23:06 Şan-şöhratly Hunlar / Tutsean, Huhanýe, Fujuli, Souse | |
TUTSETAN (M.Ö.60-M.Ö.68)
Taryhy makalalar
Tutsetan hökümdarlyga Sulu Çiýançunyň ölüminden soňra tagta geçdi. Uşilunyň neberesinden bolan Tutsetan Sulu Çiançunyň aýalyna öýlendi. Gurultaýda Şanýuý saýlap-seçilen Tutsetan aýalynyň jigsini ýokary wezipelere belläp öňki hökümdaryň ýakynlaryny öldürdi. Birnäçe döwlet işgärlerini öldürden Tutsitan öňki hökümdaryň ogly Tsihuşany hem kowdy. Tutsetanyň hereketlerinden birahat bolan beýleki döwlet işgärleri Sulu Çiýançunyň beýleki ogly Huhanýeni şanýuý yglan etdiler. Huhanýe 50 müň esger bilen şanýunyň üstine basybalyjylykly çozuşlar etdiler. Tutsetan bolsa tagtdan daşlaşdyryldy. HUHANÝE (M.Ö.58-M.Ö.31) Huhanýe ýakynlarynyň goldawy astynda gozgalaň turuzyp häkimýete geçipdi. Ozalky ady Tsihouşan dy. Ol miladydan öň 57-nji ýylda Hun döwletinde 5 sany şanýuý bardy we bular esasy hökümdarlyga dyrjaşýardylar. Çuki, Huge, Utzsi, Ýuýdi özlerini şanýuý yglan etdiler. Bu şahslaryň hemmesi Mete hakanyň beýleki aýalyndan bolan nebereleridi. Çuki Ozaly bilen Huge, Utzsi we Ýuýdiniň goşunlary bilen garşy söweş alyp bardy we Huge söweşde ýeňilip özi bolsa gaçdy. Ýuýdi bolsa Huhanýe daga yanyna bolandygyny bildirdi. Bir tarapdan serkerde Li Liniň ogly Utszini şanýuý yglan etdi. Utazi öldürileninden soňra Huhanýeniň täze egindeşleri baş göterdi. Sünsün atly hun serkerde (general) bir şazadany Günhan II (Kunçen 2) şanýuý ady bilen yglan etdi. Ondan soňra Huhanýeniň jigsi Çiçi şanýuý özüni hökümdar yglan etdi. Çiçi we Günhan II ikisi birleşip Huhanýeni ýeňlişe sezewar etdiler. Huhanýe öz egindeşleri bilen maslahat etdi, emma egindeşleri bu ýagdaýda onuň Çyn-maçyn bilen birleşmeklik maslahatyny berdiler. Hun serkerdelerinden biri Içjiçzi bolsa ol döwürleriň yzda galandygyny Hytaýyň indi güýçlenendigini aýtdy. Huhanýe onuň bilen razylaşdy. Huhanýe Çynmaçyna ýola düşdi. Miladydan öňki 147-nji ýyldan soňra ilkinji sapar Çyn imperatory we Şanýuý görüşdi. Imperator oňa goşun we azyk berip ýurduna ugratdy. Çiçi şanýuý şol wagtlar öz döwletini gurmaga taýynlandy. Talas uruşynda Çynmaçyn goşuny Çiçini ýeňlişe sezewar edip başyny kesdi we gozgalaň ýatyryldy. Huhanýeniň häkimýeti döwründe taýpabaşylar Çynmaçyna garşy çozuşlary dowam etdirdiler. Huhanýe Imperatoryň gyzy bilen öýlenipdir we Ituzýaşi atly şol hytaý şagyzyndan bolupdy. Öleninden soňra bolsa ýerine Fujuli şanýuý boldy. Fujuli (m.ö.31-m.ö.20) FUJULI 一 14-NJI HUN HÖKÜMDARY. Häkimýet döwri parahat geçdi. Imperatoryň wassaly bolup ömür süren Fujuliniň ölüminden soňra ýerine jigsi Tzýumisýu Souse şanýuý boldy. SOUSE (M.Ö.20-M.Ö.12) Dogany ýaly asuda ömûr süren Souse 8 ýyl hökümdarlyk sürdi. Çyn imperatory bilen görüşmäge giden wagty ýolda syrkawlap öldi. Ýerine jigsi geçdi. Aşgabat 一 2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |