22:42 "Täze kolonializmden soñky" tapgyra gelindimi? | |
"TÄZE KOLONIALIZMDEN SOÑKY" TAPGYRA GELINDIMI?
Publisistika
Şol wagt pikir alyşanlarymyzyñ ýañy aradan ýarym asyr geçendigine garamazdan, şindizem eşidilýär Biziñ günlerimizde "köne" kolonializm bilen ösen Günbataryñ (Palestinadaky arap halkynyñ öz döwletini gurma mümkinçiliginden häzirem mahrum edilýändigini hasaba almasak), garaşsyzlygyny ýakyn wagtda alanlar bilen birlikde Aziýadaky we Afrikadaky ýaş ýurtlara gönükdirilen eksplutasiýasyny we ykdysady gözegçilik sistemasyny dowam etdirýän täze kolonializmiñ möwriti geçjege meñzeýär. Öñki Sowet Soýuzynyñ goldawy gürrüñi gidýän ýurtlaryñ kolonial baknalykdan azat bolmagynda we öz agalyklary bilen ösmekleriniñ goldanmagynda möhüm rol oýnapdy. Emma hernäçe Moskwa umuman alanda olardan hiç zada hantama bolmasa-da, gynansak-da, käbir liderler bu hakykaty ýatdan çykarýar. Şunuñ bilen birlikde soñky wagtlarfa Global Günorta ýurtlaryndan örän köp kärdeşim "täze kolonializmden soñky" tapgyryñ gürrüñini etmäge başlady. Munuñ özi käbir analitikleriñ arasynda arassa geñ galmalara sebäp boldy. Şonsuzam bu tapgyryñ gidişine görä kolonizatorlary-da dahyllylykda ösen günbatar ýurtlary gönüden-göni we (käte ajaýyp formada maskalanan bolsa-da) gyýtaklaýyn gözegçiligiñ möwriti dolan formasy ýaly görünýän zady ownuk hasaplamazdan ýene bir gezek buýruklaryny we gegemonlyklaryny boýna dakmaga başladylar. Bu prosesiñ alternatiwasynyñ ýokdugy belli. Aralaryndaky ähli düşünişmezlere garamazdan Global Günorta ýurtlary şu maksadyñ töwereginde jemlenişdiler. Munuñ bilen birlikde iş aýratynam syýasat bilen baglanyşykly bolanda, hyýalbentlikden el çekmek juda kyn bolýar. Germaniýanyñ kansleri Otto fon Bismark syýasata örän ýerlikli söz bilen "mümkin zadyñ sungaty" diýip baha beripdir. Emma şonda-da, ABŞ-ly meşhur ykdysatçy Jon Kennet Gelbreýtiñ şu kesgitlemesi gözüme has ýakyn görünýär: "Syýasat - heläkçilik bilen göwnüñe ýaramaýan zadyñ arasynda haýsam bolsa bir ýoly saýlamakdyr". Häzir görnetin orta çykyşy ýaly, dünýädäki agalyk ediji güýç hökmünde agramyny ýitiren Günbataryñ tutuşlygyna şeýle karara gelmegi gerek. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda, elli ýyldanam gowrak wagt mundan öñ bolup geçen wakalaryñ gürrüñini beresim gelýär. Altmyşyny ýyllaryñ ahyrynda we ýetmişinji ýyllaryñ başynda şol döwür partiýanyñ esasy sowet syýasy organy bolan Merkezi Komitetiñ wekilleri maña Günorta Ýemen Milli frontynyñ ýokary düzümli liderlerinden ybarat topara arap dilinde leksiýalary bermegimi teklip etdi. Bu front ýemen halkynyñ iñlis basybalyjylaryna garşy birnäçe ýyllap üstünlik bilen alyp baran ýaragly göreşiniñ başyny çeken topardy. Bu liderler soñra resmi däl ýagdaýda Lenin adyndaky Halkara mekdebi diýilýän Sosial ylymlar institutynda rewolýusion teoriýanyñ esaslaryny öwrenmek üçin Moskwa geldiler. Institutyñ we aýratynam meniñ baglanyşykly filosofiýa bölümimiñ garaşylmadyk görnüşde demokratiýa we erkin pikir alyşmalara açyk howasy bardy. Bu bölüme meşhur alym we ajaýyp ynsan professor Ýuriý Zamoşkin ýolbaşçylyk edýärdi. Institityñ öñden gelýän düşünje gurluşyndan has başgaça pikirlenip bilýänligi bilen tanalan dekany Fýodor Ryženko sowet sosial ylymlarynyñ görnükli wekillerini bu ylym ojagyna üýşürmek isläpdi we muny belli bir derejede başarypdy. Kolonializmden azat bolmak sapaklary bilen düýpli teoretiki bilim birleşdirildi. Munuñ çäginde marksizmiñ ýany bilen ösen Günbatar ýurtlarynyñ jemgyýetçilik düşünjesindäki döwrebap meýiller-de öwrenilýärdi. Ynanar ýaly däl, emma hakykatdanam şeýledi. Ýene bir geñ galdyrýan zadam institutyñ kafeteriýasynda bir çaşka kofe ýa çaý içen wagtymyz kärdeşlerimiz bilen özara pikir alyşmalarymyzyñ erkin düşünjä ýokary derejede ýol açmagy we täze pikirlere galkyndyrmagydy. Şol bir wagtyñ özünde ortodoksal ýa-da berk we praktiki amala werziş marksistik taglymaty ündeýän sowet işgärleri daşary ýurtly kommunistik partiýalaryñ agzalaryna sapak berýärdiler. Institutda 1970-1971-nji ýyllarda okan palestinaly kommunistleriñ arasynda arap dünýäainden giñden tanalýan şahyr Mahmud Derwüş hem bardy. Onuñ bilen gepleşip görmek meni we arap kärdeşlerimi diýseñ begendiripdi. Kommunist däl daşary ýurtly rewolýusioner akymlaryñ wekilleri institutyñ Moskwanyñ ýakynyndaky Puşkino şäherinde ýerleşen filialynda aýry-aýry okadyldy. Ol ýerde Palestinadan, Günorta Afrikadan, Angoladan, beýleki birnäçe afrika ýurdundan aşa radikal bolanlar bilen birlikde dürli rewolýusioner frontlaryñ wekilleri bardy we bulara şol wagt kolonizatorlara, jynsparazalra, yzagalak režimlere garşy ýaragly göreşe ýolbaşçylyk edenlerem bardy. Rewolýision göreşiñ ýa-da halk goranyşy diýilýän zadyñ esaslary öz ugurlarynda ýokary ýeterlilige eýe ukyply adamlar tarapyndan gizlin şertlerde öwredildi. Şol wagt pikir alyşanlarymyzyñ ýañy aradan ýarym asyr geçendigine garamazdan, şindizem eşidilýär. Üstesine şol döwürde-de men we birnäçe ýoldaşym Moskwanyñ orta atan ýa-da, gynansak-da, käbir ýagdaýlarda boýnumyza dakýan düşünjelerine we talaplaryna tankydy göz bilen baha bermäge meýillidik. Daşary ýurtly diñleýjileriñ gatnaşmagynda pikir alyşan meselelerimiziñ arasynda rewolýusiýalara garşy tutum, rewolýusiýalaryñ gündogar jemgyýetlerini özgertmekdäki täsirliligi, milli azat-edijilik hereketi üçin goranyşçy taktikalaryñ roly, Arap Gündogaryny-da öz içine alýan görnüşde Aziýa we Afrika ýurtlarynda diniñ tutýan orny ýaly temalar bardy. Soñabaka Global Günortanyñ täze ýolbaşçylarynyñ alan şu we aýratynam jemgyýetçilik we ykdysady yzagalaklyk bilen garyplyk ýaly beýleki juda köp problemanyñ çözülmezligi, daşardan edilýän güýçli basyşlara uçralmagy, basybalyjy güýçleriñ bähbitleri bilen berk baglanyşykly söwdagärlerdir maklerleriñ olara garşy gitmegi ösüşi we tradision gymmatlyklary täze garaşsyz bolan ýurtlaryñ esasy prinsiplerine öwürmekleriniñ öñüni alan bolmagy mümkin. Şu günüñ gözünden seredenimizde adam sanyna goşmak islänlerimiziñ köpüsiniñ sadadygyny zamanabaplaşma şygary astynda galmagally çepçi çykyşlara bolan haýranlygyndan, dini potensialynyñ äsgerilmezliginden, syýasy reallykdan we esasy peýdakeşlikden binesip galmagyndan we täzeleniş tarapdarlarynyñ beýleki ideologiki kemçiliklerinden görüp bileris. Sowet Soýuzynyñ hut özüniñ garşyma-garşy bolan krizisiniñ we has soñra çagşamagynyñ şol bir ýagdaýda öñki sosialistik ýurtlarda emele gelen düýpli öwrülişikleriñ netijesinde sowet tejribesi bilen makullanan birnäçe taktikanyñ we düşünjäniñ sanlyja ýylyñ içinde ynandyryjylygyny ýitirmegine geñ galar ýaly zat ýokdy. Munuñ bilen birlikde biz diñe şowsuzlygyñ şarpygyny datmadyk, şol bir wagtyñ özünde Russiýanyñ häzirki global köpçüligini emele getiren Global Günorta halklarynyñ garaşsyzlyk göreşine şertsiz goldawynyñ hatyrasyny-da miras aldyk. Elbetde, Aziýa we Afrika ýurtlarynda hemme zat tama edilişi ýaly meselesiz öñe gidenok. Hatda käte wagt yza gidýän ýaly bolup görünýär (geçmişiñ sahypalaryny täzeden waraklan birnäçe afrika ýurdundaky harby döwlet agdarylyşyklary munuñ bir mysaly). Emma şonda-da ýagşy niýetde bolalyñ. Ýakyn wagtda Wladiwostokda geçirilen Gündogar Ykdysady forumynda gatnaşyjylaryñ "täze kolonializmden soñky" meseläni ara alyp maslahatlaşmagy global köpçüligi düzýän ýurtlaryñ ýaramaz güýçlere garşy üstünlikli görnüşde we parahatçylykly ýollar bilen göreşmäge taýýardygyny görkezdi. Witaliý NAUMKIN, Russiýanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Gündogary öwreniş institutynyñ direktory. Çarşenbe, 27.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |