15:31 Roýuñ niçik, rubagy?! | |
ROÝUÑ NIÇIK, RUBAGY?!
Edebi tankyt
Hormatly Prezidentimiziň ýazyjy-şahyrlar, medeniýet-sungat işgärleri bilen geçirýän her bir duşuşygynyň maňzyndaky döwrebap eserleriň gerekligi, olaryň ähmiýeti hakyndaky maslahatlaryny makullaýan edebiýaty öwreniş ylmynyň ilkinji borçlarynyň biri, döredilýän eserler bilen okyjynyň arasyndaky gatnaşygyň agramyny seljermek bolup durýar. Biz şu wezipeden ugur alyp, soňky döwürde döredilýän rubagylarymyzyň roýuna syn edip, olary okyjynyň talapkär terezisine atyp, rubagynyň rowgatyny saldyrlap görmäge synanyşdyk. Okyjy-ýazyjy üçin çeper eserem adama meňzeş. Diỷmek, olaryň hersiniň jigeri, kellesi, öz beýnisi, gulagy, gözi, aýagy, aşgazany-da bolmaly. Esasanam, olaryň hersiniň ýüregi bar, şol ýürekleri bilen okyjyny goldap, oňa öwredip, ony otdan alyp suwa, suwdan çykarybam oda atyp bilişleri bar. Ýöne çeper eserleriň hersiniň ýüreginiň urgusy, gözüniň görüşi, gulagynyň eşidişi başga-başga. Hatda olaryň aşgazanlarynyň “näzi-de” tapawutly. Diýmek, biz rubagynyň roýundan, hekaýanyň halyndan, dramanyň gan aýlanýan damarlaryndan, powestleriň pikirinden, romanlaryň rowgatyndan, garaz, çeper eserlerimiziň ählisiniň “barlygyndan” habar almak üçin olaryň özboluşly “beden agzalaryny” unutmaly däl. Rubagy meselesinde-hä hasam. Rubagynyň döreýiş taryhy hakda gep uzaldybam oturmalyň. Sebäbi onuň dogluşy hakyndaky “şahadatnama” bir wagt tassyklanyldy. Ýöne käte edebiýat söýüjilerimiziň ony “ownuk” žanra degişli edip, käte-de olary läledir hüwdülere mazmun taýdan-da meňzetjek bolmaklary rubagylaryň özboluşly häsiýeti hakda kelam agyz aýtmaga “höwes” döredýär. Rubagylar şu döwüre çenli özboluşly häsiýeti bilen tapawutlandy. Olar egnindäki ýüki, azgepliligi, parasady bilen ýaşady. Aslynda onuň mazmun özboluşlylygyny hem hut şu ýerden gözlemeli bolaýmasa. Şu ýoldan sowa düşüp, onuň bar aýratynlygyny daş keşbine syrykdyrsak, onda olary dogrudanam şygryýetiň “ownuk” toparyna (eger şeýle žanr bar bolsa) degişlem edip bolar.Gep ugruna aýtmaly bolsa, setirine seredip ikileme, üçleme, dörtleme diýen ýaly at bilen atlandyryp bolýarka “ownuk” diýmegiň geregi beri barmyka? Mesele munda-da däl, mesele rubagynyň ýüreginiň ýerine başga ýürek, beýnisiniň ýerine başga beýni oturtjak bolmagymyzda. Ýogsa “Türkmen halk döredijiliginiň rubaga mazmun taýdan ýakyndygyny aşakdaky läleleriň mysalynda has aýdyň görmek bolýar. Agaç başy burular, Düýbünde suw duralar. Kim ilinden aýrylsa, Şonuň boýny burular. Görşimiz ýaly, şu läleler diňe bir şekil forma taýdan däl, eýsem mazmun taýdan rubagyny ýatladýarlar” diýip, rubagylar hakdaky makalanyň aşagyna gol goýup bilmezdik. Rubagylar hakyndaky makaladan alnan ýokarky pikir özümiziň-ä, maňzymyza batmady. Dogry, rubagynyň formasynyň läle, hüwdä meňzeşligi hakda gep bolup bilmez. Ýöne mazmun babatda welin gaty sagdyn pikir ýöretmek gerek. Sebäbi läläniň we hüwdiniň dört setirden ybarat bolmagy, dört setirde many aňladyp bilşi ýa-da mazmun taýdan setirleriň biri-birini goldaýşy, a, a, b, a, görnüşde kapiýalaşmasy heniz bu iki toparyň meňzeşligini aňladardan ejiz delil. Şonuň üçinem bu meňzeşlik babatda gaty serasap, howlykman netije çykarylsa kem bolmazdy. Bu iki žanryň mazmun meňzeşligini açmak üçin ilki olaryň duýgy goýazlygyna, täsir edip biliş ukybyna (olaryň diňe bir el-aýagyna däl, ýüregine, beýnisine) üns bermegimiz gerek. Ýogsa-da, Omar Haýýamyň rubagysynyň çekýän ýüküni haýsydyr bir läläniň üstüne atyp görsegem bu zatlar düşnükli bolsa gerek. Çeper žanrlaryň taryhyna ser salyp, her bir edebi žanryň öz ussadynyň bolandygy hakdaky pikire gol bermezlik mümkin däl. Kasyda hakda söz açyp, Enwerini ýatlamazlyk, týug žanrynyň ussady Siwaslyny bilmän, týugyň taryhy hakda gürlemek ýa-da gazalyň gürrüňi orta atylanda Nowaýyny unutmak, dessan babatda Andalypsyz, goşuk dogrusynda Magtymgulysyz gürrüňiň sagdyn gürrüň bolup bilmejegi hak. Onda rubagyly gürrüňde-de Omar Haýýamy ýatlamasak ham bolar. Galyberse-de, şu gürrüň rubagynyň läledir hüwdi bilen arasynda niçe menzil ýoluň ýatandygyny duýdurmaga-da ỷene bir esas bolar. Rubagynyň piri Omar Haýýam öz rubagylaryny bir ýere jemlemändir, ýa-da olary aýratyn bir depdere-de ýazmandyr, şahyr rubagylaryny özüniň ylmy iş ýazan kagyzlarynyň bir çetine ýazar eken diýilen maglumata gabat geldik arada. Bu maglumatyň nederejede dogrulygyn-a bilemzok welin, ýöne Omar Haýýamyň asman jisimleri hakda ýazan haýsydyr bir ylmy işiniň burçunda, onuň hemmäni aňk eden bir rubagysyny welin göz öňüne getirip bilmedik. Sebäbi şahyryň adyny äleme ýaýan rubagylar oňa ylymdan ýadan çagy güýmenje bolan bolsalar ony dünýä edebiýatynda “Rubagynyň atasy” derejesine ýetiren zat nämekän? Ikinji bir tarapdan rubaga ikinji derejeli zat hökmünde seredip, Omar Haýýam bolmak... Bilmedik-dä... Biziň bu meselede taýagyň ikinji ujundan tutasymyz gelip dur: “Omar Haýýam ylmy iş ýazýarka-da rubagynyň aladasyny ýanyndan goýmandyr” diýip. Rubagy Omar Haýýam üçin güýmenje bolan bolsa, ýazyjy Ahmet Halmyradyň “ Omar Haýýamyň ýigrimi sany rubagysyny ýigrimi ýylda terjime etdim weli, henizem galpyldap ýörün, nähili bolduka diýip” diýen sözlerini ýatlamasagam bolardy häzir. Ýa-da il içinde aýtgy bolup ýaşap ýören bir degişme äheňli gürrüňiň pyşgyrjak bolýan zadyna-da üns berip göreliň indi:-Bir gün Nowaýy, Nyzamy,Haýýam üçüsi galam haky almak üçin neşirýata ugraýarlar. Nowaýy bilen Nyzamynyň alan pullary ummasyz, Omar Haýýamyň alan puly bolsa ujypsyz diýýär. Şondan soň Haýỷam hem iş edinip poema ýazyp başlapdyr. Bir günem ýazan poemasyny sykyp, bir rubagy ýasapdyr-da, hoşal ýylgyraýypdyr diýýär, ol. Bu gürrüňiň maňzy bir rubagynyň bir poemanyň ýüküni göterip bilişi hakda, üç söz bilen düşündirip bolýarka dördünjiniň artykmaçlygy hakda, rubagynyň rubagylyk häsiýeti, ýüki, ýüke berdaş bili hakda.Bu gürrüň rubagynyň ýüregine, beýnisine üns bermän “Rubagy ownuk žanra degişli. Ol edil forma babatda bolşy ýaly, many-mazmun jähtden-de lälä, hüwdä çalymdaş” diýip bilýänleriň täzeden pikir edip görmekleri hakda. Dogrudanam, rubagy her galamyň aslyşjak awy däl. Ezber, sagdyn belli galam bolaýmasa. Şonuň üçinem rubagynyň roýyny ýykan galamlaryň näçesiniň döwülendigi belli däl. Rubagynyň talaby güýçli. Bu talap ähli döwürde öz güýjüüni saklaýaram. Gapyl galdy, beg Görogly bent oldy, Ner ardynda gol-aýagy gandally. Ýokuş degýär, öň güýlünip görmänsoň, Hatda, doglup, ýatmandan soň gundagly. Ine, bu dört setir şu günki edebiýatymyzyň önümi. Göroglynyň atanlykda Arabyň eline düşüp, el aýagy güýlüngi jebir çekişini bilmeýän ýok. Şahyr halkyň öz gahrymanynyň bu ahwalyny täzeden gaýtalap, näme utup biler! G.Sähetdurdyýewiň ýokarky rubagysy okyjysynyň ünsüni utup bilipdir. Bu utuş ýöne utuş däl, şahyr üçin. Munuň syry şahyryň uly eposa zordan sygan gahrymanyň häsiýetleriniň esasyny bir rubaga sygdyryp bilşinde. Sebäbi Göroglynyň erkin, azat ýaşanlygyny, özüniň erkinligini hiç wagtam gandallatmandygyny bilýäris. Şahyr Göroglynyň ýokarky häsiýetiniň başlanýan pursadyny tapýar. Biz Göroglynyň görden çykyp, gundak, sallançak görmändigi hakda pikir edip göremzok. Şahyr welin edil şu nokady gahrymanyň baş häsiýetiniň başlangyjy edip görkezip, onam Göroglynyň men diýen döwründe, duşman elinde, ner ardynda, eli-aýagy gandally pursady açýar. Şahyryň galamynyň yzsyz çalyş ussatlygy, görüş-duýuş ukybynyň ysgyny şu ýerde. Eposda Göroglynyň ner ardynda Araba niçik ýalbarýandygyndan habarymyz bar. Ýöne Görogly şol ýerde Araba “Arap, zaňňar, Men bäbekkämem gundak gören adam-a däl. Sen meniň elim-aýagym daňyp, ýalňyşaýdyň öýdýän” diýip, hemle urýan däldir. Ine, şahyr eposda aýdylman galan şol jümläni tapyp, okyja “bäh” diýdirmegi başarypdyr. Şu häsiýetli ýene bir rubagy: Kim Symruga, kimse atlanar gahra, Kime döwran, kime behişt bu sähra. Derýa zyňlan Tahyr begiň sandygy, Mahyma hazyna, tabytdyr Zöhrä. Tahyryň derýa oklanan sandygy Mahyma bagt, Zöhrä tabyt diýýän rubagynyň hem öz syry bar. Bu rubagy, birinjiden-ä, G.Sähetdurdyýewiň dessandyr eposlarmyzdaky gahrymanlaryň edebi ykballaryndaky pursatlary deňeşdirip, bir rubagyda ony utgaşdyryp, özboluşly many-mazmun bilen okyjyny imrindirip bilýändiginiň mysaly, ikinjiden bolsa, şahyryň bütin bir dessanyň ýa-da epossyň gahrymanyny öz rubagysyna gahryman edip ulanmaga täze bir sebäp tapýanlygy. “Zöhre-Tahyr” dessanynda Tahyryň akan sandygyna kän bir üns berlenok welin, aslynda şol sandyk Zöhräni Tahyrdan aýra salyp, Mahyma duşuran sandyk. Dogry, Tahyryň derýa oklanmagyny gazanan gahrymanlar, wakalar okyjynyň ýadyndan çykmaz, ýöne Tahyryň Mahyma gowuşmagyny sandyga baglamak okyjy üçin täzelik. Bu okyjydan has ünslüligi, şahyrdan şahyrlyk ünsi talap edýän täzelik. Rubaga –da geregi şu. Ol näçe inçe, syrly, näçe mazmuny dykyz bolsa şonça-da hezil edýär. Şahyryň edil şu meseläniň ikinji tarapyny tutuşam bellärlikli. Birinji rubagyda Tahyrly sandyk şahyra “şam” bolan bolsa, indiki okajak rubagymyz Tahyryň halyndan habar berýär: Zöhräň zary gowşan çagy Mahyma, Zöhre barsa Mahym janyň ahyna. Jowranyp dur, kaýsy ýara ýetişse, Hem-ä wysal, hemem hijran Tahyra. Awtoryň bir akymdan iki rubagy, onda-da biri-birine meňzemeýän rubagy tapmagy, onuň ünsli gözleginiň, tapanyny özboluşly aýdyp bilýändiginiň alamaty. Dessandyr eposlarymyzdaky wakalarda duýulman galan pikirleriň, syrlaryň rubagy setirlerinde berilmegi G.Sähetdurdyýewiň rubaglarynyň bir aýratynlygy.Okan rubagymyzda Tahyryň ýagdaýy bysal bilen hijranyň arasynda hereket edýär. Bu hereket Tahyryň Mahymyň ýanyndaka Zöhreden, Zöhräniň ýanyndaka Mahymdan aýrylşynyň içki suraty. Şahyryň inçe gözlegi, tapylan gyzyl gyryndylaryny şu günki okyjynyň aňyna ýetirip bilşi hakda köp zat aýdyp bolar. Ýöne biz şahyryň dessandyr eposlarmyzyň içinde ýöredýän pikirleri onuň rubagylarynyň edebi çeper möhrüne öwrülipdir diýip, bu gürrüňi gysgaltmakçy. Durmuş, rozygär meselesini gozganda-da rubagynyň on iki süňüniň sagdyn bolmaldygyny şahyr ýatdan çykaranok. Onuň bu meselede rubagylarynyň ýüki durmuşyň hemmelere degişli ýükinden ýüklenilýär. Haçan-da, rubagyny iýmitlendirýän önüm seniňem-meniňem ertirimiň ýa şu günümiň gürrüňini edýän bolsa, onam rubagynyň roýuna düşünýän şahyr aýdan bolsa, bu gürrüňçilik okyjyny heýjana salýar. Şahyr: Bile girip, bile çyksaň öýden sen, Ömürbaky bagtly borun öýdensiň. Ertekiler tamamlanýar toý bile, Durmuş weli başlanýandyr toýdan soň. - diýýän halaty islendik ýaşdaky okyjyny ilki ýylgyrdyp, soň welin toýdan soňky durmuş, gün-güzeran, rozygär üçin eden, etmeli aladalaryna atlandyryp bilse gerek. Sebäbi toýdan soňky durmuş bilen toýa çenli ýaşalan durmuşyň arasyndaky serhediň toýdugyny gaty düşnükli we ynandyryjy aýdyp bilen şahyr çagalarynyň aladasynda haýdap ýören kişiniň içini, onuň ýüregini aýtmagy başaran bolsa, toý aladasyndaky ýigide bolsa ilkinji durmuş okuwyny geçip biler. G.Sähetdurdyýewiň ataly-oglyň arasyndaky gatnaşyk barada döredenlerini bir ýere jemlesek aýratyn bir tema bagyşlanylan rubagy topbagy bolarlyk sany bardyr. Ýöne rubagy meselesinde sana seredip baha kesmegiň özi Haýýam halypanyň senediniň agramyna düşünmezlik bolar. Şonuň üçinem bu topbagyň roýu-hili babatda birki sany rubagyny galamly okamak lazym. Oglum, ataňdan ozdursaň, egilsem, Bu göreş bu, aýamaly degil sen . Tutluşykda çöksem, ýeňildigimdir, Şol meniň Ýeňşimdir senden ýeňilsem. Ata üçin oguldan ýeňilmek ýakymly. Onuň ýeňilmegi özüniň dowam etmegi, maksadyna ýetmegi. Ata özüni ýeňdirmek üçin ogul hakda şunça alada edip, näçe zähmet çekipdir. Bu zähmetiň miwesi bolsa atanyň oguldan ýeňilmeginde. Atanyň ýeňilmegi onuň ogul ýetişdirip bilendigi. Ol ýeňilip arkaýynlaşýar. Bu arkaýynlyk oglunyň bil tutluşyp atasyny ýeňeninde däl, onuň atadan edep öwrenip, ar-namyslylygy, hyjuwlylygy, salykatlylygy, arassa kalplylygy öwrenip, ösdürip ýeňenliginde. G.Sähetdurdyýewiň atalaryň esasy arzuwyny bir rubaga ýerleşdirip, ogullary oýlandyryp, atalara “bäh” diýdirip bilmegi, rubagynyň many-mazmun ýüküniň ýetikligini alamatladyrýar. Rubagy öz many-mazmunynyň agramyndan ýegşerip dursa, şonda ol has gözel görünýär. Rubagynyň ýüki ýeňledigiçe, özüniňem agramy peselýär. Ýöne agyr ýüki ýükläniňden soň ony düşündirip bilmekde-de gep bar. Ýük baryny ýükläp, soňam oňa diňe şahyryň özi düşünjek bolsa ýa-da öňde biriniň adamyň suratyny çekip, aşagyna-da “Adamyň suraty” diýip düşündiriş ýazyşy ýaly etjek bolsaňam-a rubagynyň gözelligine zeper ýeter. G.Sähetdurdyýewiň ataly-ogluň gatnaşygy hakdaky aşakdaky rubagylary-da şahyryň rubaga ýük urup, ony düşündirip bilşine mysal bolup biler. Gaýtalandygymsyň, ýaşlygym, oglym. Kenaryň –men, gaýnap, daşgynyň, oglum! Sen ýene bir berlen mümkinçiligim . Serpigen çelgimden aşgynyň oglym! Ýa-da: Başarsaňyz şu nakyly çigitläň, “Ýigit eger “kakam” diýse ýigit däl” Gurdy alar welin, arkaly köpek, Eýesine duwlansa, ol gowy it däl. Türkmen atasynyň ogul hakdaky oý-pikirlerini jana getirip okyjynyň bu gatnaşyk babatdaky milli ýodasyny ýene bir gezek giňeldip biljek rubagy şahyrda bir ýa iki däl. Gepiň gysgasy, şahyr: Duýman suwsanymy, ajyganymy, Süzüp lezzetini, pajygalaryn. Sende düşläp geçýän oý kerweninden, Rubagym, seň üçin pajym alaryn. diýip, okyjynyň öňünde uly borjy boýun alypdy. Ýokarda galamly okalan rubagylar heniz-ä şahyryň sözünde durýanlygyna şaýatlyk edýär. Mundan beýlägem “oý kerweninden rubagy üçin alynjak paj” aldamasyn-da, hernä! Rubagy žanry üçin gizlinden –gizlin, agyrdan-agyr pikir tapmaklygam hökman diýilen ýeri ýok. Rubagynyňam aşgazany käte ýagly-ýüzliden –de ýadaýar. Ol käte öz höreginiň ýeňilräk bolmagyna-da garşy däl. Ine, şu babatda şahyrlarymyzyň başga biriniň galamynyň rubaga erk edip bilşi dogrusynda aýdara zat bar. Hawa, käte okaýan rubagymyzyň ýüregi sagdyn-da, herekedi agyrrak ýaly duýulýandyr. Şeýle halatda bir gaýyn enäniň gelnine “Bal ýaly nahar bişirýär, gül ýaly nagyş gaýaýar. Ýöne ýama salmaly bolsa kürtdürip dur-da” diýip, beren bahasy ýadyňa düşýär. Owadan nagyş gaýap, ýama salmaly wagty kürtdürýän rubagynyň keseliniň sebäbi oňa käte-käte ýeňil ýomagyň ýetmeýänliginden bolaýmasa! Allaýar Çüriýewiň aşakdaky rubagysyny okap, özümiz-ä şu netijä geldik. Gulak, aýak, bilek, agyrýar kelle, Bili agyrýany gördüm şu pille. Ýüregi, garagy agyrýanlar bar, Dili agyrýany görmedim walla. Rubagyny okap ýylgyrarsyň. Näma ýylgyranyň belli. Kime ýylgyranyň näbelli. Sebäbi hem ýylgyrdyp, hem pikir etdirip bilýän güýç ýumorda bar. Şu bellilik bilen näbelliligiň arasynda durkaň, törüňde bir ýerde öz-özüň hakda derňewem başlandyr. “Menem köp gepleýän bolaýmaýyn” diýip. Indem “ýok” bilen “howanyň” arasynda durup bir-ä üşerlensiň. Ýylgyryp durkaň “uşerdip” bilýän bolsa, bu rubagynyň maňzyna ýumor suwy çaýylan bolmaly. Rubagynyň işdäsi käte ýeňil zadam küýseýär diýen halatymyz many-mazmuny ýeňil zady göz öňüne tutmandygymyz indi düşnükli bolan bolmagam mümkin. Şahyr, “Dili agyrýany görmedim walla” diýip bizi ýylgyrdyp, üşerdip bilen halaty, Rubagylaryň dili agyrýamyka?” diýlen soragda-da säginesiň gelip dur. Rubagynyň dili iň köp agyrýan agzasy. Ony agyrdyp bilýän zatlaryň sanawy çeper dili öwrenýän ylymda düýpli sanalypdyram. Bärde şol sanawy gaýtalap durman, rubagynyň dilini peltekledýän sözler okyjynyň göwnüni-de agyrdyp biler. Rubagydaky boş sözlerem onuň diline kesel getirýän “mikroplar” diýip netije, çykaryp bolar. Ajy badam misli ýaryň gabagy, Ajy ýaşdan dolmasyn ýar tabagy. Demir tiken, hoşroý ysly bägüller, Maňzy derman ajy hozyň gabygy. Ýar gabagyny ajy badama meňzedip başlan şahyry bir rubagynyň içindäki ýedi-sekiz sany gapma-garşylyk aljyradaýjagam ýaly. Sebäbi gapma-garşylygyň bir tarapynda sözleriň gaty ynjygy, näzigi hereket edýär. Beýleki tarapy bolsa ajy badam, ajy ýaş, demir tiken, ajy hozyň maňzy ýaly gödek sözlerden düzülen. Bu gödeklik bilen näziklik birleşip bilmän rubagynyň dilini hem, many yzygiderliginem bulaşdyraýjak ýaly. Sebäbi gapma-garşylyk her bir setiriň içinde hereket eden halaty dartgynlylyk güýçli bolýar-da, gahryman öz diliniň şiresini şol gapma-garşylygyň erkine berýär. Bu ýagdaý rubaga agyrlyk, düşnüksizligem çaýyp biler. Ýöne siňe üns berseň welin,ýokarky rubagydaky bu ýagdaý agyrlyk däl-de, agraslyk bolup çykýar. Sebäbi ikinji setir birinji setirdäki dartgynlylygy gowşadýar. Ajy badamyň aňyrsynda tabak, ýagny ýar gabagynyň aňyrsynda ýar gözüniň okarasy ýerleşýär. Şahyr indi birinji setirdäki ajynyň güýjüni peseldip, ony diňe meňzetme üçin ulanandygyny ýaňzydyp, dartgynlylygy aşyk ýigidiň arzuwyna öwürýär. Üçinji setir ýar gabagynyň nämüçin ajy badama meňzedilendigini düşündirýär. Bägülde tiken bar, ajy badama meňzeş gabakda-da aşygy örklän gudrat. Dördünji setir ähli zady ýerli-ýerine goýýar,ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz diýip. Şeýlelikde dilem, aşgazanam agranok. Dogrudanam, Allaýar Çüriniň sorag bilen pikire atarýan rubagylary beýleki rubagylaryndan agraslygy bilen tapawutlanýar. Bu agraslyk rubagynyň dilini agyrtmaýan halaty, ol rubagynyň utuşy şahyryň ussatlygy. Bu babatda şahyryň ussatlygyny, ýagny onuň mazmun bilen çeper dili bir hörpden gopduryp bilýändigini aşakdaky setirlerde-de duýup bolýar: Köp oýnuna haýran galdym pelegiň, Piňine däl, eläp otyr elegin. Syrtlan topulanda, awuny taşlap, Gaçyşyna näme diýjek peleňiň?! Pikiri ýaşulylara aýtdyrmak tilsimi rubagynyň häsiýetine has laýyk häsiýet. Başda-da rubagynyň mazmun babatda dana goja meňzeýänligini ýatladypdyk. Haçan-da, şahyr pikiri hem goja aýtdyran halaty, bir geňsi rubagynyň daşky sypatam, içki dünýäsem goja çalym edýän ýaly bolýar. A.Çüriýew bu tilsime has ezber. Onuň: “Ömre zynat –ýagşy päl” diýdi atam, “Ýamanlardan ýagşy kän” diýdi atam, “Dagyň beýikligin bilmegiň üçin, Daga çykmak hökman däl!” diýdi atam. Ýa-da: “Ýakynyňdan ruhy ezýet çekenden, Jan bereniň ýagşy duşman okundan.” Diýip, bir gojanyň aýdan sözleri, Bu gün ebşitläp tutdy ýakamdan. - diýen setirleri azgepli, dana gojany janlandyryp, onuň wesýetlerine imrindirip, şahyryň bu täre ezberligini delillendirip biler. G.Sähetdurdyýewiň “Görogly” eposynyň wakalaryna ýüzlenişi, Göroglynyň Arabyň neriniň ardyndaky ýagdaýy hakda ýokarda ýatlapdyk. Eposdaky edil şu pursatdan başgarak many-mazmun hödürläp bilýän rubagyny okyja hödürlän şahyr A.Çüriýewiň: Her telpek geýene “erkek” diýmerin, Çapyp barýan ata “ürkek” diýmerin. Görogly Araba niçik ýalbardy, Muň üçin Görogla “gorkak” diýmerin. - diýen rubagysynyň okyja tanyş ýeri bar. Kerim agada “Her telpek geýene goýmagyn gadyr”, Magtymgulyda “Görogly Araba niçik ýalbardy” diýen ýaly setirleri bir wagt okap, ony ýan setir edinen okyjy köp. Ikinjiden, eposyň Görogly bilen Araply wakalary hakda okyjy bir wagt netije çykaryp, öz netijesine –de ynanyp ýaşap ýör. Üç sany “öz tanyşlarynyň” içinde okyjyny näme bilen haýran galdyryp bolar. Şahyr şol üçlügiň içine girende bilmän-ä däl, bilip –duýup girýän ýaly gaty galamyny arkaýyn işledipdir. Şahyrda eger “gorky-ürki” bolan bolsa türkmen poeziýasynyň atasy Magtymguly bilen, şol poeziýanyň agalarynyň biri Kerim Gurbannepesiň belli setirlerini däl-de, okyja näbeleträk setirlerdenem haraý gözläp biler-dä. Gepiň gysgasy, okyjynyň “öz tanyşlary” rubagynyň soňky setirine çenli şahyr bilen okyjynyň arasyndaky gümanyň synyny goýberenok. Ine-de, “Muň üçin Görogla “gorkak” diýmerin” diýýän dördünji setir. Şundan soň Şahyr “gaty täsirlenen bolaýmasyn” diýen ünjiň aýrylýar-da, şahyr öz pikirini aýtmagyň täze tilsimini tapypdyr diýen netijä bakan ýüz öwürýärsiň. Dogry, rubagy-da nakyl ulanmak ýörgünli tär. Ýöne ol tär başga, bu tär başga. Bu şahyryň batyrlygynyň alamaty. Sebäbi okyjynyň ýan setirine öwrülen setirlerinden soň ejizje bir zat aýtmagyň uly biabraýlygyň üstünden eltjegi hak. Diýmek, güýçlüleriň içine goşulup, öz sözüni düşündirip bilen galamyň-da rubagynyň göwnüni görüp biljekdigine ynanyp bolar. Allaýaryň rubagylarynda agraslygyň, ỷumoryň bolşy ýaly ýumşaklyk , mylaýymlyk-da bar. Bir rubaga bir put gurşun, ýene birine bir put pagta ýükläp görsek. Agramy deň, ýöne powtaly rubagynyň ýüki gabarak görner-ä öýtmäň. Sebäbi “gurşunam”, “pagtanam” dört setire ýerleşdirmeli. Esasy gep bu ýerde ýüküň agramynda, ýagny ikisiniňem bir putlygynda. Tapawut bolsa bir ýüküň ýumşak, biriniň gatylygynda.Şahyryň ýüki ýumşadyşyna, pikiri mylaýym äheňde aýdyp bilşine syn ediň: “Baý malyny garyp gysganar” etdi, Öz-özüni gypyk, tisginer etdi. Bu dünýäde “dogan” diýip gezse-de, Oň belli günlerin özgeler etdi. Rubagy agyr ahwal hakda gürrüň edýär. Gahrymanyň göripligi, müňkirligi ony ýigrendirip başlaýar. Bu dünýäden gaýdandan soň onuň belli günlerini özgeleriň etmegi, düýnki muňkire, bu günki merhuma bolan garaýşyňy ýumşadýar. Öňki ýigrenjiň gowşaýar. Ol ýigrenç haýpygeljilige öwrülip, merhumy sylamak däbine öwrülýär. Bu zatlary şahyryň rubagylarynyň ganyndaky ýumşaklyk amal edýär. Onuň: - Aýt seni saýalady kim, çynar?! Adyn ýazyp, zaýalady kim, çynar?! Bu ahwaly görüp, pikire çümdüm: Beýik bolup ýaşamagam kyn, synar. diýen rubagysynyňam gozgaýan meselesi ýöne mesele däl. Beýik bolup ýaşamagyň öz jebri-jepasy bar. Beýige atylýan şyltaklaryňam öz tilsimleri bar. Biri “pyçakly” tilsim, ýene biri “dilli”. Garaz, mesele ýeňil däl. Rubagynyň agyr meseläni düşündirip bilşi welin ýeňil. Bu-da mylaýym, ýumşak aýdyp bilmegiň oýny. Rubagynyň öz ýüregi, öz beýnisi, öz aşgazany bolşy ýaly, onuň öz gorkusam bar. Rubagy pelteklemeden gorkuşy ýaly, pikir gaýtalanmagyndanam gaty gorkýar. Dogry şol bir pikiri iki şahyr dürli-dürli tilsimde gaýtalap biler. Ýöne şol bir şahyr, şol bir pikiri gaýtalap dursa welin... Namartlygyň ýa-da ogurlygyň nämeligi hakdaky pikiriňi bir gezek şagalyň, bir gezegem tilkiniň, başga bir ýerde-de towşanyň häsiýetine baglap aýdyp ýörseňem rubagynyň maňzy öz syrlylygyny ýitirip,şagally, tilkili, towşanly warsaka-da öwrülip biler. Bu howp şahyryň galamy köp temaly galam bolan halaty ejizleýär. Häzirki rubagylarmyzyň dünýäsinde bu ýagdaý özüni ortatap duýýar. Bu babatda okyjy kä ýylgyryp, kä çytylyp ýör. Şu mesele bilen gyzyklanyp A.Çüriýewiň rubagyly “bagynda-da” seýil edip gördük. Bu bag dürli-dürli miweli, her miwe-de özboluşly tagamly, datly. Onuň: Dertler berseň, dertleriňe çydaýyn, Ýollaryňda pidaýyň men pidaýyň. Bela- beteriňe boýun bolsam-da, Öz dilimden gora meni, Hudaýym. - diýen rubagysyny okap, “Diliň görgüsi hakda köp eşdip, köp okapdyk, ýöne bu görnüşde has täsirli, has siňňitli bolýan eken diýip, sözümizi dowam etdirjegem bolduk. Birdenem şahyryň başda, “Dili agyrýany görmedim walla” diýen setirleri ýadymyza düşdi-de boldy etdik. Ine, rubagylarymyzyň roý-a şeýleräk. Dogry, iki şahyryň rubagysy bilen rubagylara doly baha berip-de bolasy ýok. Ýöne häzirlikçe “hamyr ujundan petir” diýileni bi. Çary KULYÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |