16:34 Serwantesiñ dramaturgiýasy | |
SERWANTESIŇ DRAMATURGIÝASY
Teatr we kino sungaty
Ispan ýazyjysy, dramaturg, dünýä belli "Don Kihot" romanynyñ awtory Serwantes de Saawedra 1547-nji ýylyñ 29-njy noýabrynda Migelde doglup, 1616-njy ýylyñ 23-nji aprelinde Madridde aradan çykypdyr. Garyp düşen dworýan maşgalasynda doglan Serwantes 1570-1575-nji ýyllarda ýönekeý esger bolyp gulluk edýär. 1575-1580-nji ýyllarda Alžirde ýesirçilikde bolýar. Ýesirlikden dolanyp ýurduna gelenden soň, salgyt ýygnaýjy bolup işleýär. Ol ömrüniň ahyryna çenli ýeter-ýetmez garyplykda ýaşapdyr. Serwantes dramaturgiýa 1580-nji ýylda baş goşýar. Ol jemi otuz töweregi drama eserini döredýär. Onuň ilkinji pýesasy ýesirçilikde bolan döwründen habar berýän "Alžir durmuşy” (1581) atly drama eseri bolýar. Ol bu eserinde gulçylyga bolan ýigrenji, azatlyga bolan söýgüni ajaýyplyk bilen açypdyr. Milli watançylyk, gahrymançylyk tragediýasyna bagyşlanan "Numansiýa” (1588) eserinde-de ýesirçilikde gul bolup ýaşamaklygyň ölüm bilen barabardygyny aýtmak bilen ýokarda adyny agzan eserimiziň üstüni ýetiripdir. Bu eser şahyr R.Albertiniň gaýtadan işlemegi bilen Madridiň "Sarsuel” teatrynda 1938-nji ýylda sahna çykarylýar. Bu eser Madrid şäheriniň nemes faşizmi tarapyndan gabawda bolan mahaly duşmana göz edilip sahnada peýda bolýar. Eserde başky görnüşindäki ýaly dramada ýeke gahrymanyň çekýän wagşyçylykly ýagdaýy suratlandyrylman bütin halkyň düşen ýagdaýy öňe çykýar. Eserde, ylmy ynsanperwerçilikli çuňňur demokratiýa dogrusynda söhbet açylýar. Esasy gahrymanyň halkdygy öňe sürülýär. Serwantesiň özi tarapyndan täzeden işlenen irki eserleri "Sekiz komediýa we sekiz intermediýa” ady bilen 1615-nji ýylda kitap görnüşinde neşir edilýär. Neşirde ýerleşdirilen "Alžire sürgün”, "Edermen Ispaniýaly”, "Beýik patyşa aýaly” atly bu eserlerinde-de esasy öňe sürmeler gulçylygy ýok etmek, olaryň käbir ýollary salgy berilýär. Serwantesiň "Pedro de Urdemalas” eseri halk döredijiligini "Pulutow” powestlerindäki ispan hakynyň gadymdan gelýän milli edim-gylymlaryny öz içine almak bilen to-maşaça has golaýdygy belli bolýar. Serwantesiň "Gülegeni” we "Şadyýan bezzadynyň” birinji bölümindäki intermediýalary mazmunyny halk hakykatyndan susup almak bilen hakyky ispan durmuşyny açyp görkezýär. Onuň intemediýalary A.N.Ostrowskiý tarapyndan rus diline terjime edilip 1886-njy ýylda neşir edilipdir. Halk dessurlaryny özünde jemleýän fars komediýalary "Nikalylary aýrylyşdyrýan kazy”, "Salaman gowagy”, "Ajaýyp tomaşa” we ýenede birnäçe komediýalary ispan jemgyýetçilik durmuşyny suratlandyrmak bilen ýurtda dowam edýän feodal gurluşy tankyt astyna alypdyr. Serwantesiň "Don Kihot”, "Parnasa syýahat” pýesalary uly eserler ha-saplanmak bilen ony uly dramarurg we aktýor hasaplamaga mümkinçilik döredipdir. Ol pýesalarynda çykyş edýän aktýorlardan öz döredýän keşple-rinde psihiologik hakykada we çözgüde hem-de mimika ünis bermeklerini talap edipdir. "Don Kihotyň” sýužeti kompozitorlar G.Persellanyň, J.A.Ristorynyň, Dž.Paiziellonyň, N.Piççiniň, A.Salýeriniň, baletmeýsterler Ž.Buamorteniň, S.Merkadanteniň işleriniň esasy bolup hyzmat edipdir. Kompozitor Ž.Massneniň 1910-njy ýylda Parižde goýan adybir operasynda F.I.Şalýapin Don Kihotyň joşgunly keşbini döredipdir. 1847-nji ýylda aktýor P.A.Karatyginiň "Don Kihoty” teatr sahnasy üçin inssenirowka etmegi rus tomaşaçylary ta-rapyndan gyzgyn garşylanmagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Bu ýerde ömrüni Ispaniýanyň azatlygy ugrunda göreşip geçiren serkerdäniň iň soňunda hiç kime gerek däl bolşy suratlandyrylýar. Serkerde özüniň juda ak göwünliligi bilen hemmelere kömek etmekçi bolup edýän synanşyklary, şowsuzlyk bilen tamamlanýar. Şeýle ýagdaýa düşünmedik tomaşaçyda gülki baryny emele getirýär. Ýagdaý şeýle bolansoň il arasynda elinden gelse hemmelere kömek etmekçi boýanlara "Don Kihot ýaly" diýilmegem şondan ybarat. Dereginde Don Kihot Serwantes tarapyndan öňe çykarylan ynsanperwerçiligiň ähli taraplaryny özünde jemläp bilen gahryman. Serwantesiň "Don Kihoty” Minkus tarapyndan balet üçin inssirowka edilip, 1926-njy ýylda "Leningradyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda” sahna çykrylypdyr. 1941-nji ýylda "Leningradyň A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynda”, 1941-nji ýylda "Wahtangow adyndaky teatrda” Serwantesiň gahrymanyna ýüzlenilipdir. Serwantesiň gahrymanyna A.W.Lunaçarskiý "Azat edilen Don Kihot” ady bilen sahna eserini döredipdir. 1912-nji ýylda onuň "Iki ýaňra” intermediýasy Peterburgyň köne teatrlarynyň birinde sahna çykarylypdyr. Serwantesiň "Salaman gowagy”, "Iki ýaňrasy”, "Gabanjaň garrysy” intermediýalary N.M.Foreggera, A.D.Dikiý tarapyndan studiýada okaýan talyplar üçin okuw sapagyna öwrülipdir. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |