Bismilla diýip, beýan eýleý hikmet aýdyp,
Talyplara dürri-göwher saçdym men-ä.
Ryýazatny gaty dartyp, ganlar ýuwdup,
Men depderi many sözün açdym men-ä.
Sözni aýdam, her kim bolsa didar talap,
Jany-janga peýwend kyldym, rükni awlap,
Garyp, pakyr, ýetimleriň başyn yslap,
Köňli bütin halaýykdan gaçdym men-ä.
Kaýda görseň köňli synyk, merhem bolgul,
Ondag mazlum ýolda bolsa, hemdem bolgul,
Ruzy-magşar didaryna mährem bolgul,
Maýu-menlik halaýykdan gaçdym men-ä.
Garyp, pakyr, ýetimleri Resul sordy,
Oşol halda Magraç çykyp, didar gördi,
Gaýdyp düşüp, garyp, pakyr, ýetim sordy,
Garyplaryň yzyn yzlap, düşdüm men-ä.
Aýat-hadys, her kim aýtsa samyg bolgul,
Ymmat bolsaň, garyplara tabyg bolgul,
Ryzk, ruzy herne berse kanyg bolgul,
Kanyg bolup, şowk-şerabyn içdim men-ä.
Medinäge Resul baryp, boldy garyp,
Garyplykda mähnet dartyp, boldy habyp,
Jepa dartyp, ýaradana boldy karyp,
Karyp bolup, ukbalardan aşdym men-ä.
Akyl erseň garyplaryň köňlün awla,
Mustapa dek ili gezip, ýetim kowla,
Dünýäperest, näjynslardan boýun towla,
Boýun towlap, näjynslardan gaçdym men-ä.
Yşk babyny Möwlüm açdy, maňa degdi,
Toprak kylyp, «häzir bol» diýip, boýnum egdi,
Baran sypat, melamatyň oky degdi,
Dile alyp, ýüregimi açdym men-ä.
Köňlüm gatyg, dilim ajyg, özüm zalym,
Gurhan okap, amal kylmaý ýalan alym,
Garyp janym sarp eýläýin, ýokdur malym,
Hakdan gorkup oda düşmeý, bişdim men-ä.
Altmyş üçe ýaşym ýetdi, özüm gapyl,
Hak emrini mäkäm tutmaý, köňlüm jahyl,
Ruza, namaz kaza kylyp, boldum kähil,
Ýaman yzlap, ýagşylardan gaçdym men-ä.
Wadaryg-a, muhabbetiň jamyn içmeý,
Ähiliýal, hany-mandan doly geçmeý,
Jürmi-usýan, girehlerni munda açmaý,
Şeýtan ga:lyp, jan bererde çaşdym men-ä.
Imanyma çeňňal urup, kyldy gamnäk,
Piri mugan häzir bolup, saçdy tirýek,
Şeýtan lagyn gaçyp menden gitdi bibäk,
Bihamdulla, nury-iman içdim men-ä.
Piri mugan hyzmatynda köýüp ýördüm,
Hyzmat kylyp, gözüm ýumup, häzir durdum,
Medet kyldy, Azazylny tutup mündüm,
Ondan soňra ganat kakyp, uçdum men-ä.
Garyp, pakyr, ýetimleri kylgyl şadman,
Halklar kylyp, eziz janyň aýdy Gurban,
Towme tapsaň, janyň birle kylgyl myhman,
Hakdan eşdip, bu sözleri aýdym men-ä.
Garyp, pakyr, ýetimleri her kim sorar,
Razy bolar, ol bendeden Perwerdigär,
Eý, bihabar, sen bir sebäp, özi esrar,
Hak Mustapa pendin eşdip aýdym men-ä.
Ýedi ýaşda Arslan Baba kyldym salam,
Hak Mustapa amanatyn kylyň engam,
Şol halatda müň bir zikrin kyldym tamam,
Nebsim ölüp, la mekana aşdym men-ä.
Hurma berip, başym yslap, nazar kyldy,
Bir pursatda ukby sary sapar kyldy,
Elwedag diýip, bu dünýäden güzer kyldy,
Mekdep baryp, kitap tutup, daşdym men-ä.
«Innä fatahna»ny okap, many sordum,
Pertöw saldy, bihut bolup, didar gördüm,
Molla urdy, «üsküt!» diýdi, bakyp durdum,
Ýaşym saçyp, muztar bolup, durdum men-ä.
«Eý bihabar, many bul!» diýip, aýan kyldym,
Bir aýaty müň manyda beýan kyldym,
Hary-zarlyk, muşakgaty nyşan kyldym,
Ondan soňra Hak ýoluna düşdüm men-ä.
«Eý-a nadan, many bul!» diýip, şepkat urdy,
Ondan soňra çöller gezip, Hakny sordum,
Ruzy kyldy, Azazylny tutup mündüm,
Leňňer döküp, bilin basyp, ýençdim men-ä.
Zikrin tamam kylyp, uýdum diwanaga,
Hakdan özge hiç sözlemeý bigänäge,
Şemgyn yzlap, şähri boldum perwanaga,
Köýüp, ýanyp, ahgär bolup, öçdüm men-ä.
Namu-nyşan hiç galmady «lä, lä» boldum,
Alla zikrin aýda-aýda «illä» boldum.
Halys bolup, muhlys bolup, «lillä» boldum.
Penafilla makamyna aşdym men-ä.
Sünnet ermiş, kapyr bolsa berme azar,
Köňli gatyg dilerazdan Hudaý bizar,
Alla haky, ondag gula Syjjyn taýýar,
Danalardan eşdip, sözni saçdym men-ä.
Sütünlerin mäkäm tutup, ymmat boldum, Ýer astyna ýalňyz girip, nura doldum,
Hakperestler makamyna mährem boldum,
Tygy batyn birle nebsi, sançdym men-ä.
Nebsim meni ýoldan urup, har eýledi,
Zikr aýdyrmaý şeýtan birle ýar eýledi.
Delmurdyryp, halaýyga zar eýledi,
Häzir men diýp, nebs başyny ýençdim men-ä.
Gul Hoja Ahmet, gaflat birle ömrüň ötdi,
Wa hasrat-a, gözden, dyzdan kuwwat gitdi,
Wa weýlet-ä, ymmatyňnyň wagty ýetdi,
Amal kylmaý, kerwen bolup göçdüm men-ä.
2
Alla diýen, ýakyn gulnuň görsem ýüzün,
Hyzmatynda Alla zikrin aýtsam men-ä.
Ahyrete Alla diýu, barar bolsam,
Men hem dynmaý Alla zikrin etsem men-ä.
Kaýu gulga Alla ady bolsa hemra,
Açylar gözi, ýolun tapar, bolmas gümra,
Ýawuk dilden, gaçar ermiş gaflat, günä,
Ruzy kylsa, günälerden gaçsam men-ä.
Ten-jan birle bir arypnyň tutsam adyn,
Hemra bolup, janym birle aýtsam ýadyn,
Tä, diri men, hyzmat kylyp jan-u dilden,
Muhlys bolup, astanyda ýatsam men-ä.
Alla diýen aryp gulnuň göz ýaşyny,
Zaýyg goýmas, Kadyr Eýäm her işini,
Röwşen kylar, Kadyr Eýäm iç-daşyny,
Men hem mydam, dynmaý Alla diýsem men-ä.
Gul Hoja Ahmet, dynmaý mydam Alla diýgil,
Ahyrýetiň azabyndan gorkup ýörgül,
Aryg iman birle mundan sapar kylgyl,
Tä ölünçäm, Alla zikrin etsem men-ä.
3
Eý-a dostlar, nadan birle ülpet bolup,
Bagrym köýüp, jandan doýup, geldim men-ä.
Dogry aýtsam, egri bolan, ahym dolan,
Ganlar ýuwdup, gam zährine doldum men-ä.
Nadan birle öten ömrüň nary-sakar,
Nadan barsa dowzah ondan kylgaý heder,
Nadan birle dowzah sary kylmaň sapar,
Nadan içre hazan ýanlyg boldum men-ä.
Doga kylyň, nadanlaryň ýüzün görmeý,
Haktagala rapyk bolsa, bir dem durmaý,
Bimar bolsa nadanlaryň halyn sormaý,
Nadanlardan ýüz-müň jepa gördüm men-ä.
Ýer astyna gaçyp girdim nadanlardan,
Elim açyp, doga diläp merdanlardan,
Garyp janym müň tassadyk danalardan,
Dana tapmaý, ýer astyna girdim men-ä.
Nadanlary menden sormaň, göwsüm Haka,
Hakdan gorkup, matam tutsam güler kah-ka,
Agzy açyk, nebsi ulug, misli laka,
Nadanlardan gorkup saňa geldim men-ä.
Kylma tamyg nadanlardan, gadryň bilmes,
Zulmat içre ýol azaşsaň, ýola salmas,
Boýnuň gysyp, zary kylsaň goluň almas,
Nadanlardan şikwe eýläp geldim men-ä.
Dat eýlesem Haka dadym ýetermikän?
Göwsümdäki zeňgarlarym gidermikän?
Hemme nadan bu dünýäden ötermikän?
Ýa Ilähim, saňa sygnyp geldim men-ä.
Owal-ahyr huplar gitdi, galdym ýalňyz,
Nadanlardan eşitmedim bir ýagşy söz,
Dana gitdi, nadan galdy, iýdim efsus,
Ýolny tapmaý, haýran bolup, galdym men-ä.
Dagy-hijran ezdi bagrym, kany dertment?
Dana - toprak, nadanlaryň göwsi belent,
Aýat-hadys beýan kylsam, etmes pisint,
Göwsüm deşiň, derdi-gama doldum men-ä.
Derdi-halat tugýan kyldy, barmy tebip,
Arzy-halym saňa aýdaý, ýalňyz Habyp,
Barça talyp ülüş aldy, men binesip,
Ülüş-ussat, döwta bolup, geldim men-ä.
Hany-manyň terk eýläban, ülüş algyl,
Eý bihabar, dünýä işin artga salgyl,
Alla sahy, lutfun görüp, haýran galgyl,
Görer men diýp, pena bulup, geldim men-ä.
Hak waslyny yzlap tapmaý haýrany men,
Dynmaý ýyglap, köňli bozuk, weýrany men,
Halym sorsaň, men talyby-janany men,
Jananymy yzlap pena buldum men-ä.
Aýat berdiň «Tubu ileýk» , dynmaý aýdaý,
Toba eýläp, egri ýoldan rastga gaýdaý,
Piri-mugan hyzmatynda jepa dartaý,
«Ýa hadyý-yl ma:zyllin» diýip, geldim men-ä.
Men depderi sany aýdym, size ýadygär,
Erwahymdan medet diläp, okaň zynhar,
Doga kylaý, wasyl kylsyn Perwerdigär,
Rahman Eýäm, arz etgeli geldim men-ä.
Hikmetimden bähre alan, göze sürsün,
Yhlas birle göze sürtüp, didar görsün,
Şerti oldur, ryýazata meşgul bolsun,
Jandan geçip, jananymy gördüm men-ä.
Dagy-çölde hemra kylyp ýörse özi,
Men aýtmadym, Aýat, Hadys, Gurhan sözi,
Ýetmiş dürli bela gelse, gatmas özi,
Bela gelse sabr bolup, durdum men-ä.
Eý, Gul Ahmet, geda bolsaň, Haka bolgul,
Başyň birle erenlere hyzmat kylgyl,
Nazar tapsaň halka gurup, söhbet kylgyl,
Halka içre ägä bolup, durdum men-ä.
4
Tagalalla aşyklara berdi yşkyn,
Şäkir bolup örtäp, köýüp, ýandym men-ä.
Iki älem gözlerime haşhaş däne,
Görünmedi, ýalňyz Haky söýdüm men-ä.
Jandan geçip, ýalňyz Haky jana goşdum,
Ondan soňra derýa bolup, dolup-daşdym,
La mekany seýr ediban, makam aşdym,
Dünýä ukbyn ýüz-müň talak goýdum men-ä.
Yşk alnynda akyl adam dem uralmas,
Yşk şitdeti tugýan kylsa dem uralmas,
Perwana dek ahgär görüp, özün ölürmes,
Bu sözleri Jananadan tapdym men-ä.
Tarykatyň ýollarynyň ukbasy köp,
Päk yşkyny gola almaý bolmas ýörüp,
Didaryny görse bolmas, tün-gün uýup,
Hiç uklamaý, didaryny gördüm men-ä.
Tarykatyň ýoly gatyg türpe çaşdym,
Başym gatyp, piri-mugan sary gaçdym,
Pir etegin tutup, batyn gözün açdym,
Erenler dek ýolny sorap, gezdim men-ä.
Tarykatyň ýollarydyr, gatyg azap,
Bu ýollarda niçe aşyk boldy harap,
Yşk ýoluna her kim girse haly harap,
Ryswa bolup, çöller gezip, ýördüm men-ä.
Tarykatyň ýollarydyr türpe-ulug,
Özi kylan bendesine kylgaý ýaryg,
Uçgunyna takat kylmas ýedi tamug,
Erenler dek eziz jandan doýdum men-ä.
Hakykatyň manysyna ýeten kişi,
Bihut bolup, köýüp ýanar içi-daşy,
Ganlar bolar gözlerinden akan ýaşy,
Göz ýaşymy töhfe kylyp, bardym men-ä.
Şerigatdyr aşyklaryň efsanasy,
Aryp-aşyk tarykatyň dürdänesi,
Kaýda barsa jananydyr hemhanasy,
Bu sözleri arş üstünde gördüm men-ä.
Muhammediň bagyn girmeý, aşyk bolmas,
Harlyk-zarlyk dartmagynça nebsiň ölmes,
Bir haýrata kanyg bolmaý, dergä dolmas,
Kanyg bolup, has göwherden aldym men-ä.
Yşk oduna köýenleriň reňgi öçer,
Ukby sary jedel kylyp, mundan göçer,
Munda kylan girehlerin, onda açar,
Resul dünýä «jife» diýdi, goýdum men-ä.
Hakykatly çyn aşyklar reňgi synyk,
Aýynaga nazar kylsa, ondan tanyk,
Özi haýran, köňli weýran, gözi ýaşlyk,
Gudratyna mahuw bolup, galdym men-ä.
Alla aýdy: «Köp ýyglasaň görgüň meni,
Zary kylsaň, «bendäm» diýban, sorgum seni,
Jandan geçip, meni istär aşyk kany?»,
Ylham geldi, çyn gulaga aldym men-ä.
Jandan geçen aşyklara töhfe bergüm,
Ruzy-magşar haly-dilden gelip sorgum,
Şapyg bolup, şepagatny özüm kylgum,
Rehmetinden umyt tutup, geldim men-ä.
Çyn dert birle köýenlere didar ata,
Ýalan aşyk bolup ýöregeni hata,
Çyn aşygyň gözi ýaşly, kaddy duta,
Duta bolup, hezretime geldim men-ä.
Gul Hoja Ahmet, şerigaty gola algyl,
Tarykatda, hakykatda ýola girgil,
Magrypete pena bolup, toprak bolgul,
Penafille makamyna girdim men-ä.
5
Eý-a dostlar, päk yşgyny köýe aldym,
Bu dünýäni duşman tutup, ýördüm men-ä.
Ýakam tutup, hezretime sygnyp geldim,
Yşk babynda Mansur sypat boldum men-ä.
Yşk ýolunda aşyk bolup, Mansur ötdi,
Bilin baglap, Hak yşgyny mäkäm tutdy,
Melamatlar, emanatlar köp eşitdi,
Eý möminler, Mansur sypat boldum men-ä.
Aşyk Mansur «Enel-hakny» dile aldy,
Ol Jebraýyl «Enel-haky» birge aýdy,
Hak Jebraýyl: «Başyň ber!» diýp, ýola saldy,
Dara asylyp, didaryny gördüm men-ä.
Mansur gelgeç dar egilip, özi aldy,
Batyn gözi açyk gullar, haýran galdy,
Pertöw salyp, Alla özi nazar saldy,
«Wa şowka!» diýp, didaryny gördüm men-ä.
Nida geldi oşol dara: «Köp bogmagyl,
Mäkäm durgul, her ýan bakyp, köp agmagyl!»
Daşa aýdy: «Emrim tutup, sen degmegil!»
Lowhulmahfuz tagtasynda gördüm men-ä.
Üç ýüz il-halk ýyglyp etdi köp rowaýat,
Şerigatdyr, menem tapaý bir rowaýat,
Tarykatda, hakykatda Hak hemaýat.
Başym berip, Hak syryny bildim men-ä.
«Enel-hakyň» manysy köp, bilmes nadan,
Dana gerek, bu ýollarda bolsa sarwan,
Aşyk gullar Hak ýadyny aýdy janan,
Jandan geçip, Jananymy gördüm men-ä.
Amal kyldym, dana bolsa many alsyn,
Hal ylmyndan ýetip erdim, nyşan galsyn,
Dürri-göwher sözlerimi içe salsyn,
Haldan bitip, aşyklara berdim men-ä.
Essiz Mansur zarlyk birle boldy eda,
Bir söz birle erenlerden boldy jyda,
Haly-dilin hiç kim bilmes, Taňry güwä,
Ganlar döküp, men hem güwä boldum men-ä.
Şahy Mansur «Enel-hakny» bija aýmas,
Ýolny tapan bize ogşaş gümra imes,
Ham näjynslar bu sözlere hemra bolmas,
Hemra bolup, buýy Huda aldym men-ä.
Bir tün säher säher garyp Mansur köp ýyglady,
Pertöw salyp, Alla özi rehm eýledi,
Ondan soňra çilten bakyp, şerap berdi,
Danalara, bu sözleri diýdim, men-ä.
Nadanlara essiz sözüm, jepa-hikmet,
Adam men diýip, bilin baglap, kany hümmet?
Dünýä yzlap, bir-birine kylmas şefket,
Zalymlara özüm rowaç berdim men-ä.
Zalym eger zulm eýlese Alla diýgil,
Eliň açyp, doga eýläp boýun sungul,
Hak dadyňa ýetmes bolsa zary kylgyl,
Hakdan eşdip, bu sözleri aýdym men-ä.
Zalym saňa zulm eýlese, maňa ýygla,
Ýaşyň saçyp, Haka sygnyp, biliň bagla,
Haram-şübhe terk ediban, ýürek dagla,
Zalymlara ýüz-müň bela berdim, men-ä.
Zalymlaryň gurby nedir, Hak ýaradan,
Ýaradany manzur kylmas, sen unudan,
Menden geçip, zalymlaryň golun tutan,
Zalymlara özüm perman berdim men-ä.
Saňa jeza, ýaradana ýalbarmadyň,
Dergähine nala kylyp, yňranmadyň,
Nebsden geçip, Haka sary dolanmadyň,
Zalymlaryň elin uzyn kyldym men-ä.
Hakykatdan sözler aýdym, eşitmediň,
Dünýä goýup, Hak ýoluna ýörütmediň,
Dünýä haram, oňa köňül sowutmadyň,
Zalymlary, saňa jeza berdim men-ä.
Zalymlary şikwe kylma, zalym özüm,
Pyglyň ryýa, täsir kylmas halka sözüň,
Dünýä malyn doly berse, doýmas gözüň,
Haryslary Syjjyn içre saldym men-ä.
Lagly-lebi jünbüş kylyp, aýdy syry,
Jany-dilim, ymmatlarym göz röwşeni,
Haka gulluk, maňa ymmat bolan kany,
Çyn ymmatyň synasyga köýdüm men-ä.
Gul Hoja Ahmet Hak sözüni sözläp ötdi,
Ylmul-ýagyn şerigaty gözläp ötdi,
Aýnul-ýagyn tarykatda bozlap ötdi,
Hakgul-ýagyn makamyna girdim men-ä.
6
Rahym, Möwlüm rehmi birle ýat eýlese,
Tüni-güni gullugynda ýörgüm men-ä.
Guly bolup, gullugynda ýörsem mydam,
Tagat birle göz ýaşymy saçgum men-ä.
Rahym Möwlüm göz ýaşymy derýa kylsa,
Tagatlarym ol derýada göwher bolsa,
Danyş berip, zagyp gulny sorag kylsa,
Köňlüm tilär, tiz ýügürip, ýetgüm men-ä.
Bilbil bolup, bossan içre saýrasam men,
Aşyklar dek meýdan içre oýnasam men,
Gije namaz, gündiz ruza, gynasam men,
Ýügrüp-ýelip, hyzmatynda ýörgüm men-ä.
Taklyt işim, takyklyga öwrülmedi,
Muňlug başym, belalardan gutulmady,
Dilim-agzym gybat sözden ýygylmady,
Zagyp guldur, niçik Syrat ötgüm men-ä.
Hylwat içre Alla diýen aşyklar dek,
Din ýolunda oýa duran sadyklar dek,
Yhlas birle Haky söýen aryplar dek,
Bagrym bişip, gözde ýaşym saçgum men-ä.
Hylwat içre Alla ýadyn diýgüm geler,
Alla diýip, toba donun geýgüm geler,
Rehim kylsa rehmi birle Möwlüm kylar,
Ondan rehmet bolmas bolsa, nätgüm men-ä.
Tobasyzlar bu dünýäde paryg bolar,
Aşyk gullar toba edip, gaýgy kylar,
Her bendäniň syry nedir, Hudaý biler,
Syrym onda zahyr bolsa, nätgüm men-ä.
Gul Hoja Ahmet ýananlar dek, ýanagörgül,
Aşyklar dek, ýelip-ýügrüp, ýetegörgül,
Toba kylyp, küprüklerden ötegörgül,
Toba kylmaý, niçik Syrat ötgüm men-ä.
Taýýarlan: Gözel Amangulyýewa.
Goşgular