15:00 Şan-şöhratly Hunlar / Gara han | |
GARA HAN (DUMAN BEÝGU 一 M. Ö. 220-M. Ö.209)
Hun hökümdarlarynyň içinde bize belli bolan Garahanyň (Duman) asly Aşynaogullary bolan Oguzyň neslindendir. Ol şol Şejereýi teräkime kitabyny ýazan Abulgazy Bahadurhanyň Oguznamasyndaky Garahandyr. Ol miladydan öňki III asyrda ýaşap geçen ilkinji Hun hökümdarydyr. Onuň Beýgu atly lakamy beýik diýmekligi aňladýar. Ol miladydan öňki 221-220-nji ýyllarda Tagta geçip Hun taýpalarynyň baştutany boldy. Bu baştutanlara Ýabgu hem diýýärler, şol sebäpli oňa Duman Ýabgu hem diýlerdi. Gara hanyň ata-babalary Türküstan (Turan) topraklaryndan Çynmaçynyň demirgazyk çäklerine gelip birnäçe öýli bolup oturupdyrlar. Hunlar Çynmaçyna tarap çozup olja talap gezipdirler. Gara hanyň ene başga iki ogly bolupdyr. Uly aýalyndan Oguz (Mode, Mete) kiçi aýalyndan hem bir ogly bolupdyr.Gara han Oguzy tagta mirasdar etmekligi rowa görmedi. Şonuň üçin ol kiçi ogluny tagta geçirmek isledi. Emma Oguz kakasynyň ýalňyşýandygyny duýdurupdy. Gara han Oguzy Düýeçi taýpalarynyň (ýueçji) eline girew diýip berdi. Gara han kiçi ogluny tagt mirasy etmekçidigini duýan Oguz tussaglykdan gaçyp gaýdyp, özüne 10.000 adamlyk goşun toplady we kakasy bilen uly çaknyşygy başlatdy. Netijede miladydan öňki 209-njy ýylda Kakasy we onuň kiçi aýaly hem ene başga jigsi şol uruşda öldürildi. Tagta hem Oguz han geçdi. Aşgabat 一 2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||