01:17 Sözler | |
SÖZLER
Sözler
Ner ýüküniň üstüne öz gaňňasynyň atylanyny gören eşek: «Indi-hä, maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran bolupdyr. * * * Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä süýji berdiler. * * * Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini unutdy. * * * Şiriň agyr ýatanyny eşiden tilki gur- duň saglygyny soramaga howlukdy.. * * * Yzçyny aldandyryn öýden tilki, awçy- nyň üstünden bardy. * * * Biri: «Onuň gür saçy bar» diýdi, göri- biň biri bolsa: «Saçy gür däl, kellesi kiçi» diýip güldi. * * * Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändirdä» diýip wyzzyldapdyr. * * * Öz artykmaçlygyňy äşgär etmek üçin köp zat geregem däldir welin, ony gizlemek üçin är gaýraty gerek. * * * Sygyr sygyrlygyny etmese öňüne ot dökeni däl-de, süýdüne suw goşany süserdi. * * * Ol gören ýerine burnuny sokdy. In- dem, gül bilen narpyzyň ysyny tapawutlandyryp bilmän ýör. * * * Suwuň astyna ot ýakdylar — gaýna- dy. Oduň astyna suw guýdular — söndi. * * * Gül gurandan soň onuň baldagyndaky tikenleri has berdaşly görünýär. * * * Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli. * * * Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofiýasyny özünde jemleýär. * *.* Leýlisaç dik össe beýle owadan bol- masa-da bolmazdy. Çary KULYÝEW, Filalogiýa ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |