22:24 Saba şähriniñ üç haramzadasy | |
SABA ŞÄHRINIÑ ÜÇ HARAMZADASY
Saba köwüş gutusy ýaly uly şäherdi. Uly, giñ we uzyndy. Gämi pisint. On şäheriñ halky ol ýere jemlenipdi. Hemmesi-de ýüzleri ýuwulmadyk üç kişiden ybaratdy. Ol ýerde san-sajaksyz adam bardy, hemmesi diñe haýwan etini iýýän üç ham adamdy. Üç kişiden biri alyslary görerdi: Kördi! Beýlekisiniñ gulagy çakgyñ çüýi ýaly eşderdi: Kerdi! Üçünjisi çuw ýalañaçdy, eşikleriniñ syýy uzyndy. Kör şeýle diýdi: "Ine, şundan kazy-kelanlar gelýär. Olar haýsy kowumdan we näçe kişiden ybarat, hemmesi görýän". Ker "Hawa, menem ses eşitdim, ogryn-dogryn gürrüñlerem gulagyma gelip dur" diýdi. Ýalañaç: "Wah-eý! Geläýseler geýimlerimiñ syýyny keserler!" diýdi. Kör: "Serediñ, golaýlaşdylar. Gaçalyñ". Ker: "Güwwüldi alkymymyza gelip diredi, gitdik!" Ýalañaç: "Waý, dat! Eşiklerim aýagyma çolaşýar!" Şäheri taşlap ökjä tüýkürdiler. Ylgaý-ylgaý bir obanyñ çetinden girdiler. Ol obada semiz guş tapdylar, guşuñ endamynda et ýokdy. Guşy iýdiler, hajymelik açan ýaly iýdiler, gerk-gäbe doýdular. Garynlaryny gäberdip gapynyñ arasyna zordan sygdylar. Gitdiler pullaryny gözlemäge. Olar üçekleriñ üstünde gaýmalap ýördüler. Öñlerinden çykana-da "Pullarymyzy gördüñizmi?" diýip soraýardylar. Gijedi. Ybraýym Edhemiñ patyşalyk sürýän döwri. Patyşa ýatmaga hyýallanyp durdy. Şol wagt üçekden güpür-tapyr sesler eşdildi. "Kim het edip bilýär!" diýip, ýerinden turdy we köşgüñ penjiresinden "Kim bar o taýda, gijäñ bu çagy näme işläp ýörsüñiz?" diýip gygyrdy. Üç ýigrenji adam üçekden seslendi: - Ýitigimiz bar, şony gözleýäs. - Näme gözleýäñiz? - Pullarymyzy. - Heý, üçekdenem pul gözlenermi? - Eý, giñ göwünli adam. Sen tagtda otyrkañ Hudaýy gözleýäñ-ä. Näme bolupmyş beýle, bizem şu taýdan pul gözleýäs-dä. Ybraýym Edhem erbet utandy. Şondan soñ ony gördüm-bildim bolmady. Üç bihaýa Edhemiñ tagtyna oturyp, Sabany dolandyrdy. Rugsatsyz gurlan willa ýaly uly şäherdi ol ýer. Harsydünýälik bilen dolandyrdylar, bar zady iýip-içip gutardylar. Kördüler, kerdiler, ýalañaçdylar. Emma olar Sabada hökmürowanlyk süren döwürlerinde elhençlige meñzemeýän ýeke düýşem görmediler. Gürsel KORAT. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |