21:22

Mynajat

MYNAJAT

Mynajat eýledi misgin Gul Ahmet,
Ilähi kyl hemme bendäňge rehmet.

Garyp Ahmet sözi hergiz gurymas,
Eger ýer astyna düşse çürimes.

Ýene mensuh boluban hary bolmas,
Okygan bendeler bimary bolmas.

Okagana kylar men onda şefkat,
Kyýamat gününde kulgum şepagat.

Tirik bolsa jahanda zary bolmas,
Ölüp barsa, lahatda hary bolmas.

Eger her kim okasa bul mynajat, 
Eşitgenni Hudawendim kylar şat.

Kyýamat gün Hudaýym kazy bolsa,
Oşol gün bendeden närazy bolsa.

Hudaýymdan tiläp, azat kylar men,
Halaýyklar arada şat kylar men.

Okagana kylar Hak özi rehmet,
Jahanda görmegeý bir zerre mähnet.

Hudaýym kylsa engam, maňa jennet,
Eşitgenge kylaý, men onda şepgat.

Tilegi herne bolsa, Taňry bergeý,
Muhabbet şowkuny köňlüne salgaý.

Jemalyn görseter Hak Biribarym,
Ki maksadyn berer, Perwerdigärim.

Hudaýym eýlesin magşarda horram,
Kyýamat gün aryg zatyna mährem.

Dogada ýary berse, her musulman,
Öler wagtda eltgeý nury-iman.

Meniň hikmetlerim älemge dolgan,
Eşitmeý her kim ölse, kylgaý arman.

Meniň hikmetlerimniň sany ýokdur,
Hemme talyp okar, imkany ýokdur.

Meniň hikmetlerim her derde daruw,
Çykarsa göwsünden her lahza «Ýa, hüw».

Meniň hikmetlerim aşygyň jany,
Gözüniň ýaşydyr, bagrynyň gany.

Meniň hikmetlerim burhany Suhan,
Eşitgen aşyk eýlär, ah bile pygan.

Meniň hikmetlerim älemde dessan,
Ruhum gelse kylar, söhbetni bossan.

Girip söhbet içinde olturar men,
Muhabbet şowky birle köýdürer men.

Meniň hikmetlermiň käni Hadysdyr,
Kişi boý etmese bilgil, hebesdir.

Meniň hikmetlerim derýaýy umman,
Ki katra damsa ol, eýlegeý haýran.

Meniň hikmetlerim talybyň ryzky,
Eger çendi ki bolsa, jürmi-pikri.

Meniň hikmetlerim permany Suhan,
Okap bilseň hemmä, magnyýy Gurhan.

Meniň hikmetlerim şowky pürhuzur,
Eşitgen bolmagaý dünýäde renjur.

Meniň hikmetlerim älemge soltan,
Kylar bir lahzada çölni gülüstan.

Meniň hikmetlerim şowky muhabbet,
Gözüniň ýaşyga kylgaý tehäret.

Namazynyň Resulalla ymamy,
Onuň kowmy melaýyklar tamamy.

Şikestelik birle kylgan namazy,
Kabul bolgaý, onuň Haka niýazy.

Meniň hikmetlerim aşykga aýdyň,
Dili a:ýyna dek, sadykga aýdyň.

Hemme kör-u-keri, batyny gezap,
Tamam yklymny gezdim, tapmadym sap.

Meniň hikmetlerim sarrafga aýdyň,
Hudaýym bakerem, Wahhapga aýdyň.

Adalat patyşasy, bir ady Sadyk,
Kylar bir lahzada, waslyga laýyk.

Meniň hikmetlerim nadan eşitmes,
Dili, köňli gara pendimni tutmas.

Hatadan bihabar, Allaga müňkür,
Edepsiz, biýedep, dünýäde bipir.

Kim ki hatyny bitse, nazym bitsin,
Ulgun nazym okap, maksatga ýetsin.

Amal kylmaý bu sözge ýolda galgan,
Kyýamat ruzyda şermende bolgan.

Ki din-imany ýok, yslamy weýran,
Kyýamat gün bolar sersaň-u-haýran.

Piri-kämilni görmeý, şyhy Sengan,
Huda kylmas kabul, okasa Gurhan.

Nesihatlar kylar pir-u-juwany,
Özi pähm etmeýin ýagşy-ýamany.

Ynansyn diýp, bir nije biakyl,
Kylarlar öwlüýälerden muny nakl.

Goýup damyn güzergählerge bipir,
Tili mekr-u-hile, kylgany tezwir.

Onuň mekri erer, şeýtandan agla,
Gopar ýüzigara, magşarda taňla.

Olarnyň görmäňiz ýüzüni hergiz,
Onuň dek lagnetiden eýleýiň berhiz.

Zybany-hal ile, men magny aýdym,
Hakykat söz birle jahylny söktüm.

Eger alym bolsa, janym tasaddyk,
Dürri-göwher sözümni eşidip, ok.

Dürri-göwher sözün älemge saçsa,
Okap magnyýy-kelamy Hakny açsa.

Oşol alymga jan gurban kylar men,
Tamamy hany-man, yhsan kylar men.

Kany alym, kany amal ýaranlar,
Hudadan söz diýse, siz jan beriňler.

Çyn alym ýassygyn daşdan ýaratdy,
Näme okdy, ony älemge aýdy.

Özüni bildi erse, Hakny bildi,
Hudadan gorkdy-ýu ynsaba geldi.

Meniň hikmetlerim dana eşitsin,
Sözüm dessan kylyp, maksatga ýetsin.

Meniň hikmetlerim pyglyýu kably,
Dil-u-köňlünde bolsa, zikri Möwli.

Meniň hikmetlerim bir piri-kämil,
Kaýu bende Hudaga bolsa maýyl.

Meniň hikmetlerim huplarga aýdyň,
Doga tekbir kylyp, rehmetge batyň.

Meniň hikmetlerim piri zeberdest,
Eşitgenler bolar serhoşy-sermest.

Kyýamat gün oňa hady bolar men,
Eger näjur bolsa, daru bolar men.

Eger ýüz ýyl ömür görse garrymas,
Ölüp barsa lahat içre çürimes.

Huda kylgaý ony dowzahdan azat,
Behişti-jawydanda eýlegeý şat.

Gyzyl ýüzi onuň hergiz solukmas,
Ki şeýtan damyna hergiz ýolukmas.

Eger hikmet okasa, Eýýuhannas,
Erer perzendi maňa talyby-has.

Ýasawy hikmetin dana eşitsin,
Eşitgenler hemme maksatga ýetsin.

Jewahyr-käniden bir nukta alsyn,
Eşitmegen bary hasratda galsyn.

Kişi hikmet eşitse jany birle,
Barar ahyrete imany birle.

Gulaga almagaý bu sözni nadan,
Ony adam diýme, ol jynsy-haýwan.

Hudaýym sözüden çykgan bu hikmet,
Eşitgene ýagar barany-rahmet.

Meniň hikmetlerim kim tutsa mäkäm,
Huda kylmaý ony, elbetde bigam.

Girer jennet era ölse biarman,
Hudaýym eýlegeý ol demde perman.

Diýgeý eý, amylar, jennet giriňler,
Girip jennet era, eşret kylyňlar.

Meniň hikmetlerim Haknyň senasy,
Muhabbet ähliniň derde dowasy.

Meniň hikmetlerim engamy Alla,
Säher wagty ölse istygpar Alla.

Onuň şeýtan lagyn tutmas ýoluny,
Muhammet Mustapa algaý goluny.

Pygamber ymmatym diýp, mähri çawlar,
Azazylny Hudaýym özi kowlar.

Meniň hikmetlerim dertsizge aýtmaň,
Bibaha göwherim, nadanga satmaň.

Ýasawy hikmetniň gadryna ýetgil,
Humy-yşkdan meýni bir katra datgyl.

Humy-yşkdan kişi bir katra datgaý,
Hudanyň waslyga bir ýola batgaý.

Eşitse jan gulagy birle her ýar,
Hudaýym hem Resul bolgaý oňa ýar.

Meniň hikmetlerim her kim eşitse,
Okap, yhlas edip ýa hata bitse.

Dogaýy haýr eden dünýäýi dinde,
Ruhum bolgaý medetkär, barsa onda.

Huda rehmet kylyp, bolgaý oňa ýar,
Özünden özgäge hem kylmagaý zar.

Bu älemde meniň dört depderim bar,
Kişi har eýlese, bolgaý özi har.

Erer her depterim ýüz-müň hekaýat,
Okagan bendelerge paýzy-rehmet.

Erer ilkisi rahşy-şerigat,
Ikinjisi erer rahşy-tarykat.

Üçünjisi erer rahşy-hakykat,
Ýene dördünjisi derýaýy-rehmet.

Okap Gurhan, eger kylsa dogaýy,
We ýa elin açyp, kylsa senaýy.

Dogaýy haýr olup, kary hakyna,
Ki Möwlam algaý ony, rehmetine.

Kerem Hakdan erer, aýdym muny zar,
Eger afuw eýlese, Setdary, Gaffar.

Günähim wehminden köp natuwan men,
Gözi ýaşly, hemişe bagry gan men.

Ýakyn bolgaý Hudaga Hoja Ahmet,
Resul öwladydyr perzendi Ahmet.

Eger bolsa miýesser kimge hikmet,
Ony kylgaý Resul taňla şepagat.

Hak diýse, Ýasawy Ahmet bu sözni,
Hudanyň gahrydan gutarsa özni.

Hoja Ahmet ÝASAWY.

Категория: Goşgular | Просмотров: 409 | Добавил: Нawеran | Теги: Hoja Ahmet Ýasawy | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Bir gün / Goşgular - 14.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Ajayyp we mukaddes mynajat:mesnewi.sag boluñ yetireniñize

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]