21:35 Sen dünýämiñ ýazy, Käbäm! | |
SEN DÜNÝÄMIÑ ÝAZY, KÄBÄM!
Edebi makalalar
Ynsan ilkinji sesleri enäniň gulagy bilen eşidýär. Dünýäni ilkinji gezek enäniň aňy bilen kabul edip başlaýar. Enäniň ýürek urgusyny diňläp, asudalygy we howsalany tapawutlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri okap oturyşyňa, ejeň bilen bagly durmuşy pursatlar hakydaňa gelýär. Bu aýajyp kitapda enelerimize bolan tükeniksiz söýgi beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz mähriban käbesi bilen bagly: «Ejem janyň hemişe gepleýşi örän mylakatly hem özüne çekiji bolandygy üçinmi, nämemi, biz ondan üýtgeşik mähribanlygy aňýardyk. Ýüregi bilen bizi ezizleýändigine, janyndan jan berýän mähribandygyna düşünýärdik. Ol: «Siz meniň guwanjym, ganatymsyňyz!» diýýärdi» diýen ajaýyp jümläni okanyňda, enelere bolan hormatyň ýene bir gez artýar. Dünýä ýüzündäki ähli janly-jandaryň öz enesi bardyr. Eneler bolmazdan, olaryň nesilleri — perzentleri bolup bilmez. Bu tebigatyň kanuny. Tebigatyň kanunlary bolsa ynsan eli bilen üýtgedip bolmaýan, ynsan erkiniň güýç ýeterinden daşardaky hadysa. Diýmek, eneler biziň tebigy kökümiz. «Ynsan özüniň neneňsi bagtlydygyny bilmezmiş» diýilýäni çyn. Muny biziň ejeli günleriň gadyryny bilşimizden çen tutup biläýmeli. Her gezek ejeme jaň etmek üçin häzirhäzir bilen ikiüç gün geçirýärin, käwagt bu sanyň bir hepdä çenli uzalýan wagtam bolýar. Häzir dagy jaň etmek üçin bir ýerlerik gitmek gerek däl, hatda öýüň içinde ýeriňdenem turmazdan jaň edip bolýar. Ýolda barýarkaňam, ojagyň başynda ýeralma arassalap durkaňam, telewizorda haýsydyr bir aýdymçynyň durmuşynda bolan täzeligi aňk bolup diňläp otyrkaňam, çagalaryňy alyp, ýanýodadan geçen ýeriňdäki seýilgähe gezelenje çykan wagtyňam.... islendik wagt jaň edip bolýar. Sebäbi indi ählimiziň el telefonymyz bar ahyryn. Şondada telefonyň ýüzüne bir-ýarym gezek basyşdyranymyzda sesi gelip duran ejemiziň sesini eşitmäge wagt tapmaýarys. Käte şu pikirler meni ruhy taýdan juda ýakymsyz ýagdaýa salýar. «Enäniň-atanyň göwni oguldagyzda, ogulgyzyň göwni dag bilen düzde» diýlenidä. Ahyry «wagt tapyp» ejeme jaň edýärin. Telefonyň aňyrsyndan ejemiň, «Alýo» diýen sesini eşidenimde, ýumruk ýalyjak göwresini göz öňüme getirip, onuň oniki süňňüni yzarlap çykan sesinden keýpiniň, saglygynyň nähiliräkdigini aňşyrjak bolup jan edýän. «Aý, eje!» diýenimden, «Annagül?!» diýip, sorag gatyşykly geň galýan äheňli ýüzlenmäni eşidýärin. «Hawa, eje, men Annagül! Gowumy ýagdaýlaryň, sag-aman otyrsyňyzmy?» diýip, hal-ahwal soraşyp başlanymdan soň rahatlanyp oturýar-da, indiki gürrüňler üçin rastlanýar. «Hudaýa şükür! Bizem sagsalamat» diýenden soň bir-birden çagalarymyň, beýleki maşgala agzalarymyň adyny tutup, hal-ahwal soraşýar. Şol wagt men içimden: «Başga edere gürrüň bolmansoň, meniň sesimi eşidip durmak üçin tapýanja gürrüňi-dä» diýip, pikir edýärin. Ýogsada, ol çagasynyň çagasyny indemän kimi indesin?! Onuň uly dünýä eken bagynyň miweleri şolar ahyry. Meniň ejem bilen gürrüňdeşligim käte uzagraga çekýär, käte bolsa beýle bolmaýar. Uzagrak gürrüň tapylsa ejemi bir zatlar aýdyp güldüresim gelýär. Emma goja dünýäniň agyny-garasyny saýgaryp, bir gerden ýük bi len eslije menzil geçen enäni güldürip biläýjek zady tapmak maňa barha seýrek başardýar. Her gezegem näme gürrüň edenimde ejemiň özüni bagtly duýmagynyň mümkinligi hakyndaky pikirler bu gürrüňdeşligiň çygryny herýana çekýär. Käte oba içindäki toýlardan, ýaslardan gürrüň gozgalýar, käte onuň çagalaryna, agtyklaryna öwgi sözlerini aýdyp, göwnüni götermäge synanyşýaryn. Çagalykdan ejä-kaka arz aýdyp, ýol almagy öw renmänimiz üçin şu wagtam ejemiň içginiçgin gyzyklanmalary ünsi sowujy, hemme zat gülala-güllük ýaly beýan edilýän jogaplar bilen gabatlaşýar-da, meniň agzymdan hakykaty eşidip bilmeýär. Goý, gyzym bagtlydyr öýtsün. Eger bagtly bolmasam, ene ýüregi aýtmasamam biler. Azowlak itekçomak zatlar üçin agyrdardan ene ýüregi näzik ahyry. Daşlaram döwülmezden öň çat açýar-a. Izim-izim edip arz aýdyp, gynandyrýançam, «Pylan derejä ýetdim» diýsem, başy gök diremezmi? Ejem jan, mähriňe döneýin. «Näçe ýaşasaňam, ejeň ýanynda çaga ýalysyň» diýip, kän gaýtalanýan sözleri menem gaýtalaýyn. Ogluny ora, gyzyny gyra eden ene-atalar üçin durmuş gurup, uçurym bolan çagalary bilen didarlaşmak hem uly dereje. Wagt tapyp, atam öýüme baranymda, ejemiň çaga ýaly begenip garşy alşyny görüp, bogazym dolýar. Her gezek öýe baranymda ýada ejemiň özi gezelenje gelende, onuň öň küsinden biraz garrandygyny görüp, ýüregim gyýylýar. Mundan bäş ýyl ozalam ganatyny gerip, meni bagryna basanda boýumyz deňeçerräkdi. Indi bolsa men bira zajyk egilmeli bolýan... Wagtyň hiç kime baş bermeýän kadalary ejem jandanam öz pajyny alypdyr. Ejem jan meni bagryna basyp birsalym saklanar. «Sagaman gel diňmi, çagam!» diýibem, hemme zady ýüzüňden okajak bolýan ýaly, içginiçgin sereder. Ol eserdeň nazarda tükeniksiz mähir, çensiz-çaksyz minnetdarlyk, egsilmez şatlyk bar. Diňe şu garaýşy görmek üçinem islendik uzak ýoly külterläniňe degýär. Ynsan oglunyň bütin ömrüne gözleýän zady hut ene-atanyň hak şuglasy siňen nazarynda jemlenýär. Ol nazardan mähri ganyp ýetişen çagalar dokmäde, kanagatly, ynamly bolup ýetişýärler. Bir eli bilen döredip, bir eli bilen dargadyp barýan garry dünýäde eneatanyň didaryndan uly ynam bolup bilmez. Biz uly bolmagy, ulaltmagy hem olardan öwrenýäris. Biz olaryň arkasyndan peýda bolduk, olaryň arkasyn dan garry dünýäniň diline düşündik, indem dünýe bilen darkaş gurup, öz gözleri kütelip, paýhas gözleri ýitelen eneatalarymyza tagzyma barýarys. Bu bolup geçýän zatlaryň bary sapak. Oka, ynsan, aňla, bekle! Senem gözleriň çöňňelip, paýhasyň ýitelen wagty çagalaryň salama gelende nähili bolmalydygyňy öwren. Hemme zady öwren. Sabry, kanagaty, dokmädeligi, imany, çuňlugy, mertligi öwren. Çünki iň çylşyrymly kompýuter programmalaryna çenli kitaplardan öwrenip bolýanam bolsa, ynsanlygyň ölçeglerini diňe ene-atadan öwrenip bolýar. Bu tapylgysyz baýlyklara eýe bolmagyň açary eneleriň kalbynyň çuňlugynda gizlengi. Saňa şol çuňluklary boýlamaga ýeterlik mertlik gerek. Okumyş adamlaryň arasynda şol bir kitaby ikinji, üçünji gezek okanyňda has täze, has üýtgeşik pikirlere duşýanlygyň hakynda köp aýdylýar. Men bolsa ejemiň meniň soraglaryma beren jogaplarynyň manysynyň her ýaşymda barha agralyp barýandygyna akyl ýetirýärin. Eneler hat bilen ýazylmadyk kitaplar. Olary okamak üçin juda wepaly bolmaly. Ene diýen kitaby söýgi elipbiýinde okamagy, mähir elipbiýinde ýazmagy başarmaly. Eneleriň yhlasyna wepaly bolmak goja dünýäniň iň gadymy talaby bolsa gerek. Meniň bu ýazgymyň bar manysyny ata-babalarymyz «Ataň bilen eneň barka, Haja gitme» diýen nakyla salypdyrlar. Annagül NARLYÝEWA, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |