19:11 Wagt bilen söhbet | |
WAGT BILEN SÖHBET
Filosofiýa
— Essalawmaleýkim, Wagt aga! — Waleýkimessalam, keýigim! — Wagt aga, beýle gojalypsyň, hallar niçik? — Ýaman däl, guzym, ýaman däl. Munça bolsa şükür etmeli. — Wagt aga, özüňi bileliň bäri ynsanam barmy? — Ýok, ynsan özüni bileli bäri men bar. — Ynsan sizden has ýaşdyr onda? — Ýaş barada ynsanlar gürleýäler, onuň maňa dahylly ýeri ýok. Meniň ýaşymy hasaplajak bolup görgi baryny görýäňiz. Bu häsiýetiňizem öwerlik däl. — Haýsydyr bir zatdan ygtybarlanmaly, haýsydyr bir zat çelgi bolmalydyr-a. Onsoň aý, gün, hepde diýip, wagt belläp ýaşaýas-da. — Howwa-la onyňyz dogry. Hiç hili tutarygyň bolmadygyndan haýsydyr bir ýapyşalgaň bolmagy gowy zat, ýöne... — Ýönäňiz näme? — Ol hasaplar bilenem meniň hakyky manymy açyp bilmediňiz. — Hakyky manyňyz nämede? — Yzygiderlilikde, üznüksizlikde. — Adamlaram yzgiderliligiň nämedigini bilýärler ahyry. — Onuň nämedigini bilýändirler. Ýöne hut yzygiderliligi döreden däldirler. Şonuň üçinem olar bu hakykatdan ejizdirler. — Men-ä bu pikir bilen ylalaşyp bilemok. — Gözel göwnüň. Ýöne hakykat şeýleräk. — Näme üçin siz beýle morta? — Men morta däl, kesgitli. — Şeýle bolmak ýüregiňize düşmedimi? — Ondan gören ýamanlygym ýok. — Adamlara näme öwredesiňiz gelýär? — Adamlara öwredesim gelenok, olardan garaşýan. — Nämä? — Meni haýyrly ulanmaklaryna. «Pylan eýýamda pylan hili iş bitirilipdir, pylan hili şäher gurulypdyr» diýilse göwnüm hoş bolýar. Oňa guwanmagy başarmaly. Bu diňe maddy barlyklar bilen bagly däl, eýsem, ruhy ahwallar, ruhy baýlyklar bilen baglam şeýle kesgitlenýär. — Adamlar-a ähli zady wagtyň ýok edýänligine ynanyp ýörler. Siz bolsa adamlar gadyryny bilmeli diýýäňiz. — Meniň güýjümiň ýetmeýän zatlaram bar ahyry. Ruhy baýlyklara, ýagty duýgulara, gymmatly pikirlere, söýgä güýjüm ýetenok. Ýeriň ýüzündäki zatlaryň islendigini ýok edip bilsemem, ynsanlaryň ýüregindäki we hyýalyndaky närselere erkim ýetenok. Adamyň hyýaly meniň gatlarymy böwsüp bilmek güýjüne eýe. Şeýle bir ýiti hyýallar bar welin, olar duran ýerlerinde özlerine gerek zatlaryň peýda bolmagyny gazanýarlar. Ine, şeýle aňly adamlar menden geregini almak üçin jan edýärler. Meniň bir kanunym bar — hökman haklaşýaryn. Bu maňa adamlar bilen bagly has aňsat başardýar. — Bu ýowuzlyk bolýar ahyry? — Men ony siziň nähili atlandyrýandygyňyzy bilemok. Bu maňa asla gyzykly däl. Men ony «Hökman haklaşmak» kanuny diýip atlandyrýaryn. — Bu çenden aşa ýowuzlyk bolýar. Siziň ýüregiňizi ýumşatmagyň hiç hili ugry-ýoly ýokmy? — Dur, gyzym, meni beýle bir ýowuzdyr öýtme. «Hökman haklaşmak» kanuny ýagşylyk edýän adamlar babatda hem hereket edýär-ä, habaryň ýokmy? — Ýagşylygyň nämedigini bilýämikäm-ä diýýän, ýöne siziň kanunyňyzyň gylygyndan habarym ýok. — Şeýledirem öýtdüm. Men maňa ýagşylyk edýän adamlaryň adyny başardygymdan hakydamda saklamaga çalyşýaryn. Olam edil gadymy şäherler, gymmatly sungat eserleri ýaly ýaşaýar. — Size nädip ýagşylyk etmeli? — Maňa ýamanlyk etmeli däl. — Has düşnükliräk aýdyp bilmersiňizmi? — Siziň ömrüňiz meniň üstümde geçýär, dogry dälmi? Ömrüňiziň gymmatyna düşünip, onuň ötegçiligini ýatlap, ýagşy niýetli işlere ulaşsaňyz, birek-birege mähir bilen baksaňyz, ýaşaýan ýer-ýurduňyzy apatlardan gorasaňyz meniň ýüregime hem serginlik aralaşýar. Soň birsalymdan yzyma göz aýlasam, gülleýän durmuşy, birek-biregi sylaýan adamlary görsem göwnüm hoş bolýar. — Siz haýsydyr bir usul bilen adamlara bu barada duýdurmakçy bolup görmediňizmi? — Men bütin ömrüme şonuň bilenem meşgullanýaryn-da. — O nähili? — Dogryňy aýt, Günüň doguşyny synlap gördüňmi? — Hawa. — Ýeri nähili eken? — Juda ajaýyp. — Bu edähedi gündelik endigiňe öwürdiňmi? — Ýok, o barada pikirem etmändirin. Her gün beýle ir turmagyň nämä geregi bar? — Wah, senem ýokdan bar bolanlygyňy inkär edýänlerden ekeniň. Bardan ýok bolşuň hem Günüň doguşyny bahalandyryşyň ýaly bolar. Gün meniň ilçim, ol her gün size wagtyň diplomatiýasynyň kanunlaryny aýan edýär. Onuň dogýan pursady bolsa şu günüň eýýäm tamam bolmaga başlandygyny aňladýar. — Beýle berk kanunlar meni juda üýşendirýär. Belki, siz öz kanunlaryňyzy azajygam bolsa ýumşadarsyňyz? — Bu meniň erkimde däl. — Onda kimiň erkinde? — Kanunlary üýtgetmekden ony dogry berjaý etmek amatly dälmi? — Bilmedim-dä? Bu maňa başardarmyka? Özüm hiç-le, meniň nesil-neberelerime rehimliräk bolsaňyzam razy. — Gördüňmi, ilki bilen, çagalaryň ýadyňa düşäýendir. Menem öz perzentlerimi — puryjalarymy bagtly edesim gelip şu zatlary saňa düşündirýän-dä. Iň gowusy wagtyň kanunlaryny dogry berjaý etmek. — Her gün irden Günüň doguşyny synlasam, siziň ýowuz kanunlaryňyz menden sowa geçermi? — Günleriň sanalgydygyna düşünmeli, olaryň her birine tükeniksiz ýagşylyk ekmeli. Ýagşylygyň tohumy bolsa göze görünmeýär. Ol ýagşy niýetler bilen örtülen. Indi düşündiňmi? Wagtam, niýetem ynsan gözlerine görünýän däldir. Ynsan ony diňe aňy, hyýaly hem süňňi bilen syzyp bilýändir. — Barha çylşyrymlaşyp barýar. Düşnüksiz zatlar bar. — Günüň doguşyna düşünmedik bolsaň, meniň bu aýdýanlaryma düşünmek üçin saňa birneme wagt gerek bolar. Başardygymdan düşündirjek bolaýyn, soraber. — Onda arzuw, şatlyk, söýgi, ylham ýaly zatlar hem göze görünenog-a. — Olaram wagtyň ýüregine serginlik salýan gurallar. Sen olary bilýän ekeniň-ä. Şol gurallary eliňden düşürme. Ýöne ol gurallar ýagşy niýetiňe gulluk etsin. — Ömür näme? — Ömür seniň ýaşan günleriň jemi, şol günlere bagyşlan zatlaryň netijesi, şol günlere siňdiren reňkiň şöhlesi, şol günlerde eden arzuwlaryň keşbi, seniň ýüregiň we aňyň çekip bilen suraty. — Onda ömrümiziň zyýadalygy ýüregimizden hem aňymyzdan gözbaş alýan eken-dä. — Elbetde. — Onda ömür bilen seniň näme dahylyň bar. Sen näme üçin ony tamamlanmaga mejbur edýäň? — Meniň özüm hem käte munuň bilen ylalaşyp bilemok. Ýöne bolmalysy şeýle. Eger şeýle bolmadyk bolsa sen şu wagta çenli gazanan netijeleriňi gazanmazdyň. «Ertir-ertir» bilen garrap lagar düşýänçäň sübse başyny bogmazdyň. — Ýogsa-da, ömür barybir tamamlanjak bolsa garratmaň näme? Dogrusy, ömrümiň şol öwrümlerine barmaga men şu wagtdan ýaýdanýan, gorkýan, üýşenýän. — Garramakdan gorkýan bolsaň ýaşlygyň gadyryny bil. — Hernäçe gadyryny bilemde näme, her gün bir günlük ulalyp barşymyza garrylyk ýaşyna gadam basýarys ahyry. Siz şeýle bir zatlary aýdýarsyňyz, men beýle zatlary göz öňüne-de getiresim gelenok. — Düşünýän, ýöne her puryjanyň öz tölegi bar. Tebigatda mugt zat ýok. Ömür size sowalga pul ýaly berilýär. Siz ony hut öz isleýşiňiz ýaly sowup bilersiňiz. Bir ketje ýeri siz ony sowman bilmersiňiz. — Menem häliden bäri şu barada aýdýan-da. — Ýok, siz ony başarmarsyňyz. Siziň erkiňizde söýgi, ylham, arzuw, şatlyk, ýagşylyk ýaly usullar bar. Tebigat bolsa olaryň ählisiniň garşysyna diňe wagty ulanýar. — Onda-da biz näme üçin hemişe ýeňilýäs. — Sebäbi men ynsandanam, onuň duýgularyndanam uly. Ýaşym boýunça uly. Sebäbi men ynsan özüni bileli bäri bar. — Barybir bu ketje bolýar. — Men ony bilýän. — Bilibem şunça ýowuzlyk edýäňizmi? — Bilmän edilen ýowuzlyk atdanlykdyr. Bilip edilen atdanlyk ýowuzlykdyr. — Men juda gorkýaryn. — Gorksaň alan galaň bolmaz, iki ömrüň hem bihuda geçer. — O nähili iki ömür? — Birini özüňi bilip ýaşarsyň, ikinjisi özüňden soň galdyrjak adyň. — «Özüňden soň» diýmesene. Bu gulaga hoş ýakanok. — Wah, mende saňa hoş ýakar ýaly üýtgeşik bir hoş habar ýok-da, gyzym. Ýöne men saňa bir syry açaýyn. — O nähili syr?! — Men adamlary söýýän. Ýagşy maksatlara gulluk edýän ak ýürekli adamlara bolsa aýratyn sarpa goýýan. Olar näçe lälik bolsalar-da, hut şeýle. Ýöne olaryň arasynda has akyllylary, irmezekleri, erjelleri bar. Olar zähmet çekýärler. Zähmet çekýänleriň ählisi öz adyny meniň puryjalaryma ýazýan adamlardyr. — Onda adamlar näme üçin size beýle garaýarlarka? — Nähili? — Wagtyň geçýändigine, şonuň üçin garraýandyklaryna, saglyklaryny, ömürlerini, ýakynlaryny ellerinden alýandygyňyza olaryň hiç birem begenenok ahyry. — Men bolmasam siz ulalybam, köpelibem bilmersiňiz, siz bolmasaňyz meniň hem gyzygym bolmaz. Men sizi şonuň üçin söýýärin. — Wagt aga, siz adamlar bilen şeýle ýürekdeşem bolup bilýäňizmi? — Talapkärlik ýürekdeşleriň gylygydyr, gyzym. Biperwaýlar senden hiç zat talap etmez. Şu düzgüni unutmagyn. — Wagt aga, meniň soraglarym hasam köpelip barýar. — Men öz ýerimden hiç ýere butnaman. Haçan nähili soragyň bolsa gelibergin, sorabergin. — Ýene ýekeje sowal. Ikindinaralar ýürekgysgynç bolýa. Günüň dowamyna hem düregeý-düregeý tagam gatypsyň öýdýän. — Sagatlaryň, minutlaryň dowamynda hem dürli tagamlar bolup biler. Ikindiden soň Gün ýaşýar-da. Günüň ýaşmagynda tamamlanmagyň tagamy bar. Adamlar zatlaryň tamamlanmagy bilen ylalaşyp bilmeýärler. Siziň ylalaşmaýandygyňyza garamazdan, ol barybir hut şonuň ýaly hem bolýar. Ýöne unutmaň, Gün ýaşmazyndan öň bir günläp siziň hyzmatyňyzda boldy ahyry. Siz özüňize berlen puryjadan geregiňizi alyp ýetişseňiz ýüregiňiz gysmaz. — Wagt aga, men siziň ýanyňyza ýene gelerin. — Nesip etse! — Nesip bolsa! Annagül NARLYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||