17:39 Şan-şöhratly Hunlar / Oguz han | |
OGUZ HAN (METE HAN ÝA-DA MODE HAN M.Ö. 234Ý 一 M.Ö.174Ý)
Taryhy makalalar
Beýik Çyn-maçyn (hytaý) taryhçysy Sima Sýan şeýle ýazýar. Hunlar (Gunlar) öz uzyn taryhlary içinde güýçlenip, hökümdarlyk döredip, soňra gowşap aýry-aýry kabylalara bölünipdirler. Çyn-maçyn imperiýasy bilen birnäçe söweşleri, darkaşlary gaty gan döküşikli boldy ki bu surnukdyryjy uruşlar netijesinde Sin Şi Huandi Hytaýyň demirgazyk serhetlerinde uzynlygy 4000 kilometr uzynlykda, 4 metr galyňlykda we 10 metr beýiklikde diwar çekmeklige buýruk beripdir. Şol Diwar häzir hem bar. Miladydan öňki 238-nji ýylda Çyn-Maçyn imperiýasyna, hatda golaý-goltumdaky goňşularynyň belasy bolan Hun hany Gara hana (Duman) paç töleýärdi[1]. Oguz hanyň gyrmyzyýaňak bir öweý jigsi-de bardy. Tejribeli bolsa-da Garahan (Duman Beýgu) ogly Oguzy däl-de, başga aýalyndan bolan körpe ogluny tagt mirasdûşeri bellemekçi bolýardy. Gara Oguzy Ýueçjilere (mangollara) girew hökmünde ugradyp, soňra hem olaryň üstüne çozmakçy-dy, eger şeýdäýse Ýueçjiler Modeni öldürerdiler. Bu Duman Beýgunyň tüýs islänidi. Bu planlary aňşyran Oguz (Mode) ýesirlikden gaçyp geldi we Garahan oňa 10. 000 atly leşger berdi. Mode kakasynyň pirimlerine garşy uly söweş turuzdy. Şol söweşde kakasy, öweý ejesi, jigsi öldürildi. Onuň duşman kabyla we taýpalary bilen, ýakyn we uzak halklar bilen eden söweşleri miladydan öňki 202-nji ýyla çenli dowam etdi. Ol 26 taýpany (käbir wariýantlarda 24 taýpa) birleşdirip Beýik Hun hökûmdarlygyny yglan etdi. Bu wagtlarda Çyn-maçyn gaty güýçli imperiýady, hatda Hindistan ýaly Çyn- maçynlylar özlerini «Han» atly baştutanlarynyň ady bilen atlandyrypdyrlar. Baştutan öň gaýykçy bolan Lýu Bank eken. Oguz han Peteň söweşinde imperatory duzaga düşürdi. Ýedi gün aç- suwsyz galan imperator boýun bolmaga mejbur boldy. Oguz hanyň hunlardan birnäçe aýallary bolupdyr. Ol Çyn-maçyn Imperatorynyň gyzyna hem öýlendi. Oguz han miladydan öňki 174-nji ýylda wepat boldy. Onuň hökümdarlygy 300 ýyla çenli dowam etdi[2]. EDEBIÝAT: [1] L.N.Gumilýew «Hun halkynyň taryhy» (1960) (rusça). [2] Reha Ýylmaz «Taryhymyzda yz goýanlar. Azeri. Baku: 2008, sahypa -13. Aşgabat 一 2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |