14:16 Russiýa... Boş hyýala aldanmañ | |
RUSSIÝA... BOŞ HYÝALA ALDANMAÑ
Publisistika
Bolup geçen wakalar Russiýanyñ gowşaklygyny däl-de, gaýtam tersine, güýç-kuwwatynyñ we haýbatynyñ neneñsidigini görkezdi Russiýada ýurtdaky ýa-da bir adamyñ durmuşyndaky ýagdaý bilen baglanyşykly sorag eger haýsydyr bir hilegärlige ýa-da üstünlikli netijä degişli şübhe döretse, şol soraga umuman şeýle jogap berilýär: Boş hyýala aldanma. Soñky günlerde (meşhur nemes kompozotory Riçard Wagneriñ adyna meñzedip) degişme gatyşykly "sazandalar" hökmünde "Wagner" toparynyñ bir böleginiñ gatnaşan şowsuz döwlet agdarlyşygyna synanşykdan soñ, Günbatar metbugaty başlyklaýyn halkara habar beriş serişdelerinde bolup geçenler boýunça howuñy basyjy bahamar berildi. Günbatarly žurnalistler, daşary ýurtda ýaşaýan rus syýasatçylary, degişli hünärmenler, oppozisionerler hamana birmeñzeş pikirde ýaly (dürlipikirlilik nirde galdy?) soñky bolup geçen wakalaryñ Russiýanyñ "gowşaklygy" we döwletiñ "ynjyklygy", Russiýanyñ prezidentiniñ agyr urgy alan ýangynly zarbasy hakynda joşgunly çykyş edýärler. Bu berlen bahalarda olaryñ maksadynyñ bassyr-bussyrsyz bolşy-bolşy ýaly berilýändigine ynanýaryn. Galyberse-de, bolup geçen wakalar Russiýanyñ gowşaklygyny däl-de, gaýtam tersine, güýç-kuwwatynyñ we haýbatynyñ neneñsidigini görkezdi. Mümkin boldugyça tarap tutmazlyga we şeýle ýagdaýda Kremliñem meniñ hyzmatyma mätäç däldigine garamazdan, "Kremliñ ýallakçysy" ýaly hereket etmezlige dyrjaşyp, siziñ dykgatyñyza ýetirjek pikirlerim üçin käbir subutnamalary getirmekçi. Elimizde "gutarnykly netije" hökmünde näme bar? Muny düşündirmek üçin käbir zatlaryñ üstünde durup geçmeli bolýarys: Birinjisi, wakalar netijesinde Günbatarda ýakyn wagta çenli örän az adamyñ ünsüne düşen Russiýa bilen Belorussiýanyñ arasyndaky bileleşen döwlet ady berlen zat görlüp-eşdilmedik derejde güýçlendi. Mundan öñ ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyñ kemçilikli meselelerini ýañsylamak we oppozisionerleriñ "ata" diýip atlandyrýan Aleksandr Lukaşenkonyñ tersine gitmek däp bolupdy. Hawa, belarus lideri hemişe kyn şärikdeş bolup geldi we ol ilkinji nobatda öz ýurdunuñ bähbitlerini ileri tutýar. Beýleki bir ýandan Günbataryñ özüne garşy eden berk basyşlaryna garamazdan hemişe ynamdarlygy we beren wadalarynda durmagy bilen öñe saýlandy. Russiýanyñ häkimiýetini we garaşsyzlygyny goramak üçin Belorussiýada ýadro ýaragynyñ ýerleşdirilmeginden masgaraçylykly döwlet agdarlyşygyna synanşyk gününde Moskwa uzadylan doganlyk goly we Belarus respublikasynyñ prezidentiniñ arara durup üstünlikli ýerine ýetiren roluna çenli soñky hepdelerde bolup geçenler Moskwa bilen Minskiniñ arasyndaky gatnaşyklaryñ öñküsindenem berkändigini añladýar. Elbetde, bulam öz gezeginde iki ýurduñ Günbataryñ ýygjam basyşyna garşy pozisiýasyna oñyn täsirini ýetirer. Ikinjisi, rus döwlet dolandyryş edaralarynyñ graždanlyk urşunyñ çykmagynyñ öñüni alan döwlet ýolbaşçysyna, içen kasamyna we döwlete wepalydyklary ýene bir gezek äşgär boldy. Gozgalañçylaryñ ýoluny kesmäge synanşanda birnäçe wertolýot we söweşjeñ uçarynyñ uçarmany gahrymanlarça wepat boldy. Russiýa-Belorussiýa ýaranlygy pikir edilşindenem güýçlüdigi subut boldy. Şeýle-de Lukaşenko belarus goşunyny we döwletiñ beýleki gurluşlaryny örän çakgan ýagdaýda doly söweşjeñ ýagdaýa getirmegi we täsirliligini görkezmegi başardy. Ol eden çykyşyndan özündenem, Putindenem, Prigožindenem gahryman ýasap oturmagyñ hajatynyñ ýokdugyny nygtady. Çünki ol "bar bolan ýagdaýy gözden saldyk, soñam öz-özünden düzeler öýtdük, ýöne beýle bolmady, munuñ netijesinde täze global konflikt howpy şular ýaly alkyma gelip diremändi" diýip, sözüniñ üstüni ýetirdi. Putinem ýaragly gozgalañlaryñ elmydama diýen ýaly ýurtda içerki urşy we haosy döredýändigine ünsi çekdi. Emma her niçik bolanda-da agdarlyşyga synanşanlara diñe ýeñliş garaşýardy. Prigožin 24-nji iýun wakalaryny düşündirende, gozgalañyñ sebäplerinden biriniñ ýörite harby kompaniýalar bilen birlikde meýletinçi ýaragly toparlary 2023-nji ýylyñ 1-nji iýulyndan öñ Goranmak ministrligi bilen şertnama baglaşmaga mejbur eden ministrligiñ buýrugy bolandygyny aýtdy. Soñky wakalar netijesinde rus ygtyýarlylarynyñ gazanan uly üstünligi bu wakalaryñ başlan wagtyndan bäri paýtagta tarap ýaragly ýörişe gaýtmakdan ýüz öwren we ygtyýarlylar tarapyndan hödürlenen teklipleri kabul eden "Wagner" toparynyñ bir bölegi bilen bilelikde meýletinçileriñ döwlet gözegçiligi astyna girmegini gazanmagynda ýatyr. Ýogsam bolmasa ýap-ýañy Belorussiýa giden Prigožin urşujylarynyñ bary-ýogy 2%-niñ Goranmak ministrligine tabyn bolmaga razy bolandygyny öñe sürýärdi. Üçünjisi, günbatarly arkadaglary bilen birlikde russiýaly we belarusly oppozisionerler bilen Kiýew režimi halk köpçüliginiñ gözünden düşdi, çünki öñ olaryñ itden beter ýigrenýän, döwlet agdarlyşygyna synanyşylan wagtynda-da "duşmanymyñ duşmany dostumdyr" prinsipine eýerip, Putiniñ garşydaşyna öwrülen Prigožiniñ hereketlerine begenýändiklerini ilkibaşdan gizläp durmadylar. Emma ertesi gün şowsuz tamamlanan döwlet agdarlyşygynyñ liderleri ygtyýarlylar bilen ylalaşyga geldem welin, Belarusa giden Prigožin Moskwanyñ garşydaşlarynyñ berk tankydyna uçrady. Hatda ABŞ-nyñ Daşary işler ministrligi onuñ gaýdyp berilmegini talap etjekdiklerini mälim etdi. Dördünjisi, şu we Russiýada režim çalşygy umytlary puja çykan daşary ýurtly gatlaklaryñ täze rus garşydaşlygy isteriýasy tolkunynyñ añyrsynda Putiniñ görkezen sowukganlylygy, özüne bolan ynamy we erkekligi bilen birlikde şowsuz gozgalaña gatnaşanlary hyýanat etmekde aýyplansa-da, liderleri tarapyndan ýoluny üýtgedenlere görkezen hoşniýetliligi belli bir derejede "sazandalara" simpatiýa bildirenler taralyndan hormata mynasyp boldy. Russiýanyñ prezidentiniñ "Wagner" güýçleriniñ rus goşuny bilen egin-egne berip gahrymanlarça alyp baran göreşine gowy baha berendigini nygtaman bilmeris. Beýleki bir ýandan, bilnişi ýaly gozgalañyñ özüne dahylly bahasy-da diýseñ gazaplydy. Russiýanyñ prezidentiniñ at-abraýynyñ çalt artmagyna goşant goşan başga faktorlary-da sanap bilerdik. Ikkibaşdan ww hemme zatdan öñ aýgytlaýjy ýagdaýyñ "çözülmeginde" görkezilen adatdan daşary tizligi agzap bileris. Şol bir wagtyñ özünde Putin "sazandalar" tarapyndan urlup düşürilen birnäçe wertolýotdyr söweşjeñ uçarynyñ pilotlary bilen bir hatarda rus goşunynyñ çeken ýitgilerini aç-açan görkezdi we rus goşunynyñ serkerdeperi bilen geçirilen ýygnakda wepat bolanlaryñ hormatyna bir minutlyk dymyşlyk yglan etdi. Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen birlikde Russiýa dost ýurtlaryñ liderleri dürli dolandyryş kanallary bilen kömekçi güýçleriñ Putine beren goldawyny ýakyndan synladylar. Russiýadaky wakalaryñ ösüşi çäkleriniñ daşynda Russiýa dost günorta ýurtlarda bolşy ýaly şowsuz gozgalañyñ netijelerinden duýýan lapykeçligini gizläp durmaýan oña duşman Günbatar ýurtlarynda ýakyndan gyzyklanma bildirildi. Witaliý NAUMKIN, taryh ylymlarynyñ doktory, professor, Russiýanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Gündogary öwreniş instututynyñ direktory. Duşenbe, 03.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |