21:44 Seniň dogduk topragyňda | |
SENIŇ DOGDUK TOPRAGYŇDA
Goşgular
![]() Men 1981-nji ýylda Aşgabatda bolanymda Kerbabaýewiň öý muzeýinde Eýranyň Gürgen welaýatyndan Magtymgulynyň guburyndan getirilen topragy gördüm. Magtymguly, uly ussat, Kalby nurdan doly ussat, Gördüm dogry ýoly ussat, Seniň dogduk topragyňda. Türkmenistan, mert illeriň, Ýetişdirýär nesilleriň. Tarypy bar gözelleriň, Seniň dogduk topragyňda. Bilbil dek owazy gördüm, Gyşy gördüm, ýazy gördüm. Söhbeti, hem sazy gördüm Seniň dogduk topragyňda. Güle beslenip dag-dere, Jennet diýdim beýle ýere. Ynam bardy şat günlere Seniň dogduk topragyňda. Hoş aruzw bar, hoş niýet bar, Nesillere nesihat bar. Söýgi bilen muhabbet bar Seniň dogduk topragyňda. Köňlümiziň geregi dur, Goşgularyň bezegi dur. Joşan şahyr ýüregi dur, Seniň dogduk topragyňda. Aşgabat şäheri, 12 iýul 1981. • AŞGABAT Köpetdaga bakar ýüzüň, Tomaşadyr çölüň-düzüň Sende geçýär şatlykly gün, Açylar ýürek Aşgabat. Her tarapyň gül deňizi Haýran edip keşbiň bizi. Tomus, güýzi, gyşy, ýazy, Goýnuň jennet dek Aşgabat. Gelip sende kän gezdim men Türkmen çölüne bezeg sen, Rahym aýdar ýürekden: Toýuň mübärek, Aşgabat! Rahym ALHAS, azerbaýjan şahyry. "Edebiýat we sungat" gazeti, 11.03.1983 ý. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||