22:59 Käbir ölüler dirileri halas edýär... | |
KÄBIR ÖLÜLER DIRILERI HALAS EDÝÄR...
Edebi makalalar
- Çetin Altanyñ ýagty ýadygärligine - Ölüm käte köp zadyñ soñy däl-de, başlangyjy bolýan bolsa, megerem, şular ýaly ýagdaýlar üçin aýdylan bolmaly: Käbir ölüler dirileri halas edýär... Şuglaly köle bökjek bolýan gurbaga ýaly şatlanyp böküpdim. Nazym Hikmetiñ şygyrlaryny okap, bütinleý üýtgeşik dünýäniñ gädiginden jykladym, onuñ saçynyñ deregne gyzyl ot bar ýaly görünýän suratyna seredip, okaýanlaryma ynanamokdym: Deñiziñ üstünde ala bulut, Ýüzünde-de kümüş gämi… Şahyryñ başyna ne hupbatlaryñ gelendigini bilemokdym. Ýaza meñzäp duran durmuşymyñ ýañy bir gyrasyndan giripdim - on ýedi ýaşapdym. Başyma näme inende-de oña dogry düşünip biljek ýaşda däldim, men ol sesiñ şuglasyna aklym başymdan uçupdy: Hemmäñ bir agyzdan aýdymlar aýdyp, Hemmäñ bile suwdan çekişmek tory... Birinji gezek añymda jemlenen sözler bilen jahana göz aýlaýardym. Maña durmuş düýbünden başga hili bolup görünýärdi: Meger dünýä diýeniñ diñe göz bilen görülmeýän, ony hyýalyñda janlandyrybam bolýan eken, şuña düşündim. Goşgularyny gaýtalap öwran-öwran okadygymça dilim tutulyp, damagym dolmaga başlady: bu beýik jümleleriñ yzasy janymy alyp gelýärdi. Bu gün ýekşenbe diýip, meni birinji gezek güneşlemäge çykardylar. Şahyr türmededi. Onuñ näme eden etmişi bolup türmä girdikä? Okadygymça haýran galýardym: Harby topalaña çagyrandygy üçin giripdi. Harby topalaña çagyrmak... Bular ýalam etmişiñ bardygyny bilenimde ynanjagymy-ynanmajagmy bilmän kän oturdym. • Ýaşajykdym Ýaşajykdym we durmuş meñ gözüme älemgoşar dek öwşün atyp durdy. Eziz Nesiniñem türmede ýatandygyny, öýüniñ ýygy-ýygydan barlanyp durlandygyny okap, şeýle ýaşaýşa imrinipdim. Gowy zadyñ öñünde duran ýaly, göýä bular muşakgat däl ýaly gülüpdim. Synama basyp, şol ýerde kommunistleri ýakmaga synanşan adamlaryñ şäherinde - Kaýseride ýaşaýanam bolsam, şäherimiziñ heniz demokratik gymmatlyklardan daşda bolan döwründe ýaşaýandygymyz üçin arzuw-hyýallarymyz terjedi. Emma bir gün Eziz Nesini okap-okap gülüp-oýnaýan döwrümiñ soñuna gelendigimi duýdum: Megerem, durmuş onuñ aýdyşy ýaly gözýaşdan süzülip alnan bir goşawuç gülkimiş! Munyñ dogrudygyna hasam gowy göz ýetirip başladym. "Markopaşany" okanymda mazaly haýranym hekgerdi: Ol Sabahatdin Aly bilen bu žurnal çykarjak bolanlarynda telim gezek türmä giripdirler.... Çykaran žurnallary ýygnalypdyr, elde köpeldilipdir... Halky topalaña çagyrmak... Kommunistlik... Bular ýaly etmişiñem bolýandygyna düşünmek mümkin däldi. Aslynda bolsa "Tan" çaphanasyna çozulypdy, çygyrdan çykan jemendeler kommunist awlamaga çykyp alamançylyk edýärdi. Çagalygymda-da şuña meñzeş wakalar bolup geçýärdi, bu ýurduñ mejlisinde Çetin Altana, köçelerinde kitapçylara, kinoteatrlarynda konferensiýalara ölüm howply çozuşlar gurnalýardy. Sabahatdin Alynyñam şol bulagaýlyklarda öldürlendigini şu zatlary okansoñ bilip galdym. Şol wagt ýazyjyny we akyl-paýhasy diñe şeýdip öldürip bolýandygyny hem-de şeýle jenaýatlaryñ başynyñ şondan başlanýandygyny bilemokdym. Ýurdumyzyñ gorkunç ýazgysyny ýazýanlar işlerine Nazym şahyrdan başlapdyr, ýöne ony öldürip bilmän ellerinden sypdyransoñ, Sabahatdin Alyny öldüripdiler, hernä Eziz Nesine hemişe dişini gyjap gezen ajal perişdeleri bet pygyllaryna ýetip bilmändiler. "Ýeñsäni gaşamaly" däldigini birinji gezek şondan eşdipdik. • “Hyýallaryñ üçin ölmek” Şol wagtlar "bu ýurduñ hakyky eýelerinden" bolmasañ, bagyşlañ welin, öýüñem talanýandygyny, işleýän ýeriñem basylýandygyny, ýakylýandygyny, hakykatyñ külüniñ göge sowrulýandygyny bilemokdym. "6-7-nji sentýabr wakalary" nasionalist tolkunyñ çakdanaşa dolup-daşmagyndan başga zat däl. Owadan we bagtly dünýäniñ arzuwy içine girmäge eýmendirýän gorkunç howla öwrülýärdi, Türkiýäniñ birinji gezek bellän 1-nji maý baýramy gana bulananda on ýedi ýaşymdadym. Şol gün reñbe-reñ arzuw-hyýallar bilen başlan umyt ýolagçylygym heniz on ýedimi doldurmanka tüm-garañky ýurdy başyna çekdi. Bu ýurduñ saýry böleginden hasaplanýarsyñyz, watanyñ hakyky eýelerinden bolup bileñzok, siziñ oý-hyýallaryñyz howply we saýrylaşdyryjy saýylýar, bu "howply" oý-hyýallar sebäpli ölmäge hukuk gazanypsyñyz. Juwan ýaşymda öwrenenim şu boldy: Başymyzdan geçýänler hapa duzakdan başga zat däl we oý-hyýallarymyzam howp astyndan. Adamlar oý-hyýallary üçin ölýärler. Daş-töweregimde gandöküşikli teraktlar gaýmalaýardy. Maraş wakalarynda ýüzlerçe alawy öldürlipdi. Çorumda-da şeýle boldy. Bu ýurtda ýönekeý jemendeler başgalaryñ malyny we janyny talamaga werziş etdirlipdi: bir topar ganhorlar elleri ýaragly we ot kesindili gelip, adamlary öldürýärdi, öýlerini ýakýardy. Awtobus duralgalary agdar-düñder edilip, çaýhanalar bombalanýardy. Dünýäniñ huzury gaçypdy, ýaşar ýaly bolmandy we duşmançylyklardan doly ýere öwrülipdi. Dogan Öz, Abdi Ipekçi, Kemal Türkler, Ümit Kaftanjyogly, Bedretdin Jömert ýaly tanymal progressiwleriñ we sindikat liderleriniñ janyna şol ýyllarda kast edilipdi. Çepçiler eden-etdiçilikli teoriýalara ýüzlenip, "bu beýle bolmaly däl" diýdi. Mähir-muhabbet bilen ulaldylan çagalaram şunuñ ýaly kineli we agressiw dünýä garşy çyksa gerek - onsoñam biziñ hemmämiz mähir-muhabbet içre ulalamzok ahwetin: Her kes biri-birine şeýle şertlerde iñ añsadyny-ýigrenji öwretdi. • Bir zatlar üýtgemelidi Şol ýyllar öz-özüm pikirlenip, şuglaly kölüñ sumat bolandygyny duýupdym. Ugrunda ölüler berilen ýol nämüçindir ýakymsyz görnüp başlapdy. Munuñ sebäbi kimkä, duşmanlarymyzmy ýa özümiz? Başymdan geçenler maña köçä çykmaga köp meýil edendigimizi, akyl-paýhasa we ylym-bilime kän üns bermändigimizi aýdýardy. Sowet Soýuzynda, Hytaýda, Ýewropada nämüçin tapawutly sosializmler barka? Nämüçin hemişe diýen ýaly uruş medeniýeti mazamlanýardy? Okan kitaplarymdan düşünşimçe XVIII asyryñ ahyryndaky sosializm taglymyndan köp sanly akyldar, ýazyjy-şahyr täsirlenipdi, munuñ tersine rewolýusiýadan soñ diñe rewolýusiýa köp zyýan çekipdir, ýazyjylar we akyldarlar rewolýusiýany terk edipdir. Türmededim. "12-nji sentýabr" gara bulut bolup üstümize çöküpdi we hemmämizi atatürkçi etmek üçin ýeñini çyzgap daşymyza geçipdi. Her günümiz agyr-agyr gynamalardan doludy. Käbir egindeşlerimiz öldürildi. Iñ agyry Ilhan Erdostyñ öldürilmegi boldy. Dost-ýarlarymyzy dar agajyna ýolladyk, taýak barsyny iýdik we ol ýerden saglygymyza düýpli şikesleri alyp çykdyk. Türmelerde atatürkçi terbiýesini zor bilen boýnumyza dakjak bolýan şol wagtyñ syýasy režimi bir ýandan aldygyna "Ymam Hatyp liseýlerini" açmak bilen başagaýdy, ol kommunizme garşy din tirýegini ulanjak bolýardy. Türmeden çykansoñ täzeden şuglaly köle bökjek bolýan ýaly kitaplara ýapyşdym we bu gezek öñ etmedik işimi edip, dünýä klassyklaryny okamaga başladym. • Harby topalaña çagyryş Çagyryş boýunça harby gullugy ine-gana etdirmediler, çünki gullukdaşlarymyñ ikisi harby topalaña çagyryşdan türmä basyldy: bular Aly Nesin we Sewan Nişanýandy. Gözümiñ alnynda bolup geçen bu derñew sahnasy maña öñden mälim şol ajy hakykaty ýatladýardy: Gelip çykyşy boýunça ermeni bolan Sewan Karl Marksyñ şol wagt "Grundrisse"-sini terjime eden sosialistleriñ biridi. Matemika professory Aly Nesin bolsa döwletiñ näçe synanyşsa-da öldürip bilmedik beýik ýazyjysy Eziz Nesiniñ ogludy. Biz gullugymyzy döwletiñ penjesinde jowrana-jowrana eden adamlar. Döwlet bizi et geçirýän maşyn ýaly şatyr-şutyr towlanyp, öz içine dolap alýardy. Elbetde, hemişe gapana düşüp duramzokdyk, daşymyza geçmeleriñ käbiri ýarpy galýardy. Emma döwletiñ başynda "garañkyda oturan" kimdir birileri bu işiñ iru-giç täzeden dowam etjekdigini bilýärdi. Hiç hili eden etmişiñ bolmasa-da "harby topalaña çagyrmakdan" birnäçe ýyllap türmede ýatyp bilýärdiñ, a bu ýurduñ "garañky" adamlary bolsa her pursatda talañçylary topalaña çagyryp, olaryñ öwrenşen wandallygynyñ labyryny jemgyýetiñ üstüne atdyrýardy. Şol "garañky" akyl 1993-nji ýylda ýarpy galan işini ýadyna saldy, Siwas gyrgynçylygyny başymyza saldy. Eziz Nesiniñ ölümden zordan sypan şol pajygaly wakasynda birnäçe dost-ýarymyz gurban boldy. Türmede elimiziñ aýasynda dostlarymyz ölende Siwas teraktyndaky ýaly erbet hala düşmändim. Dünýä indi barha ýaramazlaşýardy. Men mundan beteri bolup bilmez diýýärdim. • Dur bakaly, nämeler bolar entek! Meger hemme zadyñ başy eken. Ugur Mumjy, Bahriýe Üçok, Muammer Aksoý, Turan Dursun dagylar yzly-yzyna öldürildi, gözümiz ölümden açylmady. Ganly teraktlar gündelik bolýan wakalaryñ birine öwrüldi. Şeýle bolansoñ taryh gapysyndan jykladyk, geçmişde nämeler bolup geçipdir diýip, düýnümize ser saldyk: gorkunç hakykat dygysyz ýüzümize uruldy durdy: ermenileriñ, ýewreýleriñ, rumlaryñ, Dersim zazalarynyñ, alewileriñ, kürtleriñ, kommunistleriñ hasratdan pürepür köpçülikleýin gyrgynçylyklary, talañçylyga uçradylmagy we sürgün edilişleriniñ taryhy... Üstesine bu ýurtda Balkanlardan kowulmagymyzdan beslenýän saýry duşmançylygyny gurmak örän añsat we döwlet iñ esasy paramilitaristik goldawyny şundan alýar. Döwletiñ içindäki garañky çüñkler haçanda likwidasiýa işlerini geçirmäge meýillense, öldürmäge meýilli we mundan keýp alýan azgynçylyga gylaw berýärdi. Bu ýurduñ progressiw ynsany bagtly çaga ertekisiniñ gür baglygynda dogulsa-da, ulalanda şol baglygyñ batgalyga öwrülýändigini görýär. Barça progressiw ynsanlaryñ gutulgysyz karary şol batgalygy guratmak üçin çyrpynmakdyr. Olaryñ hemmesi bagtly we şuglaly kölde ýalkym saçyp ýüzmek üçin ýola çykan, ýöne möjek gapanyna düşüp ölen kişilerdir. Muny bilmeýän ýok, emma her näme bolanda-da şol ýola girmekden başga çykalga ýok. Togsanynjy ýyllarda gözümiziñ alnynda bombalalan redaksiýalarda işlän ýoldaşlarym şunuñ üçin ölüp gitdiler. • Şuglaly kölleriñ duzagy Ýurduñ taryhyny gürrüñ berjek bolamok. Ýyllar toýnuk gurap geçdi durdy. Postmodern agdarlyşygam, harby diktaturanyñ soñlanmagam şol wagtlar bolup geçdi - Ýewropa bileleşiginiñ umumy ýörelgelerine laýyk demokratik ýurt gurmagy tama edip durkak, özümizi ýene bir gezek birmahalky dyzmaç "gardaş garpyşygynyñ" giriş basgançagynda gördük. Jeññelimiziñ ýaş juwanlarymyzyñ ganyny içmäge höwesli aždarhasy ýene gana suwsady: hawa, tutuş bir nesliñ şuglaly köllere çümüp ýüzme arzuwy puja çykdy. Üstesine bu gezek namartlarça, nadanlarça, bigaýratlarça talanan ýere düşdük. Ýurdy Orta Gündogar batgalygyna iteren yñdarma, agressiw, rehimsiz, saýrylaşdyryjy, betpygyl gatlak ahyryn maksadyna ýetdi. Bagdatda, Halapda bolşy ýaly, biziñ şäherlerimizde köpçülikleýin ölümleriñ bolup geçýän teraktlaryny şaýat bolýarys. Halkyna sütem eden diktaturany birinji gezek şeýle perwaýsyz ýagdaýda gördük. 1955-nji ýylyñ 6-7-nji sentýabrynda iki günläp dowam eden we birnäçe ýyllap saklanan çapawulçylygy çekinmän-etmän aýlap-hepdeläp kürtlerdir çepçilere eden, Batman, Surujy, Kyrşehiri, Ankarany jan bazaryna öwren we muña perwaýsyzlyk bilen garaýan kemgöz, saýrylaşdyryjy häkimiýetden ýaña ne görgülere galdyk... Bular kürsüsine ýapyşyp ýatan, jogapkärçilik duýmaýan, hiç bir demokratik gymmatlyga ähmiýet bermeýän, eksplutator, şermende gatlak. Halk deputatlarynyñ wandallaryñ öñüne düşüp "halky topalaña çagyrýan" lýumpenliginiñ topary. Bu mesele bilen baglanşykly tutarygyny-da jemgyýetiñ iñ eldegrilmesiz "Söz we metbugat azatlygyny" ýok etmek üçin hüjüm edýändigini aýdýan şowakörlük. Şuglaly kölleriñ çagyryşy bu ýurduñ progressiw ýüzleri üçin duzakdyr: Köpçülikleýin gyrgynçylyklaryñ yzy üzülenok. Suruçda, Diýarbekirde, Ankarada ýüzlerçe adamyñ gurban bolan gyrgynçylygyny kim etdi diýen soragyñ jogaby aýlawly-dolawly bolup biler, emma hijem aýlawly-dolawly bolmadyk hakykatlar bu häkimiýete dünýäde hiç bir bagty gan bilen gözýaşyñ üstünde gurup bolmaýandygynyñ hakykatyny öwretmäge taýýarlygyny görýär. • Deñiziñ üstündäki ala bulut Haçanam bolsa bir gün bu goh-galmagallardan soñ, deñiziñ üstünde ala bulutlaryñ, ýüzünde kümüş gämileriñ, içinde saryja balyklaryñ bardygyny çagalarymyza öwrederis. Olara "deñiz ýaly boluñ" diýeris, "Azatlygymyz deñizdir, bu şuglaly suwlara hemmämiz biragyzdan aýdym aýdyp gireris, torlarymyzy gülüp-oýnap çekeris suwlardan…” Biz munça ölini boş ýere bermedik. Bu ölileriñ ahy olary öldürene ýükdir, misli eşideni dälä öwrüp taşlaýan sirenalaryñ sesidir. A wyždany arassalar üçin ýas aýdymy-da deñziñ çakylygy bolup eşdiler, şatlykdan ikiýana towusýan gurbagalar dek başymyza nämeleriñ geljegini pikir etmän köllere bökeris. Ýeñsäni gaşamak ýok. Nazym şahyry - gyzyl ot saçly beýik ozanymyzy bihuda okaýan däldiris. Eziz Nesinler dereksiz ýere bu güzaplara döz gelmediler, Sabahatdin Aly boş ýere öldürilmedi. Ölüm käte köp zadyñ soñy däl-de, başlangyjy bolýan bolsa, megerem, şular ýaly ýagdaýlar üçin aýdylan bolmaly: Käbir ölüler dirileri halas edýär. Gürsel KORAT, türk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |