19:17 Rodoguna | |
RODOGUNA
Goşgular
Köpetdagyñ başy degýär asmana, Äpet göwresine buýsanýar bu dag. Eteginde ýaşar eken erkana Ärsaklar şalygynyñ paýtagty Nusaý. Şol ýerde-bu dagyñ gök eññidinde Jülgäniñ depesinde şäherler şasy- Görnüp dur haraba öwrülip giden Parfiýa ýurduñ gadym galasy. Her tamus bu ýere gelip arheolog, Geçirýär galada gözleg-agtaryş. Nam-nyşan galmandyr köne köşklerden, Bar diýmeseñ küýze döwgi ýa nagyş. Ýöne yhlas bilen gazýar ol ýene. Emma diñe gadym külallañ ýasan Gap-gaçlaryñ böleklerinden başga Zat ýokdy ýerinde bu köne desgañ. Gadymýete teşne alym ýene-de Yhlas bilen işin edende dowam, Ine birden çykdy onuñ öñünden Ak mermerden nepis ýasalan jenan. Ak ýüzli bir gyzyñ täsin heýkeli, Ýaş hemem owadan, gadymy gözel Alymlaryñ aklyny heýjana saldy Ýaşap geçse-de ol kän asyr ozal. Sorady: "Eý, gözel, kim bolarsyñ, Meger, rowaýaty Rodogunasyñ?! Çal saç alym bakýar geñ galma bilen, Synlap gözel gyzyñ mermer synasyn. Jadyly keşbi göýä diri deý, Çuw-ak ýüzi daga tarap egipdir, Ajaýypdy onuñ sagrysy, göwsi Saçy göýä gül suwuna ezlipdir. Nazarynda bardy howsala, gussa Gamly oýlar bardy oñ başynda Alym Mitridatyñ şöhratly gyzy Hakda rowaýaty ýatlady şonda. Ol gyz çäge kenarynda Ýefratyñ Tapdy özün bagtly eden şöhratyn. Şonda suwa düşýärdi ol derýada, Gorkyny, hasraty salmazdan ýada. Ine, birden daşdan gelýän bir atly Çapar derrew gyzyñ ýanyna ýetdi. Ol tolgunyp, diýdi: "Melike, diñle, Mert bol, bir ýaramaz habar bar mende. Biziñ etraplara ýetişdi duşman. Halas bolma kyndyr indi çaknyşman". Rodoguna derrew hyzmatkärlerine Söweş enjamlaryn häzirläñ diýdi. Gylyç, naýza, galkan alyp eline Hem egnine zerli sowudyn geýdi. Ine, gyz mertlerçe söweşe barýar, Yzynda parfiýañ batyr goşuny. Ýowy urup, ýykyp, sanjyp, agdarýar, Eýmenmän, dik tutup belent başyny. Gözleri gazapdan ýyldyz dek ýanýar... Synýar duşman polat gylyç tygyndan, Ýeñilip parfiýañ batyr gyzyndan Umma gaçýar gelen ol ýowuz apat. Dag-derýalar ýene bolýar parahat. Şol jeñde şa gyzy gazandy şöhrat, Şu gün hem öçmändir bu şöhratly at. Witaliý ŞATALOW. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Eý, Ýusup, şu gözleri görmeýän Ýakuba gel... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Sen meniň alma-narymsyň / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |