň iň sagdyn, iň gözel harby baýdagy bolup pasyrdap dur... Henize çenli kommunizmiň duşmanlarynyň häli-şindi atyp urup bilmedik nyşanasy bolup hyzmat edýär. Eger Maýakowskiý şu mahal birje minut ukusyndan oýanagada bu zatlary görse, onda neneňsi şatlanardy. Ol biziň gazetlerimiziň öz goşgularynyň setirlerinden bütin sahypa sözbaşy ýasaýanlaryny görüp, buýsanç bilen ýylgyrardy. Ol öz tekstlerine kompozitorlaryň oratoriýalar ýazýandyklaryny eşiderdi. Ol uly teatrlaryň sahnasynda öz pýesasynyň gidýänini görerdi. Ol Sowet hökümetiniň baştutany N.S.Hruşýowyň öz dokladlarynda, çykyşlarynda şahyryň sözlerinden mysal getirýändigini bilerdi. Dogry, şahyryň özüi bu zatlaryň ählisini öňden duýupdyr hem görüpdir. Ol: “men siziň ýanyňyza, uzak kommunistik jemgyýete gelerin...” diýipdi. Ýöne şu günler oýanaýsa, özüniň geljege bolan ynamynyň iňňän dogry çykanyny bilmek hasam hoş ýakardy. Hawa, başga hili bolubam bilmez. Maýakowskiý proletar rewolýusiýasynyň aşygydy, ol diňe şonuň bähbidine ýaşaýardy, diňe onuň päkize howasyndan dem alyp bilýärdi. Onuň biziň işimiziň hakdygyna mäkäm ynamy, iňňän güýçli, tapylgysyz talanty rewolýusiýanyň aýdymçysynyň adyny ölmez-ýitmez etdi, ebedileşdirdi. Maýakowskiniň käbir bilgeşleýin, çekişme häsiýetli aýdanlary şahyryň duşmanlaryna göýä, ol rus klassyklaryna nigilistik göwniýetmezçilik bilen garaýar diýmäge esas berdi. Ýalan! Siz onuň goşgularyny üns berip okasaňyz, iňňän ýiti çekişmäniň içinde şahyryň Puşkine, Lermontowa, Nekrasowa, öz deň-duşlary Bloga, Ýesenine hormat goýandygyny görersiňiz. “Ýubileý” goşgusynda Wladimir Wladimirowiç Puşkine ýüzlenip: “Siziň şu mahal diri däldigiňize gynanýan, belki, ýeke özümdirin”. Dogry, bu sözler köp ýaňsylamalaryň, gödek setirleriň içinde aýdylýar. Ýöne Maýakowskiniň talanty şeýle ahyryn: onuň iň göçgünli sözleri hem ýaňsylama, satira bilen bagly, birdenem, edil şol sahypada eredip barýan lirika görünýär. Maýakowskiniň “Ýewgeniý Onegini” tutuş ýat bilýäni aýan. Ol Lermontowy, Gogoly hem ýürekden söýýär, Nekrasowa bolsa hakyky ussadym diýýär. Onuň Sergeý Ýeseniniň ölümine bagyşlap ýazan goşgusyny gaýtalap, ýene bir ýola okaň. Bu temada şeýle giň, çuňňur, şeýle güýçli goşgy biziň edebiýatymyzda ýok. Wladimir Wladimirowiçiň gymmatly tarapynyň biri-de Demýan Bednyý ikisiniň poeziýamyzy dymyk salonlardan zawod sehlerine, köpçülik estradalaryna, ploşadlara eltenligidir. Gazetler, plakatlar, kino, radio onuyň eý görýän tribunalarydy. Şol sebäpli biziň poeziýamyz garramadam, ölmedem-de, gaýtam, durmuşdan täze güýç aldy. ol edebiýatyň töweregindäki onlar bilen däl-de, öz mähriban işçiler synpy bilen, ähli halk bilen birleşmek isledi. Maýakowskiý üçin onuň goşgulary köpçülige düşnüksiz diýilmeginden beter ýokuş degýän zat ýokdy. Beýle igençler bolsa, şol döwürde näçe diýseň eşidilýärdi. Emma şahyr olary özüniň ajaýyp tejribesinde gün geldikçe ýoga çykarýardy. Maýakoskiniň döwlete, halka galdyran lirikasy iňňän uludyr. Onuň partiýaly kitapçalarynyň “ýüz tomlugy” az-küş zat däl. Lirika bilen satira, makalalar, pamfletler, epigrammalar, ökdelik bilen ýazylan publisistika, çagalar üçin kitapçalar, senariler, pýesalar, poemalar... Biz henize çenli onuň döredijiligi barada eýýäm ýazylan onlarça kitaplaram gereginçe öwrenip bilemzok. Bir makalada onuň iň gowy eserlerini gysgajyk derňemegem mümkin däl, hatda ýöne sanap geçer ýalam däl. Emma Maýakowskiniň Kommunistik partiýa bagyşlap ýazan “Wladimir Ilýiç Lenin” ýaly monumental eserlerini welin, agzamanam geçip bolanok. Maýakowskiden öňem, soňam bu tema şeýle batyrgaý çemeleşmäge bir şahyr-da töwekgelçilik edip bilmedi. Ol welin, jogapkärçilikden çekinmedi. Bu ajaýyp poema internasional işçiler hereketiniň güwwüldisinden, taryhyň ýaňyndan, adamlardan hem wakalardan doly. Bu ýerde oratorlyk häsiýeti birden inçe, näzik lirika bilen çalyşýar. Epos lirika bolýar, lirika hem ösüp eposa ýetýär. Bu biziň üçin edil wesýetnama ýaly bolup galdy. Şahyryň ýeke eposy dal, onuň her günki gazet-žurnal işi-de bolşewikler partiýasynyň görkezmelerine, şygyrlaryna meýletinlik bilen, düşünjelilik bilen tabyn edilendir. Ol sesiniň ýetdiginden sowet gahrymanlaryny wasp edýär, öz talantynyň ähli güýji bilen, Sowet Soýuzynyň duşmanlaryny edil top atylan ýaly dagadýar. Maýakowskiý çynlakaý partiýalylyk bilen, tüýs şahyrana gahar bilen býurokratlaryň garşysyna çykypdyr. “Möjek dek çeýnärdim, býurokratizmi men”. Onuň ýaranjaňlary, misginsokarlary, mugthorlary, şugulçylary, meşanlary, harsydünýäleri, galplary, biwatanlary, köne dünýäden galan ähli ýigrenjileri gaýgyrman ýepbekleýşine “aperin!” diýesiň gelýär. Ol biziň halkymyzyň täze durmuş gurmagyna zyýan berenler hem zyýan berýänler hakynda ýazan “Lenin bilen gürrüň” diýen goşgusynda “Biz, elbetde, olaryň ählisiniň guýrugyny towlarys” diýýär. Ýaňy-ýakynda gahryman kosmonawt Waleriý Bykowskiniň žurnalistler bilen eden gürrüňinde Maýakowskini özüniň söýgüli şahyry diýip agzamagy nähili ýakymly zat. Wladimir Wladimirowiçiň sungatyň duşmanlary, sungaty galplaşdyrýanlar bilen mäşi bişişmedi. Onuň goşgularynyň köpüsi “sap edebiýat” diýen bolýanlaryň garşysyna gönükdirildi. Edebiýat dikmeleri şonda, hä diýmän Maýakowskiniň goşgulary ýatdan çykar diýýärdiler, öz propogandirleýän şahyrlaryny arşa çykarmaga dyrjaşýardylar, olaryň goşgulary okalar, uzak ýyllar geçensoňam ýat tutular diýýärdiler. Ýyllar geçdi, Maýakowskiniň goşgulary bolsa ýatdan çykmag-a beýlede dursun, gaýtam, henizem höküm sürüp ýör. Sungatyň ol näkesleriniň ady welin, olaryň salonlarda döreden, boýagly setirleri welin, bireýýäm ýatdan çykdy. Şahyryň edebi-syýasy işiniň haýsy tarapyny alsaň-da, ol hem gyzykly, hem aktual, şu gün üçin ýazylan ýaly. maýakowskiý ýygy-ýygydan daşary ýurda gidip, ol ýerde görenlerini iňňän giň beýan etdi. Beýik şahyr aýratynam Fransiýa hakynda, Amerika hakynda köp goşgular döretdi. parižiň owadanlygyna, Nýu-Ýorkuň enjamlaşdyrylyşyna birjigem şek ýetirmän, ol bu şäherleriň zähmetkeş ilatyna hormat bilen garady, ýöne hiç haçan öz bolşewistik pozisiýasyndanam yza çekilmedi. Onuň amerikan kapitaly barada dogry kesgitleme berip ýazan “Çagyryş” atly goşgusy, şu günlerde-de öňki ýitiligini ýitirenok. Adamlaryň akylynyň, ýüreginiň ideýa göreşiniň barrikadasynda maýakowskiý gaýduwsyz esger bolupdy, ol şeýle esgerligine-de galýar. Oňa “edil janly ýaly” diýip ýöne ýere aýdanoklar. Partiýa hem hökümet ýolbaşçylarynyň edebiýat we sungat işgärleri bilen bolan duşuşyklarynda ençeme sapar onuň ady ýatlanyldy. Biziň şahyrlarymyzyň her biri üçin Maýakowskide öwrenere zat bar. Biziň halkymyz, ýeke biziň halkymyzam däl, ähli progressiw adamzat Maýakowskiniň döreden eserlerini uly minnetdarlyk bilen okaýar. Maýakowskiniň goşgulary, poemalary kommunizmiň ýagty ideýalarynyň doly dabaralanmagy ugrundaky göreşde iňňän ýiti, poslamaz ýaragdyr. Ýaroslaw SMELÝAKOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 20.07.1963 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |