09:26 Singapur nakyllary | |
SINGAPUR NAKYLLARY
Sözler
• Akyllam, akmagam ukusyz ýaşap bilmez. • Ala sygryňam süýdi ak. • Almaz almaz bilen kesiler. • Altyny peçe atsaňam, reňkini üýtgetmez. • Aýal — öýüň iň gowy bezegi. • Çeni bilen iýseň, dok bolarsyň. • Derýany ýüzüp geçene howdanyň howpy ýok. • Dokmaçy nähili bolsa, matasy hem şonuň ýalydyr. • Ähli görünýän zatlar hemişelik däldir. • Gahrymany ýeňiş döredýär. • Garga üçin çagasy tylladan ýasalan ýalydyr. • Hakykatyň güýçsüz ýerinde ýalan söz kömek etmez. • Haşal otuňam peýdasy bardyr. • Her bir ýylpyldaýan zat tylla däldir. • Her kimem bir gezek ýalan sözländir. • Köp aglaýan çaga köp süýt emer. • Lukman özüni bejermez. • Oduň haýsy tarapyndan barsaňam, ahyry ýakar. • Oglam enesine görä bolar. • Öýlenmekçi bolsaň, gelinligiň ejesini tana. • Pamyk ot bilen oňuşmaz. • Pişige — oýun, syçana — jebir. • Sebäpsiz gamgynlyk bolmaz. • Suw aşak akar. • Sygyr satyn aljak bolsaň, onuň süýdüni dadyp gör. • Tüsse bar ýerinde ot bardyr. • Un tapylsa, gyzzyrma bolar. Rusçadan terjime eden Hojaberdi HOJADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |