08:22 Saklanyp galan pursatlar | |
SAKLANYP GALAN PURSATLAR
Ýatlamalar
Söýgüli gazetimiziň okyjylaryny tanyşdyrmak isleýän suratym indi elli ýyldan gowrak wagt bäri biziň maşgalamyzda saklanylýar. Kakam Derýaguly Baýramgulyýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda mugallym bolup işledi. Ol şahyr Gurbannazar Ezizow hem-de kompozitor Nury Halmämmedow bilen dost eken. 1970-nji ýylyň ýaz günleriniň birinde ol öz dostlary bilen şähere gezelenç edipdir. Şonda olara belli heýkeltaraş Jumadurdy Jumadurdyýew bilen asly bäherdenli Şygryýetiň hem aýdym-sazyň çyn muşdagy bolan Aýnazar Işangulyýew duşupdyr. Tötänleýin bolan duşuşykda olar bile surata düşüpdirler. Merjen BAÝRAMGULYÝEWA, Türkmen döwlet maliýe institutynyň Daşary ýurt dilleri kafedrasynyň iňlis dili mugallymy. Suratda: (çepden) Gurbannazar Ezizow, Derýaguly Baýramgulyýew, Aýnazar Işangulyýew, Juma Jumadurdyýew we Nury Halmämmedow, 1970-nji ýylyň maý aýy. © “Edebiýat we sungat” gazeti, 2022-nji ýylyň 13-nji maýy. 4-nji sahypa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |