19:47 Romanowlaryñ toýy gowy geçdi, a gaýdyp gelişi? | |
ROMANOWLARYÑ TOÝY GOWY GEÇDI, A GAÝDYP GELIŞI?
Publisistika
Dinastiýanyñ uçdantutma atylyp öldürilmeginden 104 ýyl soñ Russiýada ilkinji gezek patyşalyk toý dabarasy bolup geçdi. Romanowlaryñ soñky nesil agzalaryndan biri Sankt-Peterburgda toý edip maşgala gurdy. "Keramatly Isaak" buthanasyndaky taryhy dabara buthananyñ ýokary düzümli işgärleri bilen birlikde baýramçylyk lybasyny geýnen rus esgerleri-de gatnaşdy Romanowlar mundan 104 ýyl öñ oktýabr günleriniñ birinde taryh arenasyndan doly syrylyp-süpürilip aýrylypdy. Olar ýene bir oktýane gününde dabaraly toý çäresi bilen gaýdyp geldiler. Romanowlar maşgalasynyñ soñky nesil agzalarynda biri Bolşewim rewolýusiýasyndan 104 ýyl soñ ilkinji gezek Russiýanyñ çäklerinde patyşalyk toý dabarasy bilen durmuş gurdy. Öýlenýän ýigit Georgiý Mihaýlowiç Romanow. Onuñ ejesi Mariýa Wladimirowna Bolşewik rewolýusiýasynda öldürilen Nikolaý II-niñ çykany gersog Kirilliñ agtygy. Kakasy Prussiýanyñ şazasy Frans Wilgelm. Georgiý Romanow 1981-nji ýylda Madridde dünýä inildir, Oksford uniwersitetinde okapdyr, kakasy italýan diplomaty bolan Rebekka Bettarini bilen Brýusselde Ýewropa parlamentinde işlän döwri tanşypdyr. Alty ýyldan soñ Moskwa göçüp barypdyr. Romanow biraz wagtlap metallurgiýa kompaniýalarynda ýolbaşçy wezipelerde işländen soñ rus kompaniýalarynyñ ÝB bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kompaniýa gurupdyr. “Georgina Perosh” ady bilen roman barsyny ýazan Bettarini bolsa prawoslaw dinine geçip, Wiktoriýa adyny alypdyr. Toýyñ "Gaýdyp gelişimiz diýseñ ajaýyp bolar" dessuryna laýyklap meýilleşdirilendigi görnüp dur. Resmi nika Moskwada baglaşylanam bolsa, toýyñ şäherden ýedi ýüz kilometr uzaklykdaky Sankt-Peterburgda bolmagy tötänlik däl. Biziñ "Däli Pýotr" diýip tanaýan, Günbataryñ “Peter the Great” (Beýik Pýotr) diýen Pýotr I-yñ adyny göterýän şäheri bolşewikler Moskwany saýlap alýan patyşalygyñ paýtagty bolup geldi. 1914-nji ýylda Russiýa Germaniýa bilen garşylaşmaly boldam welin, ady Petrograda öwrüldi, 1924-nji ýyldan soñam 67 ýyllap Leningrad boldy. Birinji adyna gaýdyp gelmegi üçin SSSR dargaýança garaşmaly boldy. • Buthananyñ ähmiýeti Ýewropanyñ köp sanly patyşa neberesiniñ gatnaşan toýunyñ mekany Keramatly Isaak buthanasydy. Fransuz arhitektory Montferrandyñ guran buthanasynyñ gurluşygy şeýle bir uzaga çekipdir welin (tegelek kyrk ýyl!), Finsde uzaga çeken işlere aýdylýan aýtgy döräpdir: “Rakentaa kuin Iisakinkirkkoa” ("Isaagyñ buthanasyny guran ýaly"). Belki-de, mundan soñ kyrk ýyldanam köp, ýöne has uzaga çeken garaşmagyñ aýtgysy dillere düşmegi mümkin: "Romanowlar ýaly gaýdyp gelmek!" Dilde añsat, bu toýa 