17:57 Şahyr / hekaýa | |
ŞAHYR
Hekaýalar
Karel Çapek 1890-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Maleswatonsewisede dünýä inip, 1938-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Pragada dünýeden ötýär. Ol 1915-nji ýylda Praga uniwersitetiniň filosofiýa fakultetini tamamlaýar. 1907-nji ýylda hekaýalary neşir edilip başlanýar. Ol irki hekaýalarynyň köp bölegini dogany Ý.Çapek bilen bile ýazypdyr. 1914-18-nji ýyllardaky Birinji Jahan urşunyň getiren betbagtçylyklary Çapegiň hakykat gözleglerini güýçlendirýär. Ol pelsepe barada oýlanyp, durmuşyň gapma-garşylyklarynyň gözbaşyny tapmaga çalyşýar. Onuň "Haça çüýlenmek" (1917), "Azaply hekaýalar" (1921) atly hekaýalar toplumy ekspressionizm akymyna ýakyndyr. Rewolýusion göreşi kabul etmedik Çapek ahlak-etiki ynsanperwerligi saýlap alýar. Onuň eserleriniň köpüsi, şol sanda "Talaňçylar" atly liriki komediýasy hem birnäçe hakykatlary deňeşdirmek usulynda düzülýär. Çapegi dünýä meşhur eden sosial-fantastiki esrleridir. Olar: "R.U.R." (1920) - robotlaryň gozgalaňy baradaky drama; "robot" sözüni oýlap tapan hem Çapekdir; "Makropulosyň serişdesi" (1922), "Absolyut fabrika" (1922), "Krakatit" (1924) romanlary. 20-nji ýyllaryň başynda Çapek "Italiyadan hatlar" (1923) we "Angliyadan hatlar" (1924) atly ýol oçerklerini ýazýar. Olar keşpleri häsiýetlendirmekde realistik anyklygy we liriki yumor bilen tapawutlanýar. 20-nji ýyllaryň ahyryndan 30-njy ýyllaryň başyndan başlap Karel Çapek sosial we syýasy gapma-garşylyklardan wagtlaýynça daşlaşyp, kiçi žanrlarda ýumoristik eserleri ýazýar. Sosial gapma-garşylyklaryň ýitileşmegi we faşizmiň "wagşy doktrinasy" Çapege "her kimiňki özüne görä dogry" diýen tezisiň ýalňyşdygyny görkezýär. Çapegiň iň naýbaşy eseri hasaplanýan "Salamandralar bilen söweş" (1936) atly romany adam gatnaşyklarynyň adamçylykdan çykmagyna garşy protestdir. Mýunhen ylalaşygy we faşistik elementler tarapyndan yzarlanmalar Çapegiň keselini güýçlendirýär. Çapegiň döredijiligi häzirki döwür sosial fantastikasyna uly täsir ýetirýär. Olaryň dünýä nusgawy edebiýatynda uly paýy bar. Ýazyjynyň bir hekaýasyny size hödürleýäris. * * * Adaty hadysa Žitnaya köçesinde juda uly tizlik bilen gelýän dandan sagat dörtlerde awtomobil serhoş garry kempiri kakdyryp gaçyp gidipdir. Polisiýanyň komissary ýaş ýigit Meýzlik sol awtomobili tapmalydy. Bilşiňiz ýaly, ýaş işgärler işlerine jogapkärli garaýarlar. Meýzlik hiç bir manysyz "Hüm-m" etdi-de, 141 belgili polisýa işgärine ýüzlendi: - Sen 300 metr töweregi golaýyňdan myçyp barýan awtoulagy hem ýere ýazylyp ýatan garryny görüpsiň. Şonda ilki bilen näme etdiň? - Ejir çekeniň ýanyna ylgadym. Men oňa kömek etmekçi boldum. Meýzlik: - Ilki bilen maşynyň belgisine seredip, soň ol kempir bilen bolmaly ekeniñ - diýip, hüňürdedi-de, elindäki galamy bilen ýeňsesini gaşap: - Dogrusy, menem seň ýeriñe bolan bolsam şeýderdim - diýip boýun aldy. - Şeýlelikde, maşynyň belgisini görmänsiň, başga gözüne ilen zat bolmadymy? 141 nomerli polisiýa işgäri ýaýdanybrak: - Maşynyň reňki garamtyldy, gökmüdi ýa-da goýy gyzylmydy. Onuň yzyndan şeýle bir goýy tüsse burugsaýardy welin, hiç zat saýgardanokdy - diydi. Meýzlik: - Eý, Hudaý! Men indi o maşyny nädip tapaýyn? O sürüjiden o sürüjiniň üstüne ylgap: "Kempiri sen kakdyrdyňmy?” diýip sorap çykaýynmy? Men nätmeli, hä, men nätmeli? diýip, janyýangynly jibrindi. Polisiýa işgäri eginlerini gysdy. - Men bir şaýadyň adyny ýazyp aldym, ýöne oňam bilýän zady ýok. Ol goňşy otagda garaşýar. Meýzlik gaharly: - Çagyr, gelsin - diydi. Şaýat girensoňam ýüzüni galdyrman: - Familiýaň, ýaşaýan ýeriň? - diýip, endik eden soraglaryny berdi. - Kralek Ýan, mehanika fakultetiniň talyby. Siz şu gün dañdan sagat dörtde näbelli maşynyň Božena Mahaçkowany uranyna şaýat bolupsyňyz, şeýlemi? - Hawa. Ýöne sürüjiniň günäkärdigini aýtmalydyryn. Özüňiz pikir edip görüň, köçe şeýle bir çolady, eger ol çatrykda sähelçe badyny gowşadan bolsa... Meýzlik onuň sözüni böldi: - Siz hadysadan näçeräk uzaklykdadyňyz? - On ädim. Dostum ikimiz... piwohanadan çykypdyk-da Žitnaýa köçesinden barýardyk-da... - Siziň dostuňyz kim? - diýip, ýene Meýzlik onuň sözüni kesdi: - Siziň dostuňyz kim? O hakynda ýäzgyda hiç zat görkezilmändir? Talyp ýigit buýsanç bilen: - Şahyr Ýaroslaw Nerad. Ýöne ondan maglumat alyp bilmersiňiz - diýdi. Sypalam bolsa ýapyşara bir zat tapsa kaýyl Meýzligiň gaşlary çytyldy - O näme üçin? - Sebäbi ol... onuň şahyr ýasawy bar. Heläkçilik bolanda ol çaga ýaly aglap, öýüne tarap ylgady... Hawa, biz Žitnaýa köçesi bilen barýardyk, arkamyzdan iň ýokary tizlikde barýan maşyn çykdy... - Maşynyň belgisini gördüňizmi? - Bagyşlaň, görmändirin. Diňe onuň ýokary tizlikde barýany ünsümi çekdi. Ynha şeýdip... - Haýsy kysymdaky maşyndy? Talyp mehanik: - Dört taktly, içinden ýanýan dwigatelli. Ýöne kysymlardan başym çykanok - diýdi. - Maşynyň reňki nähilidi. Üsti açykmydy, limuzinmidi? Şayat müýnli: - Bilmedim. Reňki garady öýdýän. Garaz, üns bermändirin. Çünki men şol wagt ýanymdaka bakyp: "Gör, nähili deýýuslar, adam urdurybam saklanmadylaram" - diydim. Meýzlik närazy şekilde içini hümledip: - Hawa, bolmalysam şeýle, ýöne maşynyň belgisine üns beren bolsaňyz has gowy bordy. Haýran galaýmaly, adamlarda synçylyk yok. Sürüjiniň günäkärdigini, olaryň deýýusdygyny anyk bilýäňiz, emma maşynyň belgisine hiç hili üns bermeýärsiniz. Akyl satmany her kim oňarýar, emma bolup geçýän hadysalary akylly-başly synlamagy başaramyzok... Bolýar, jenap Kralik, sag boluň. Gidip bilersiñiz. Bir sagatdan 141 belgili polisiýa işgäri şahyr Yaroslaw Neradanyň gapysyndaky jaňyň düwmesini basdy. Öýüň eýesi: - Hawa, öýde. Ýatyr - diýdi. Ukydan oýarylansoň pökgeren gözlerini möler- dip polisya işgärine seredýän şahyryň aklyna: "Nāme günä iş etdimkäm?" diýen pikir geldi. Polisiýa işgäri zordan oňa näme üçin çagyrylýandygyny düşündirdi. Şahyr ynamsyzlyk bilen: - Hökman barmalymy? - diýip sorady-da: - Öňi-soňy hiç zat ýadyma düşenok. Men o wagt az-kem... - diýip, sakawlap, sözüniň üstüni ýetirdi. - Hawa, siz keýplidiňiz. Men şahyr halkyna belet. Geýniň, men garaşýan. Olar ýolda meýhanalar, umuman durmuş, ýaşaýyş, asmandan yşarat edilýän alamatlar hakynda gürrüň edip, köp zadyň başyny agyrtdylar. Emma syýasatyň gürrüňini etmediler. Olaryň ikisem syýasatdan daşdylar. Şeýdip, olar dostlukly hem manyly söhbetdeşlikde polisiýanyň jaýyna geldiler. Meýzlik sorag baryny ýagdyryp ugrady: - Siz şahyr Ýaroslaw Neradamy? Näbelli awtomobil Božena Mahaçkowany urduranda şol ýerdemidiňiz? Şahyr uludan demini alyp: - Hawa - diýdi. - Siz ol maşynyň nähilidigini aýdyp bilermisiniz? Üsti açykmy, ýapykmy, reňki nähilidi? Içindäkileriň sany näçeräk bardy? Onuň belgisini bilýäňizmi? Şahyr özüne agram salyp oýlanýardy. Ahyry ol: - Bilmedim. Üns bermändirin - diýdi. - Owunjak bir zat bilýän bolsaňyzam ýadyňyza saljak boluň. - Aýdýanyňyz näme, men hiç haçan owunjak zatlara üns bermeýärin. Meýzlik kinaýaly: - Onda nämä üns berdiňiz? – diýdi. - Umumy ýagdaýa. Bilýäňizmi, çola köçe, uzaklara uzap gidýän... Aladaňdan... Ýerde ýazylyp ýatan aýalyň görnüşi... - Şahyr birden: - Duruň! - diýdi-de, ýerinden böküp turdy. - Men öýe baryp, bu barada şygyr ýazdym ahyryn. Ol jübülerini dörüşdirmäge durdy. - Bu dal, bu-da däl. - Şahyr jübüsinden kagyz böleklerini, hasap kagyzlaryny çykaryşdyrýardy. Ahyry gözleýän ýazgysyny tapdy-da içinden okamaga durdy. Meýzlik: - Hany göreýin - diýip, oňa elini uzatdy. Şahyr: - Bu meniň aňrybaş goşgularymdan-a däl – diýip kiçigöwünlilik etdi: - Gowsy okap beräýeýin. Hatara duran öýler görünýärdi garalyp, Daň hem eýýäm mandolina çalýardy. Gyzarýardy gyzyň meňzi Siz uzak Singapura ýaryş ulagynda myçýarsyňyz. Döwlen çigildemi tozan basypdyr. Joşgun dymdy. Erksizlik... Unudylmak. Guwuň boýny! Göwüsler! Deprek we taýajyklar - betbagtçylygyň alamatlary! Şahyr: - Ine, bolany - diýip dymdy. Hiç zada düşünmedik Meýzlik: - Bu näme boldugy? - diýip gözlerini tegeledi. - Siziň okanyňyz näme hakynda? - O nähili näme hakynda? Maşyn bilen baglanyşykly hadysa barada. Siz düşünmediňizmi? Gaýta şahyryň geň galmasy Meýzligi aljyratdy. - Men-ä siziň okanlaryňyzdan 15-nji iýulda, irden sagat dörtde, Zitnaýa köçesinde şeýle-şeýle belgili awtomobiliň sürüjisiniň serhoş haldaky 60 ýaşly gedaý aýal Božena Mahaçkowany urdurandygy, ejir çekeniň agyr ýagdaýda şäher hassahanasyna ugradylandygy barada hiç hili maglumat alyp bilmedim. Bu zatlar barada siziň şygryňyzda, meniň düşünşimçe, ýeke agzam aýdylmandyr. - Siziň bu diýýänleriňiz daş görnüş, çig hakykat diýip, şahyr burnunyň üstüni dyrmalady. - Poeziýa bu şahyryň aňynda dörän erkin sýurrealistik keşpler. Bular okyjynyň duýmaly görnüşi hem ses täsirlenmeleri. Täsirlenip bilse, okyjy düşüner - diýip, Nerad gyjytly gürledi. - Şeý diýseňizle. Ýeri bolýar, hany, siz maňa ýazanlaryňyzy beriň. Sag boluň. Ynha şu ýerde "Hatara duran öýler görünýärdi garalyp” diýýäňiz. O näme üçin hatara duran? Hany, şony maňa düşündiriň. Şahyr arkaýyn: - Žitnaýa köçesi. Iki hatar öýler. Düşünýäňizmi? diýip jogap berdi. - Näme üçin Milli şaýoly däl? - diýip, Meýzlik hem seňrigini ýygyrdy. - Sebäbi Milli şaýoly beýle gös-göni däl. Ýeri bolýar. "Daň hem eýýäm mandolina çalýardy." - Bar çalsyn. - "Gyzarýardy gyzyň meňzi." - Bagyşlaň welin, bu yere gyz nireden geldi? Şahyr gysgajyk: - Şapak - diýip düşündirdi. - Ah, şeýlemi? "Siz uzak Singapura ýaryş ulagynda myçýarsyňyz." - Megerem, men sol awtomobili şeýle göz öňüne getirendirin. - Ol näme ýaryş ulagymydy? - Bilmedim. Bu diñe onuň uly tizlik bilen barýandygyny aňladýar. Hamala, Ýeriň o çetine alňasap barýan ýaly. - Näme üçin hökman Singapur? Şahyr egnini gysdy. - Bilmedim, megerem, o ýerde malaýlar ýaşaýany üçin bolaýmasa. - Ýeri muňa malaýlaryň näme dahyly bar? Şahyr gyzaryp aljyrady: - Megerem, maşynyň reňki goňur bolaýmasa. Bir goňur reňk hökman bardy. Ýogsa Singapur nirden gelsin? Meýzlik: - Beýleki şaýatlar ulagyň reňki gök, goýy gyzyl, gara diýýärler. Kime ynanmaly? - diýdi. - Maňa. Meniň reňkim göze ýakymly. - "Döwlen çigildemi tozan basypdyr." - diýip, Meýzlik şygryň yzyny okady-da: "Döwlen çigildem" - bu serhoş dilegçi bolsa gerek? - diýdi. - Men oňa beý díýip bilmerin ahyryn. Ol aýaldy. Bary şol. Düşnüklimi? - Bu näme? "Guwuň boýny! Göwüsler! Deprek we taýajyklar." Erkin täsirlenmemi? Şahyr: "Hany göreýin?" diýip, ýazgysyny eline aldy. - "Guwuň boýny! Göwüsler! Deprek we taýajyklar." Dogrudanam, bu nämekä? Polisiýa işgäri teýene bilen: - Menem sony soraýan - diýdi. - Duruň! - diýip, Nerad çuň oýa batdy. - Bulary maňa nämedir bir zat salgy berendir. Siziň pikiriňizçe, 2-lik guwuň boýnuna meňzänokmy? Ynha serediň. Ol kagyzyň ýüzüne 2-lik sany ýazdy. Meýzlik: - Hakykatdanam - diýip gobsundy. - Göwüsler näme? - Ol 3-lük bolmaly. Ol iki sany güberçekden ybarat. Şeýle dälmi? - "Deprek we taýajyklar" galdy - diýip, polisiýa işgäri tolgunyp başlady. - Deprek we taýajyklar - diýip, Nerad pikirlenýärdi. -Deprek we taýajyklar... Megerem, bu 5-lik bolmaly. Serediň - diýip ol 5-lik sany ýazdy. - Munuň aşaky aýlawly ýeri deprege, ýokarsy bolsa iki sany taýajyga meňzänokmy? Meýzlik kagyza 235 sany ýazdy-da: - Siz maşynyň belgisiniň 235-digine ynanýaňyzmy? - diýdi. - Belgi? Men hiç hili belgi görmedim - diýip, Nerad garşylyk görkezdi. - Ýöne nämedir bir zat bolan bolmaly, ýogsa men beýle ýazmazdym. Megerem, meniň şygrymyň iň gowy ýeri şu ýeri. Şeýle gerek? Iki günden Meýzlik Neradyň öýüne geldi. Bu gezek şahyr oýady. Onuň ýanynda haýsydyr bir gyz otyrdy. Şahyr Meýzligi oturdar ýaly ýok oturgyjy gözläp elewredi. Meýzlik ony rahatlandyryp: - Men bir minutlyk - diýdi. - Hakykatdanam şol maşynyň belgisi 235 eken. - Haýsy maşyn? - diýip, şahyr gorkdy. Meýzlik bir demde: - "Guwuň boýny! Göwüsler! Deprek we taýajyklar” - diýdi: - Singapur hakda aýdanyňyzam dogry eken. Ulagyň reňki goňur bolup çykdy. - Hä, ýadyma düşdi. Gördüňizmi, içki hakykatyň nämedigini. Isleseňiz, birküç sany goşgymy okap bereýin. Indi siz düşünersiňiz. - Ýok, ýene bir gün - diýip, polisiýa işgäri gyssandy. - Ýene şunuň ýaly hadysa bolanda. | |
|
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||