23:16 Şan-şöhratly Hunlar / Hulagu, Huýandi, Sulu | |
HULAGU (HULUKU 一 M.Ö.96-M.Ö.85)
Hulagu ýa-da Huluku şanýuý 一 miladydan öň 96-njy ýylda atasynyň ýerine tagta geçipdir. Häkimýete geçen wagtlary ady meşhur bolmadyk jigisini tagt mirasdüşeri edip taýyn etse-de ol tiz wagtdan soňra wepat boldy. Häkimýetiniň ilkinji 6 ýyly asuda geçen Hulagu miladydan öňki 90-njy ýylda köne duşmanlary bolan goňşylary Wanku we Wuhuanlardan çynlylara garşy uly goşun toplamakda ýardam bermegi üçin esger isledi. Wuhuanlardan 70.000 esger geldi. Hun şazadasy Çýueçen 30.000 esger bilen, Mantun bolsa 40.000 esger bilen geldi. Şanýuý Altaý daglaryna çekilip söweşe taýynlanmaga başlady. Çyn goşuny Hun döwletiniň içerilerine hereket etdi we ilat garasyny görmän soň yzyna gaýdyp gelýärkä Hun serkerdesi Li Liniň hüjümine sezewar bolup yza çekildi. Hulagu Çyn goşunyny heläk edip Çyn-maçyndan 600 litr şerap, 2 million litr içgi azygy we 100.000 top, ýüpek talap etdi. Imperator oňa jogap bermedi. Hulagunyň ýesiri bolan Li Kuanklinin Hulagunyň gyzy bilen öýlenmegi bilen Şanýunyň ejesiniň hassalygynyň sebäbiniň Li Kuankli bolandygyny oňa aýtdylar. Rowaýata görä şanýuý Hulagu bilen Li Kuankliniň arasyndaky bolup geçen wakalarda Li Kuankli bütin milleti näletläpdir. Hakykatdan-da soňky ýyllar hunlarda her hili mergi keseller köpelip başlapdyr. Şanýuý Hulagu bolsa Li Kuanklinyň mukaddesleşdirilmegini we oňa sežde edilmegini emr etdi. Imperatoyň ölmegi we tagta täze geçen Imperator Çaodiniň döwründe syrkawlan Hulagu oglunyň öleni üçin garyndaşlarynyň we egindeşleriniň teklibi boýunça ýerine jigsiniň ogly Huýandini taýyn etdi. HUÝANDI (M.Ö.85-M.Ö.68) Huýandi şanýuý 一 saýlap seçilen ilkinji Hun hökümdarydyr. Ol kesekileriň elinde oýunjak ýaly bolup galypdyr. Döwleti dolandyran Hulagunyň ömürlik ýoldaşy Huýandinyň döwründe miladydan öň 83-nji ýylda Hunlar bir Çyn serkerdesini öldürip yza çekilipdiler. 3 ýyl soňra şanýuý uly goşun bilen Hytaýa hüjüme geçdi. Ýeňilip yza çekildi. Birnäçe hun şazadasy Hytaýyň tarapyna geçip dönüklik etdiler. Soňky ýyllarda Şanýunyň ömri uruşlar bilen geçdi. Çyn-maçyn bilen duşmanlyk gatnaşykda bolan Wusunlar Oguz hanyň döwründen bäri ilkinji sapar Hunlara duşmançylykly gozgalaňy alyp bardylar. Bir tarapdan Wuhuan, bir tarapdan-da Wusun we bir tarapdan Çynmaçyn goşunlary bilen söweş alyp baran Huýandi miladydan öňki 68-nji ýylda wepat boldy. SULU ÇIÝANÇU (M.Ö.68-M.Ö.60) Sulu Çiýançu Miladydan öňki 68-nji ýyldan miladydan öňki 60-njy ýyllar aralygynda Hun imperiýasyny dolandyran hökümdardyr. Halk tarapyndan saýlanyp seçilen Sulu Çiýançunyň döwründe Hunlar ykdysady tarapdan çökgün we kynçylyk içinde ýaşadylar. Onuň döwründe Hunlar Çyn we beýleki goňşulary bilen uruşlary-hüjümleri alyp barýardylar, bu surnukdyryjy uruşlar Hunlary ysgandan gaçyrýardy. Sulu Çiýançu 8 ýyllyk gysga hökümdarlyk edeninden soň wepat boldy. Aşgabat 一 2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |