10:50 Sonetler çemeniniň hoşboý ysy | |
SONETLER ÇEMENINIŇ HOŞBOÝ YSY
Edebi makalalar
Halypa şahyr Guldurdy Sähetdurdyýewiň «Edebiýat we sungat» gazetinde çap edilen «Senet» atly sonetler çemeniniň ýanynda Kömek Kulyýewiň «...ol (sonetler çemeni) belli-belli döwürlerde unudylyp, bütinleý geçmişe öwrülip galan ýalam bolýar-da, wagty-sähedi gelende, kaknus guş ýaly täzeden direläýýär» diýen jümlesi bar. Ýazyjynyň edil şu jümlesi bizi howsala salmanam duranok. Sebäbi sonetler çemeniniň täzeden janlanmagy gowy zatdyr-la weli, ýöne okyjy: «Dursa bolmaýarmydy öňki durşuna?» diýse niçik bolar? G.Sähetdurdyýewiň sonetler çemenine «Senet» diýip at goýmagynyň bir syry bar bolsa gerek. G.Ezizowyň «Oň derdini hiç kes göterip bilmez» diýen setiriniň manysyny tirmek üçinem «Senedi» okamagyň gerekligi ýüze çykýar. «Senediň» ýüregine düşünseň, şahyryň örtenmeleriniň ýumagy togarlanyp gidip barýar. Onuň alyhezretleri poeziýa käte şeýle bir näzikligi bagyş edýär welin, şahyryň şol duýgy örtenmeleriniň içinden çykyp, rahat güne dolanasy-da gelenok. Käte ol şahyry şeýle bir köseýär, silteýär welin, şahyryň «hüw-hak» diýip, başyny alyp gidesi gelýär. Şol näziklik bilen kösenjiň döreden örtenmeleri poeziýadan özüne mahsus senet döredýän bolmagy ahmal. Ýogsa-da poeziýa senetmidir aslynda? Şahyryň suwa, suwdan oda atyp bilýän derejä ýeten wagty poeziýa senede öwrülip biler. «Senetde» ejir çekýän we ejir çekdirýän taraplar bar. Olar biri-birine gaty belet. Biri-biriniň ne hyýaldadygyny bilip durlar. Bu «tanyşlaryň» içine düýbünden nätanyş bolup düşseň-ä, olar enter-pelegiňi öwürjek. Sebäbi «Senetde» tanyşlar gaty agzybir. Olar öz-özlerini dürli çeper tilsimler, forma-mazmun birligi, rifma-ritm sazlaşygy bilen çyndan, inçeden goldaýarlar. Şonuň üçinem eserdäki iki tarapa üçünji tarapyň — okyjynyň goşulyp bilmegi üçinem şahyr mümkinçilik döredip bilmese, onda eser diňe şahyryň özi üçin ýazylan ýaly bolýar. Şahyryň sonetler çemeni nazaryýetiň talaplaryna doly we dogry jogap berip bilenem bolsa, bu heniz okyjynyň çemene siňip bilmegine doly ýol arçaldygy däl. Bu ýerde şahyryň «jebri-jepasyny» şahyr dällere düşündirip bilýän tilsim gerek. Ýogsa-da ýokarda agzan iki tarapymyz öz-özleri bolup galar. Sonetler çemeninde her bir sonetde, her bir setirde içki, daşky baglanyşygy saklamaly. Baglanyşyklaryň agramy bolsa şahyryň beýan edip biliş ukybyna bagly. «Senetde» hereket edýän iki tarapy biri-birine garyp bilýän içki baglanyşyk örän güýçli. Şonuň üçinem poeziýa bilen şahyr eseriň üçünji sonedine çenli bir jan-bir tene öwrülýär. Soňky sonetlerde bularyň haýsy-haýsydygyny seljermek has-da kynlaşýar. Şeýle ýagdaýda okyjy çynyny etmese, diňe daşky baglanyşyga gyzyp, içki baglanyşygyň lezzetinden galmagy mümkin. Sonetlerden çemen ýasaýan daşky baglanyşyk okyjynyň eline çemen berip biler, şol çemeniň ýakymly ysyny welin, «ýelleriň» ogurlamagy mümkin. Şonuň üçinem şahyr okyjysyna içki baglanyşyga girmäge-de «gapy» galdyrsa gowy. «Senetdäki» dykyzlyk hakda ýatlapdyk. Şol dykyzlygyň göwresinde G.Sähetdurdyýew okyja içki baglanyşyga gatylyp-garylara yş galdyrmadyk bolsa, onda diňe eseriň formasy, kapyýasy ýaly baglanyşyk hakda gürrüň edip oňmaly bolardy. «Bardyr adatysy, bardyr töwrasy» diýen setirdäki adaty günler bilen başgarak günleriň arasyny dolduran «haýsy», «nähili», «näme üçin» diýen ýaly soraglar gönüden-göni okyjy üçin görünmeýän gapy bolup hyzmat edýär. Edil şol ýerde-de okyjy eseriň içki baglanyşygyna garylýar. Diňe şundan soň gahrymanlar hereketi bilen, okyjy bolsa öz aňy bilen sonetleri biri-birine baglaýjy güýje öwrülip, çemene garylýar. Indi şahyr gahrymana, gahryman okyja, okyjy şahyra öwrülip, sonetler magistralyna çenli ýola düşýär. Bu üçlük sonetiň dünýäsinde özleriniň täleý, ykbaldygyna düşündi. Müň sowally, müň jogaply sazdygyna, kä şatlandyryp, kä oýlandyrýan gudratdygyna ymykly göz ýetirendigini boýun alýarlar. Olar indi biri-birine düşünýärler we goldaw berýärler. Şundan soň olar «Özüni bilen weli» diýenoklar-da, «Özüňe düşünýäň, düşünseň şygra» diýýärler. ...Maňlaýda gasynlar nota düşegi. Ykbal — maňlaýlaryň bagtly tugrasy, Aýtjak nagmalarmyň partiturasy — Okyjy ýokarky «birleşikden» çykyp, öz ornuna dolananda, hem tomaşaçy, hem diňleýji derejesine eýe bolýar. Eseriň içki baglanyşygyna belet okyjy islese şahyry diňläp, islese gahrymanynyň hereketini synlap, islese-de okap otyr. Ine, bu şahyryň ýene bir ussatlygy. G.Sähetdurdyýew başdaky üçlügiň täzeden arasyny açandan soň: Özüňe dözýäňmi — rüstem sen, pil sen! Bu senetde, ine, mundag garalar: Sen ejiz goşgyňy ýok edip bilseň, Täze şygyr döredene barabar — diýip, gahrymany, senedi sarpalaýar. Şahyryň: Güllär pikir tohum örtende ýerim, Sungat hoşnut çagym, örtenmelerim! — diýen on dördünji sonetiň soňky iki setirinden many tirip bilen kişi poeziýadan gelip çykýan pähim-paýhasyň gülletmek üçin örteýändigine düşüner. Galyberse-de, şahyr magistraly hem «Iliň höziri diýip, özüme dözýän» diýip jemläpdir. Çyn poeziýanyň jebrine dözýän kişi bolsa öz ykbalyndan razydyr. G.Sähetdurdyýewiň «Senedinde» senediň syrynyň şeýle gudratlydygynyň, jebriniň süýjüliginiň, owazynyň hoş ýakmasynyň başga-da sebäpleri az däl. «Mundag garalar», «Kaýdan gelýäniň däl, barýanyň kaýga» diýen ýaly söz düzümleri birgeňsi setirlere gadymylyk, ýumşaklyk çaýýan ýaly. Olaryň töweregine, many ýüküne berýän öwüşginem täzeçil. Kapyýalaryň sagdynlygynyň esere ýetirip biljek peýdasy eserde gaty açyk duýulýar. «Dözýän-kendiwan, söz kän-bendiwan» ýa-da «tugrasy-partiturasy», «galanyň seniň-galamyň meniň» ýaly täze kapyýalar, olaryň akgynlylygy bu sonetler çemenini maksada ýetirmekde az hyzmat etmändir. Täzeçillik hakda aýdylanda, G.Sähetdurdyýewiň döredijiliginde ýene bir zady ýatlamagymyz gerek. Ol-da şahyryň öwrümleri, aýtgy ýasaýşy, täze deňeşdirme tapyşy. Halyl Kulyýew aýtmyşlaýyn: «Goşga düşünmek aňsat, düşündirmek kyn». Bu çemende-de çylşyrymly many seçeleýän setirler az däl. Bu setirler çemeniň görküne görk, syryna syr goşýar. Geliň, olardan käbir seteran «güllere» nazar aýlalyň: Etjek alajyň ýok gelmese ylham, Köplenç, dadyp, nega doýandyryn men. * * * Çyn senet öňünde başyn egendim, Del söz eştsem çaga kimin begendim. Edebiýata bütin durkuny baglan, ony senet hökmünde subut edip biljek şahyryň ýüreginiň owazy bu. Täzeden janlanan sonetler çemeniniň «görki-görmeginiň», hoşboý ysynyň dünýä ýaýran pursaty bu. Çary KULYÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. “Edebiýat we sungat” gazeti, 21.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |