23:13 Sazly waka / satiriki hekaýa | |
SAZLY WAKA
Satiriki hekaýalar
Şirinbulak raýon teatrynyň direktoryny işini başarmanlygy sebäpli wezipesinden boşatdylar. Onuň ornuna-da et kombinatynyň direktorynyň hojalyk işleri boýunça orunbasary ýoldaş Sallahow bellenildi. Sallahow bada-bat işe girişdi. Sazly komediýa gidip durka ol assyrynlyk bilen tomaşa zalyna girip, yzdan jyklady. Oýun gyzyşypdy. Dirižýor daş-töweregine garanjaklap. taýajygyny oýnadýardy. Sallahow sazandalara nazar aýlady. Gyjakçy syhawajyny sag elide saklap, käwagt bir gyjagynyň kirişlerine degripjik-degripjik goýýardy. Tüýdükçi bolsa bir çetde kürsä ýaplanyp, pallap, gözlerinem açalak-ýumalak edip, arkaýyn gaýşarylyp otyrdy. Bu bikär sazandalary görüp, Sallahowyň gany depesine urdy. Arakesme yglan edilen badyna-da dergazap bolup, ýerinden turaga-da arka tarapdan aýlanyp, gös-göni sahna bardy. - Bü nä boluş-how - diýip, ol ellerini kelemenletdi. - Siziň käbiriňiz bu ýerik uklamaga geläýipsiňiz öýdýän? Hany, häziriň özünde baryňyz birden çalyň! Bolşuňyz şu bolsa maliýe planymyz asyl dolmanjyk geçäýer. Gaýdyp mähelle-de oýna gelmez. Ähli işi diňe akkerdeonçynyň üstüne atmaga utanaňzokmy? Şu günden şeýläk men siziň ähliňize norma belleýän! Ýanyňyza-da tabelçi oturtjak. Goý, ol kimiň näçeräk çalýandygyny hasaba alsyn. Ýogsa, ýene-de plan dolman galmagy mümkin. Ynha, men et kombinatynda işleýäkäm bir mal geldigi barysy onuň daşyna üýşerdi. Biriniň elinde pyçakdyr, ýene biriniň elinde paltadyr, başga birem sygryň şahyndan tutup durandyr, garaz, içinde eli boş durany ýokdur. Hä diýilmänkä, janaweriň damagy çalnyp, derisi soýlaýýandyr. Bu ýerde welin, tertip-de ýok, düzgün-de. Her kim edenini edip ýör. Ýogsa-da, hany, aýdyň, siz bu ýerde nämä sömelip dursuňyz? Biderek ýerden sazandalara päsgel berýärsiňiz... - diýip, ol dirižýora barmagyny çommaltdy. - Bagyşlaň, ýoldaş Sallahow, biz kompozitoryň diýeni bilen bolmaly. Ine, nota seredäýiň? Onda haýsy saz guralynyň haçan, haýsy ýerde çalynmalydygy aýdylýar. Sallahowyň depe saçy düýrügip gitdi. Gaharyna elleri sandyrady. - O nähili beýle bolýa! Bu ýerde kompozitor direktormy ýa men? Şu pursatdan başlap, kompozitoryň buýrugy ret edilýä hasap edäýiň! Häzir arakesme gutararam weli, kwartal planymyzyň wagtynda dolary ýaly baryňyz birden aýagaldygyna saz çalyň! Seýit AHMET, özbek ýazyjysy. "Edebiýat we sungat" gazeti, 18.03.1983 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |