DÖWLET ÝAZYJA PUL BERMELI DÄL
Ýazyjy birinden pul alýan bolsa - bu eýýäm hak-heşdek bolýar (hantamaçylyk döreýär), ýazyjy el-etek ogşamagy öwrenýär. Ünsi ýitileşdirýän özbaşdaklygy, ahlagy beýgeldýän biminnetligi unudýar.
Ýazyjy garyp bolmaga mejbur däl, patronaža (покровительство) üns bermäge mejburdyr.
Metin Jelal pozisiýasyny goldamagy dowam etdirýär we TEDA maksatnamasyndan goldaw alýanlary "Sizem şu etmişe şärikdeşsiñiz" diýip gymyldamaz ýaly etmek isleýär.
Görnüşi ýaly Metin Jelal "Günäsi ýok kişi birinji daşy zyñsyn" diýip signal berýär. Eýsem bu, "ortada bir ýalñyşlyk bolsa, bu ýalñyşluk ony edýän kişiler köpeldigiçe bagyşlanmaga degişlidir" diýmek bilen birdir. Düýn "Eziz Nesinem pul alypdy" diýen Metin Jelal onuñ haýyr-sahawat guramasy üçin (TYS) pul sorandygyny görmezlige salan bolup, ömürboýy hakykatyñ we adalatyñ ugrunda ylgan beýik ýazyja dil ýetirdi, soñra TEDA meselesini orta atdy.
Emma TEDA ýazyjyny gönüden-göni gyzyklandyrmaýar, gaýtam ol edebiýaty daşary ýurtlara wagyz etme we ýurdy tanatmak üçin bölünen fonddyr, “şu adama pul bereliñ, ýöne gizlin bereliñ” heşdegi däldir. Ýazyja döwlet kömegi diýilýän zat - halkyñ puluny ýapyk gapylaryñ añyrsynda "ýörite saýlanan" adamlara bermekdir. Muny kanunlara laýyklap edip bilerler, emma ahlaga düýbünden tersdir. Jenaýat hasaplanman bilner, emma dogry däldir.
Ýazyjylygy "döwlet kömegi" düşünjesi we eksport-import sektoryndan öwrenilen düşünjeler bilen hapalamagyñ geregi ýok. Goý, muny ähli hapalyklary bilen konserwatorlar etsin, çepçilerem şol puldan binesip galsyn. Döwletiñ çepçi ýazyjylara-da pul berilmegini üpjün eden rehim-şepagatly ellere eýe çepçi eminleri bolmasyn. Çünki bu uly patronažyñ kiçijik hilesidir: “Biz herkese pul berýäris” diýip, ýöne “Nämüçin pul berýäris?” diýýän ýok.
Bu - ýazyjyny gassabyñ pişigi derejesine düşürmekdir.
Bu - ýazyja "masgarabaz" diýmekdir.
Emma ýazyjylar ýoklugyñ guýusyndan suw çekenlerdir, olar bolmadyk deñiz-derýalarda ýüzüp, hiç kimsiz dünýäde märekelere goşulýan adamlardyr.
Olar garaşsyz wyždan, egilmejek baş, döwülmejek at-abraý bolup ýaşamalydyrlar.
Şeýtmeýänler döredijilik dünýäsiniñ hakydasynda ýokluk içre ýaşap ölüp gidýärler, bir zatlar tapaýan ýagdaýynda-da, muña giç ýeten dünýä ýazyjylarynyñ wyždany bilen ýüzbe-ýüz bolarlar.
Wansiniñ kenarynda garyplyk zeratly kesellän we “Haýyş edýärin, meni öldür” diýip ýalbaran uýasyna şol garyplygyñ içinde jowranyp seretmäge jan eden, uýasy ölenden soñam öz janyna kast eden Erik fon Kleýst döwletiñ hemaýaty bolmasa ýazyp bilmeýän häziriñ köşk gullaryna sapak bolsun.
F.Dostoýewskiniñ sürgünlerde döwülen şatlygyny, humarbazlygyny we hatda şahsy ahlak taýdan pesliklerini bizdäki ýaly tarapgöý şahyrlaryñ döwletden alýan pul kömegine öwürme mümkinçiligi ýokdy. Goý, bulam "döwlet ýazyjyny goldamasynmy?" diýenlere jogap bolsun.
Ömri ýeter-ýetmezçilik bilen geçen we öz janyna kast eden N.Gogol, hossarsyz galan Muhammet Fuzuly, ýazmakdan başga baýlygy bolmadyk Orhan Kemal, baryny-ýoguny çagalara bagyş eden Eziz Nesin akly-huşy bolan herkese erkinligiñ görüm-göreldesi hökmünde ýeterlik mysal bolsa gerek. Şonuñ üçinem döwlet kömegi meselesini ýüregedüşgüç şekilde öñe sürýän çepçiler bir gün utanarlar. Çünki edebi we ynsaby tirsegine galan güni adam diýeniñ nämä arkalanyp ýaşandygyna göz aýlaýar.
Gep kimiñ kime pul berýänliginde däl: Gep - ýazyja gizlin ýa-da aç-açan ýagdaýda pul berilmegine garşy çykmagy ýazyjylygyñ bar boluş prinsipi hökmünde oñlamakda ýa-da garşy çykmakdadyr.
Ýazyjy bilen pulsuz oññut etmegi tapawutlandyrýan zadam şudur. Ýigrenji osmanly däbi-de hiç kimiñ ýadyna düşenok: oppozisiýanyñ ähli wekilleri Abdülhamyt II-niñ puluna ýaşady, iñ düýpli oppozisionerler-de ummasyz pullary aldy: Käbirleri "hem oppozisioner hökmünde çykyş etjek, hem pulumy aljak" diýip biler, emma bu sungatyñ Sait Halim paşasy bolmaga hyýallanmak bilen birdir.
Bazaryñ edebiýaty gözegçiligine alma formalaryna garşy nähili göreşmelidigimizi oýlanyp-ölçerip ýörkäk, beýik byradaryñ ýazyjylara ýolbaşçylyk etme synanyşygyna arka durýan çepçileri görmek, Brutyñ hanjaryny ýalpyldap gidende görmek bilen bir zat bolýar.
Gürsel KORAT.
Terjime eden: Has TÜRKMEN.
Edebi makalalar