04:41 Seret sada göz bilen | |
SERET SADA GÖZ BILEN
Goşgular
Darykma hiç, alñasama durmuşda, Alñasanyñ alçy gopmaz aşygy. Zeýrenmegin, çünki jomartdyr ykbal, Bäşiñ alsa, berer ýigrim bäşini. Käbir zada seret sada göz bilen, Köp gapynyñ açarydyr sadalyk. Gury saman ýaly bir otluçöpe, Ýa bir söze gidiberme "ot alyp". Ruhdan düşürmesin zerur wagty hem, Pursady döredip bilmeýänligiň. Belki, şat bolşudyr sabyrlylaryň, Amatly wagtyňy peýleýänligiň. Kabul et käteler görüşiň ýaly, Kä azaşar öñki çygyrdan aşýan. Bu pany dünýäniñ jedeli şeýle, Çylşyrymly baksaň çylşyrymlaşýar. Kerim ATÇAPANOW. 30.04.21 ý. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||