23:56 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
Yzlaryň käbedir-sagadat maňa, Ýüzleriň kybladyr-ybadat maňa, Hoş bolar boşatsaň, ger bendilikden, Edip yhlas birle hemaýat maňa. Şäherde şowhun bar-bazar hoş bolsa, Akar suw şildiräp, baglar hoş bolsa, Bu gün penşembede Ensary pire, Togap etsek, eger çaglar hoş bolsa. Panyda belent hem pes bolanlar bar, Bakylyk jamyndan mest bolanlar bar, Bar zadyň hemmesi ýok bolar bir gün, Emma baky galjak dost bolanlar bar. Zülpüň gadyr gijesidir, gaşyň-Aý, Ýaman gözler görmesinler-ýaşynaý, Täze zat lezzetli bolsa-da her çen, Täze ýara syrdaş bolma, eý humaý. Ýüzleriňde sap aýnany görerin, Öwşün atýan ak ýaýlany görerin, Bu gün günüň öňün tutypdyr bulut, Indi nädip men läläni görerin. Synag tebigatdan berken bir paý dek, Saňa ähli nazar-gezelen ýaý dek, Eger sen isteseñ, ýüzümde nury, Hijranyň tütünden çykaryp Aý dek. Eý, Hysrow, päkize ýürekli göwher, Hiç kes nazaryň deý nazary görmez, Çykaýyn men aýralygyň tümünden, Özümiň görkümi özüme görmez. Birnäçeler Haky tanan-hoş duran, Birnäçeler Hak ýanyndan daş duran, Birnäçe terk edip iki dünýäni- Hak ýanynda salgym bolup boş duran. Eý, barça ynsanyň pikirin bilen, Haýyşyny bilen, şükürin bilen, Dillerde senadyr mübärek adyň, Diller senalydyr zikiriň bilen. Muhammet Baýram HAN. | |
|
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Bir gün ýüzüň gören kişi... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Týug / Goşgular - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |