18:46 Şahyryñ lakamy | |
ŞAHYRYÑ LAKAMY
Edebi makalalar
"Edebiýat we sungat" gazetiniñ redaksiýasyna baranymda, onuñ işgärleriniñ birnäçesi görnükli şahyr hem-de ýazyjy Pomma Nurberdiýew hakda gürrüñ edişip oturan ekenler. Olaryñ arasynda Pomma şahyry birki gezek görenler-de, onuñ bilen duz-emek bolanlar-da bardy. Söhbet barha gyzyşdy. Her kim edebiýatda uly yz galdyran söz ussady bilen duşuşyklaryny ýatlaýardy. Men şonda şahyryñ hakyky adynyñ Amangeldidigini bilip galdym. Gürrüñ söz ussadyna "Pomma" diýen lakamyñ goýluşyna ýetende, söhbetdeşleriñ biri: - Näçe tirkeşsegem, näme üçin oña Pomma diýlendigini soramandyrys - diýdi. Şol pursatda hormatly mugallymymyz professor Öde Abdyllaýew bu barada aýdan sözleri hakydama geldi. Menem söhbetdeşligiñ synçysy bolup oturman, oña goşulaýyn diýip, eşiden gürrüñimi aýdyp berdim. Pomma Nurberdiýew ýaşlygynda ýetim galyp, agyr günleri başyndan geçiripdir. Şahyr oglanlykda bir barly adamyñ malyny bakyp, gün-güzeran görüpdir. Şol baýyñ Pomma bilen ýaşytdaşrak Mommy atly ogly bar eken. Günlerde bir gün baýyñ öýüne uzak ýerden myhman gelipdir. Onuñ gözi horaşaja geýnen oglanjyga düşüpdir. Myhman öý eýesinden: - Bu kim? - diýip sorapdyr. Baý degişme äheñinde: - Aý, Mommy-Pommydyr-da - diýip, jogap beripdir. Şondan soñ onuñ ady Pomma bolup galyberipdir - diýip hormatly mugallymymyz gürrüñ beripdi. Hojaberdi HOJADOW. | |
|