20:56 Şan-şöhratly Hunlar / Günhan | |
GÜNHAN (KUNIÇEN 一 M. Ö. 161- M. Ö. 126)
Taryhy makalalar
Günhan (Güniçen) miladydan öňki 161 ý. Miladydan öňki 126-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk eden Hun şanýusydyr. Onuň döwri Hun imperiýasynyň iň güýçli döwri hasap edilýär. Hun hökümdarlarynyň içinde iň uzyn ömür süren döwründe Çyn-Maçynda 4 imperator täzelenipdir. Gökhandan (Kiok) soňra Hun tagtyna ogly Günhan (Kunçin) (M. ö. 160- m.ö.126 ý.ý.) geçdi. Gün han atasy Oguz han we kakasy Gök han ýaly agalyk ediji, berk hökümdar däldi. Bu döwûrde döwlet ugrynda Hytaý (Çyn-maçyn) çozuşlary we surnukdyryjy uruşlar möwç almaga başlady. Hytaýlylaryň yzly-yzyna gazanan ýeňişleriniň soňunda, Hun häkimýeti Gobi çölüniň demirgazygyndaky Orhon derýasynyň kenaryna çekildi. Döwletiň baý günorta-günbatar topraklary Hytaýyň eline geçdi. Hytaýdan alynan bergiler kesildi. Hun şazadasy arasyndaky çaknyşyklar we içki dawa- jeňjeller döwleti ysgyndan gaçyrdy. Aşgabat 一 2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |