ÝAROSLAW SMELÝAKOW
Ýaroslaw Wasilýewiç Smelýakow (Cмеляков Ярослав Васильевич), tanymal rus şahyry, terjimeçi, edebi tankytçy, SSSR-iñ Döwlet Baýragynyñ laurety (1967).
Ý.Smelýakow 1912-nji ýylyñ 26-njy dekabrynda (08.01.1913) Russiýanyñ Wolynsk guberniýasynyñ Lusk şäherinde (häzir Ukraianyñ Lusk şäheri) demirýolçynyñ maşgalasynda dogulýar.
Moskwadaky ýediýyllyk mekdebi tamamlandan soñra 1931-nji ýylda zawod-fabriklere hünärmen taýýarlaýan poligraf mekdebini okap gutarýar. Tipografiýa işlerinde işleýär. «Рост», «Октябрь» ýaly žurnallarda goşgulary çykýar. Ý.Smelýakowyñ goşgulary rus sowet edebiýatynyñ iñ gowy nusgalary hasap edilýär. Şahyr «Комсомольская правда» gazetinde we «Огонёк» žurnalynda hem işleýär. 1934-nji ýylda SSSR-iñ Ýazyjylar soýuzynyñ agzasy bolýar. 1934-1937-nji ýylda ol repressiýa duçar bolýar. Bu ýowuz tutha-tutluk ýyllarynda onuñ Boris Kornilow, Pawel Wasilýew ýaly şahyr dostlary repressiýanyñ hakyky pidasyna öwrülip atylýarlar.
1937-nki ýylda Dzeržinskiý (Lýubersiý) adyndaky işçiler kommunasynyñ «Дзержинец» gazetiniñ jogapkär sekretary bolýar. 1939-njy ýylda SSSR-iñ SP-nyñ proza seksiýasy boýunça jogapkär instruktory wezipesine bellenýär.
Beýik Watançylyk urşunyñ başlanmagy bilen 1941-nji ýylda türkmen şahyry Şaly Kekilowyñ hem gatnaşan fronty bolan Kareliýa frontuna gatnaşýar. 1944-nji ýylda finlere ýesir düşýär we soñra ýesir alyş-çalşygynda yzyna alynýar.
1951-nji ýylda şahyr syýasy garaýyşlary bilen baglanyşykly ikilenç göz astyna alynýar. Tussaglykdan boşansoñ tanymal žurnalistler P.W.Poddubnynyñ we S.Ý.Pozdnýakowyñ işleýän «Сталиногорская правда» gazetiniñ jogapkär sekretary bolýar. Ýöne erkinlige goýberilen Smelýakowa Moskwa gelmek gadagan edilýär. Ol diñe gije ogrynça şähere girip bilýārdi. Belli ýazyjy Konstantin Simonow öz ýazyjylyk işinde beren goldawy üçin Ý.Smelýakowy minnetdarlyk bilen ýatlapdyr. Bu barada Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarow hem "Adam we Ömür" atly şahyr G.Seýitliýew hakyndaky makalasynda hormat bilen şeýle ýatlaýar:
"Şol ýylyñ özünde Gara Seýitliýew Moskwadaky iki ýyllyk Ýokary edebiýat kurslaryna gitmäge meni yrdy. Şeýlelikde, 1957-nji ýyl meniñ üçin hakyky "edebiýat ýyly" boldy. Meniñ bagtyma, biziñ poeziýa seminarymyza Ýaroslaw Wasilýewiç Smelýakow, Mihail Arkadýewiç Swetlow ýaly ajaýyp şahyrlar ýolbaşçylyk etdi. Men "Gyzgyn sähranyñ" "Sowetskiý pisatelde" Ý.W.Smelýakowyń redaktirlemeginde çykan neşiriniñ bir ekzemlýaryny henizem aýap saklaýaryn".
Bu kiçijik ýatlama Ý.Smelýakowyñ türkmen sowet şahyrlaryna halypalyk goldawyny berendigine güwä geçýär.
Ý.Smelýakowyñ 1948-nji ýylda «Кремлёвские ели» kitaby neşir edilýär.
1967-nji ýylda SSSR-iñ Ýazyjylar soýuzynyñ, Prawleniýesiniñ agzasy, 1970-nji ýylda RSFSR-yñ Ýazyjylar soýuzynyñ Prawleniýesiniñ agzasy bolýar. SSSR-iñ Ýazyjylar soýuzyna-da ýolbaşçylyk edýär.
Ý.Smelýakow 1972-nji ýylyñ 27-nji oktýabrynda aradan çykdy.
KITAPLARY:
Собрание сочинений в трех томах. М., Молодая гвардия, 1977-1978
Избранные произведения в двух томах. М., 1970
Работа и любовь, М., 1932
Стихи. М., 1932
Дорога. М.,1934
Стихи. М., 1934
Счастье. М., 1934
Кремлёвские ели, М., 1948
Лампа шахтёра, 1949
Стихи. М., 1950
Строгая любовь. — М., Советский писатель, 1956
Избранные стихи. М., 1957
Разговор о главном, М., 1959
Строгая любовь. М., 1959
Работа и любовь, М.,1960
Стихи. М., 1961
Золотой запас, Алма-Ата, 1962
Работа и любовь, М.,1963
Хорошая девочка Лида. М., 1963
Книга стихотворений. М., 1964
Алёнушка. М., 1965
Роза Таджикистана. Душанбе, 1965
День России, 1966
Милые красавицы России, М., 1966
День России. М., 1967
Стихотворения. М., 1967
Строгая любовь. М., 1967
День России. М., 1968
Молодые люди. М., 1968
Товарищ комсомол. М., 1968
Связной Ленина, 1970
Декабрь, М., 1970
Моё поколение. М., 1972
Служба времени. Стихи. — М., Современник, 1975
Стихотворения и поэмы, 1979.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly