22:58 Sopy Allaýardan | |
"Ejizleriñ erjelligi" atly eserinden
Goşgular
Bir gün ölsem, eý doganlar gardaşlar, Beýleki öliler dek hormat goýmañlar. Çör-çöpir üstine taşlañ edip h:ar, Haýwan maslygy deý alyñ menden ar! Tabydyñ üstine taşlañ bedenim, Kepen ediñ çüýräp giden köýnegim! Giren-çykan kişi basalap geçsin, Mazarym kemsidip gum sepip geçsin! Maña almañ, asla, ulanylmadyk biýz, Her näçe adamlar etselerem söz. Iberiñ tiz bararyn ýaly ýoluma, Birden sizem goýaýmaýyn şumluga. Göziñizden çykarmañ ýeke damja ýaş, Hem jenazamda üýşip zyñyñ d:aş. Aýaklamdan tutup süýräñ göre garşy: "Neçüýn, sadyk bolmadyñ Hudaýa garşy!" Her näçe bolsamam, dostlar, günäkär, Dileg ediñ mydam maña bolup ýar! Diýiñ: "Eý Hudaýym, Perwerigärim, Günä geçijisiñ eý Biribarym! Alyp geldik, Saña gaçan guluñy, Günäleñ gapysyn açan gulyñy. Gelipdir hilesi ýokdur gidere, Dili ýokdur indi bagyşla diýere. Günäsi köp bakar ýaly ýüzi ýok, Boýun bolmakdan başga çäresi ýok. Jeza beräýseñem güýji ýetýän Sen, Bagyşlaýañda-da bir patyşa Sen. Häzirki zaman türkmen diline geçiren: Nureddin KESEARKAÇLY | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||