18:58 Russiýa Ukrainada näme isleýär? | |
RUSSIÝA UKRAINADA NÄME ISLEÝÄR?
Publisistika
Dost-doganlyk goñşa eýe bolmagyñ ýeke-täk ýoly Ukrainanyñ ýaragsyzlandyrylmagy we nasistlerden arassalanmagydyr Soñky hepdelerde bir ýanda Russiýa, beýleki bir ýanda ABŞ we NATO-nyñ arasyndaky dartgynlylyk Moskwanyñ özüne resmi we aýratynam baglaýjy howpsuzlyk çäreleriniñ üpjün edilmegine gönükdirilen teklipleri kabul etmegi kesgitli görnüşde ret etmelerinden gelip çykan görnetin ýokarlanmalar bolup geçdi. Moskwanyñ öñe sürýän esasy talaplary NATO-nyñ gündogara tarap giñelmeginiñ öñüni almak, rus serhediniñ golaýlaryna hüjüm ediji ýaraglary ýerleşdirmekden gaça durmak, bileleşigiñ Ýewropadaky harby mümkinçiligi, Russiýa bilen NATO-nyñ arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk babatdaky baş kararnamanyñ gol çekilen 1997-nji ýylyndaky ýagdaýyna dolap getirmek üçin goýlan kepillikleriñ berilmegidir. Ukrainanyñ NATO bileleşigine alynmagyñ özi bileleşigiñ harby düzüminiñ Russiýanyñ serhedine ýakynlaşmagyny añladýar, munuñ özi bolsa amerikan raketalarynyñ Moskwa baryp ýetme wagtynyñ birnäçe minuda inmegi diýmekdir! Kiýew doktrinasynda Ukrainanyñ Russiýa Federasiýasynyñ aýrylmaz bölegi bolan Krymdaky gözegçiligini giñeltmegi özüne wezipe edip goýandygyny, Ikinji jahan urşunda Ukrainadaky faşistik tarapdarlaryñ ýurtda gitdigiçe agramyny artdyrandygy faktyny-da gözden salmaly däl. Aýratynam Ukrainanyñ NATO goşulmagynyñ Russiýa üçin howp döretjekdigi we Russiýany NATO bilen hasaplaşma itjekdigi görnüp duran zat. ABŞ-nyñ we NATO-nyñ Russiýanyñ hödürleýän wariantlaryna beren jogaplarynda Moskwanyñ talaplary görmezlige salyndy, gaýtam täze agzalaryñ NATO kabil edilme azatlygy prinsipiniñ aşagy çyzyldy. Wladimir Putin günbatarly kärdeşlerine deñ we bitewi howpsuzlyk prinsipiniñ birnäçe halkara resminamada ýer alan, beýleki döwletleriñ howpsuzlygyny güýçlendirmezlige borçlulygy öz içine alýandygyny ýatlatdy. Russiýanyñ Prezidenti 1949-njy ýyldaky şertnamasynyñ 10-njy maddasyna laýyklykda, NATO-nyñ başga ýurtlary agzalyga çagyryp biljekdigini, emma hiç bir ýagdaýda olary kabul etmäge mejbur däldigini nygtady. Günbataryñ gyzyl yşykda geçmeginiñ howplary baradaky öwran-öwran duýdurandygyna garamazdan Russiýanyñ Prezidentiniñ beren ähli duýduryşlary ýer tutmady. Günbatar Moskwanyñ üstündäki güýçli basyşa parallelikde täze sanksiýalary kabul edip ykdysady basyşy-da güýçlendirdi. Russiýa bilen Günbataryñ arasynda añrybaş derejä ýeten dartgynlylyga Ukrainadaky ýagdaýyñ ymykly ot alyp tutaşmagy urna boldy. Kiýew hak-hukuklaryny gorap öñe çykan Donesk we Lugansk respublikalarynyñ rus dilinde gürleýän we ýanalmalara sezewar bolan ilatynyñ üstündäki güýçli basyşyny artdyrdy. Radikal millietçiler reaksioner pikirlerine goşulmaýanlara garşy haýbat atyjylykly howplary abandyryp ugradylar. By respublikalaryñ ilatly punktlary has köp bombalanma uçramaga başlady we munuñ netijesinde birgiden weýrançylyklar boldy, ýönekeý ilatdanam wepat bolanlar az bolmady. Kiýew hötjetlik bilen Minsk şertnamasyna eýermegi, şeýle-de Donesk we Lugansk bilen gepleşikleri geçirmegi ret etdi. Kiýewiñ Krymyñ Orsyýete meýletin birikmegini ykrar etmezligini bolsa agzap oturmagyñ geregi-de ýok. Russiýada bolup geçen zatlaryñ barsynyñ Günbataryñ neonasistik toparlanmalary gylawlandyrýandygy, ukrain topragynda agressiw we rus garşydaşlygyny edýän režim döretmäge gönükdiren sekiz ýyllyk syýasatynyñ netijesidigi baradaky pikir berkedi. Hadysalar şeýle bir ýagdaýa getirdi welin, Ukrainanyñ Prezidenti ýurduñ günorta-gündogaryndaky rus dilinde gürleýän ilata adamlar däl-de sürüler diýip başlady. Putin bu adamlara arka durmasa watansöýüjilik paradigmasy güýçlenen rus halkynyñ gözünden düşmegi mümkindi. Putiniñ nukdaýnazaryndan yza dolanyp bolmajak menziliñ geçilmegine, Ukrainanyñ çaltlyk bilen NATO goşulmagyna, Russiýany ýok etmek maksady bilen bileleşigiñ harby düzüminiñ Ukrainada ýerleşdirilmegine azajyk wagt galandygy görnetin we gutarnykly ahwala geldi. Köp wagta çenli rus liderliginiñ hasaplary syýasy we diplomatik usullara esaslanýardy. Emma Günbatardan gelen güýçli basyş, hususanam ABŞ-nyñ we NATO-nyñ dik temeklilik edip Ukrainany modern ýaraglar bilen üpjün etmäge başlamagy harby öñüni alyş çäreleriniñ üstünde oýlanyşmagy talap etdi. Russiýanyñ Ýaragly Güýçleri günbatar araçäklerine golaý ýerde (we doly kanuny) okuw-türgenleşikleri geçirdi, emma goñşulara berilen bu signala düşünen bolmady. Ýurduñ daşyndan dolandyrylýan ukrain döwlet ýolbaşçylary Russiýa bilen Günbataryñ arasynda täsirli we tarapsyz tampon döwlet bolmak üçin dörän altyn pursaty umytsyzlyk bilen gaçyrdylar. Ýurtlarynyñ umumy taryhynyñ, etniki we medeni ýakynlygynyñ bolan uly gündogar goñşusy bilen gatnaşyklarynda agressiwleşip, özlerini düýpsiz girdaba atdylar. Şular ýaly şertlerdäki Russiýa arasynda garry-gurtularyñ, aýal-ebtatlaryñ we çagalaryñ bolan Doneskdir Luganskdan gelen bosgunlara gapysyny açdy. Gelen ýüz müñlerçe raýaty Russiýanyñ oba-şäherlerinde ýerleşdirmek üçin gerekli taýýarlyk işleri görüldi. 21-nji fewralda Donesk we Lugansk respublikalarynyñ ýaşaýjylaryny goramak ïcin ýolbaşçylarynyñ talaby we Russiýanyñ Mejlisiniñ goldawy bilen Wladimir Putin bu respublikalaryñ garaşsyzlygyny ykrar edýän kararnama gol çekdi. Şol bir wagtyñ özünde Putin "Russiýa Ukrainanyñ territorial bitewiligini goramak üçin mümkin bolan hemme zady etdi. Emma barsy biderek" diýip nygtap geçdi. Şindi dostluk, hyzmatdaşlyk we ikitaraplaýyn kömegi öz içine alýan iki şertnama tassyklandy. Bu işler çak edilşi ýaly Günbataryñ we Ukrainanyñ döwlet ýolbaşçylarynyñ ruslara garşy nutuklarynda artyşa sebäp boldy. Edil şu ýerden başlabam Russiýa özüne garşy garaşylmadyk hüjüm howpuny howpsyz ýagdaýa getirmek üçin has düýpli çäreleri orta atdy. Netijede, 24-nji fewralda Russiýanyñ Prezidenti ukrain topraklaryndaky Lugansk we Donesk Halk Respublikalarynyñ güýçleriniñ goldawy bilen ýaragly güýçlerine maksady Kiýewi parahatçylyga çagyrmak wezipesini ýerine ýetirmek bolan ýörite harby operasiýany başlamaga görkezme bermäge mejbur boldy. Russiýanyñ düýp strategik maksady günbatar çäklerinde özüne zol howp salýan, raýatlaryna we ýerlerinde ýaşaýan rus raýatlaryna garşy ganly jenaýatlary edýän diýdimzor režim däl-de, dostlukly goñşy döwlete eýe bolmak. Dost-doganlyk goñşa eýe bolmagyñ ýeke-täk ýoly Ukrainanyñ ýaragsyzlandyrylmagy we nasistlerden arassalanmagydyr. Beýleki bir ýandan öñe süýşýän rus goşun bölümlerine ýykgynçylykdan we ýönekeý ilata zeper ýetirmekden gaça durmaklary berk tabşyryldy. Ýaraglaryny taşlap, rus goşunyna garşy hüjümlere goşulmajakdygyna söz beren ukrain harby gullukçylaryna-da öýlerine dolanyp barmaga rugsat berilýär. Ýörite operasiýanyñ baş maksatlarynyñ biri-de şäherlere we ilatly punktlara zyýan ýetirmezden Ukrainanyñ harby üpjünçiligine berk zarbalary urup señseletmekdir. Rus Howa Güýçleriniñ operasiýalary umuman ýönekeý raýatlary goramak maksady bilen juda eserdeñ we seresaply hüjümleri gurnamak bilen çäklenýär, ýöne ukrain režiminiñ ýeñlişe uçrajakdygy ikuçsyzdyr. Resmi Moskwa garaşylyşy ýaly hernäçe kartlarynyñ barsyny orta goýmasa-da, rus goşunlarynyñ tutuş ýurduñ ýa-da esasy böleginiñ üstündäki gözegçiligini ýygjamlaşdyrjakdygyny, Kiýewdäki häkimiýetiñ ýakyn wagtda ýykyljakdygyny çaklap bileris. Çykalga hökmünde ýurduñ ilatynyñ ähli gatlaklarynyñ bähbitlerini göz öñüne tutýan, Ukrainany radikal milletçileriñ agalygyndan arassalamagy, ýaragsyzlandyrmagy we tarapsyzlyga geçişiñ jogapkärçiligini boýnuna alyp biljek halas ediş hökümetiniñ gurulmagyny umyt edip bileris. Witaliý NAUMKIN, Russiýanyñ Ylymlar Akademiýasynyñ ýanyndaky Gündogar ylymlary institutynyñ direktory, Moskwa Döwlet uniwersitetiniñ Dünýä syýasaty fakultetiniñ Moskwadaky Strategik we syýasy barlaglar merkeziniñ başlygy. 02.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||