104 ýyllap garaşyldy. Oktýabr rewolýusiýasyndan şu güne çenli... Romanowlaryñ bolşy ýaly Russiýa imperiýasynyñam "soñky patyşasy" Nikolaý II bolupdy. Ol 1894-nji ýylda tagta çykanda ýurdy dünýäniñ iñ uly güýçleriniñ biridi. Emma ol bu güýji elinde saklap bilmedi. Wagtyñ geçmegi bilen harby hem-de ykdysady ýeñlişler Russiýanyñ dargamagyna, Nikolaýyñam at-abraýynyñ gaçmagyna getirdi. Betbagtlyk içre urunýan rus halky 1905-nji ýylyñ 22-nji ýanwarynda uly protest demonstrasiýany geçirmäge başladu. Nikolaý II halk bilen ýüzbe-ýüz durup gürleşmegiñ ýerine gaçanyny gowy gördi we demonstratlary çinownikleriniñ eline berdi. Taryha "ganly ýekşenbe" ady bilen giren wakanyñ ody şeýdip tutaşypdy. Arasynda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñam bolan halk köpçüligine ok ýagdyryldy, olaryñ üstüne gylyç guşanan pyýadalar sürüldi. Ok ýaýdan çykypdy. Ilki 1905-nji ýylyñ rewolýisiýasy boldy, patyşa Duma diýilýän Mejlisi kabul etmäge mejbur boldy. Gynansak-da, onuñ beren sözünde durma niýeti ýokdy, şonuñ üçinem ol Dumanyñ ygtyýarlyklaryny ulanmagyñ zol öñüni aldy ýördi. • Patyşalykdan çekildi, ýöne... 1914-nji ýylda başlan Jahan uruşy, Russiýanyñ çäklerinde möwjän dartgynlylyk, mistiki geñeşdary Rasputininñ patyşalyga ýetiren ýaramaz täsiri, geleñsiz dolandyryş netijesinde başlanan gozgalañlar ony ahyrynda tagtyndan agdardy. 1917-nji ýylyñ martynda patyşalykdan çekilende ýurtda müñ ýyllap dowam eden monarhiýa hem soñlandy. Ol we maşgalasy ilki Sibirde tussag astynda saklandy, 25-nji oktýabrda bolup geçen Bolşewik rewolýusiýasyndan soñam Ýekaterinburga getirildi. Öñki patyşa Nikolaý II, onuñ maşgalasy, hyzmatkärleri, maşgalanyñ lukmany 1918-nji ýylyñ 16-nji iýulyndan 17-nji iýulyna geçilen gije tussag astynda saklanýan jaýynyna podwalyna äkidildiler. Şol ýerde atylanlaryndan soñam tanalmasyn diýip jesetleri ýakylyp, tokaýyñ içinde gömüldi. Mazarlary belli bolmasyn diýibem üstünde agaç ekildi. Mazarlaryñ ýeri ýaşyryn saklanýandygy üçin bir myş-myş hem ýaýrady: maşgalanyñ 17 ýaşly gyzy melike Anastasiýa halas bolanmyş, ol at-familiýasyny üýtgedip ýaşanmyş. Özüni Anastasiýa diýip yglan eden aýal köp boldy, olaryñ iñ tanymaly-da Anna Andersondy. Ol 1922-nji ýyldan 1984-nji ýylda aradan çykýança özüniñ Anastasiýadygyny aýdyp gezdi... Patyşanyñ, şa aýalynyñ, Anastasiýanyñ we onuñ doganlarynyñ mazarynyñ ýeri belli däldi. Aslynda Anderson entek dirikä, 1979-njy ýylda arheologlaryñ biri olaryñ ýerini anyklapdy. Gynansak-da, sowet hökümeti bu maglumatyñ aýan edilmegine rugsat bermedi. Diñe 1989-njy ýylda Sowet Soýuzynyñ dargap başlamagy bilen ony halk köpçüliginiñ dykgatyna ýetirip bildiler. Geçirilen DNK barlaglary netijesinde mazarlaryñ soñky hökümdara we onuñ maşgalasyna degişlidigi anyklandy. Üstesine geçirilen barlaglara iñ uly kömegi Edinburgyñ gersogy şazada Filip etdi. Şa aýaly Aleksandra bilen bir nebereden gelýän şazadanyñ DNK-sy düwüniñ çözülmeginde täsirli boldy. Syry aýan edip, dinastiýanyñ at-abraýyny dikeltmegiñ wagty gelipdi. Taryh yza dolanyp bolmajak kararlaryñ soñundan döredýän nijeme puşeýmanlyklarynyñ öwezini dolma tagallasy bilen boldy. Edil 27-nji maý rewolýusoýasyndan soñ dardan asylan Adnan Menderesiñ, Fatin Rüştü Zorlunyñ, Hasan Polatkanyñ mazarlarynyñ 1990-njy ýylda döwlet derejesinde geçirilen dabaraly çäre bilen monumental gubura göçürilişi ýaly, patyşa we onuñ maşgalasy-da bir ýerden alnyp, başga has ygtybarly ýere depin edildiler. Atylmalarynyñ üstünden tegelek segsen ýyl geçende prezident Ýelsiniñem gatnaşan dabaraly çäresi bilen Pýotr we Paul buthanasynyñ howlusynda jaýlandylar. Munuñ bilenem çäklenmedi, 2000-nji ýylda Russiýanyñ Prawoslaw buthanasy tarapyndan "apostol" yglan edildiler. 2008-nji ýylda Russiýanyñ Ýokary Sudy atylşygy "syýasy jenaýat" hasaplap, dinastiýany doly aklady. 1917-nji ýyldan soñ Romanowlaryñ ölmän galan 47 agzasy sürgüne gitdi. Bir ýandan köpelen nebere beýleki bir ýandan dargady. • Eje tarapdan gaýdýandygyny aýdýan talap Ýagdaýlary kynlaşdyrmak dinastiýanyñ häsiýeti bolara çemeli. Edil ýakynda osmanly nesilşalygyndan Nilhan Osmanoglynyñ Galatasaraý adasyny talap edişi ýaly Georgiý Romanow hem özüni mirasdüşer şazada yglan etjege meñzeýär, hatda ol indi gersog adyny ulanýar. Ejesiniñ başlylyk edýän "Russian Imperial House" merkezi hem oglunyñ bu bolşuny goldaýan ýaly, merkeziñ işini patyşalyk döwrüniñ kanunlaryna daýandyrýar. Bettarini hem "Instagram" hasabynda özüni “Victoria of Russia” ady bilen tanadýar. (O munuñ üçin 145 million adamlyk Russiýada 12 müñ agzalyk yzarlaýjysy bilen mazaly der dökmeli bolar). Şeýle-de maşgalanyñ Nikolaý II-niñ dogany Mihail Aleksandrowiçiñ neslinden gelýändigini aýdyp, özlerini "Romanoff Family Association" diýip tanadýan gatlagy-da bar, olar gös-göni ýüze gelmekden çekinip duranok we "biz bulary tanamzok" diýýär. Olaryñ pikiriçe dinastiýa diñe Mihail Aleksandrowiçiñ neslinden dowam edýär, Mariýa Wladimirowna we onuñ maşgalasy bolsa muña girenok... Olaryñ özara oñuşmazlygy hiç diýeli, Russiýanyñ monarhiýa babatda anyk we kesgitli kanunlary nar. Hökümet eýýäm bu toýuñ geçmiş bilen baglanyşygynyñ astyny çyzyp, "hemmesi şundan ybarat" signalyny berdi. Eger XXI asyrda ikibaşdan täze rus patyşasy dogmaly bolsa, onuñ adynyñ Georgiý däl-de, Wladimir boljakdygyna kimiñ şübhesi bolup biler? Zeýnep MIRAÇ. "OKSIJEN" gazeti, 08.10.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |