GYSGA GEPIM — GYMMATYM
(kyssa bilen ýazylan rubagylar)
Ýandagyň güli, tikeni, kökem adam üçin derman. Ýöne ol ekiniň içinde gögerse adamlar ony kökidamary bilen aýyrmaga howlugýarlar.
* * *
Süýji iýip dişini agyrdan kişiniň, ajy bilen dişini bejerdişinde many köp.
* * *
Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini unutdy.
* * *
Ner ýüküniň üstüne öz gaňňasynyň atylanyny gören eşek: «Indi-hä, maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran bolupdyr.
* * *.
Awuny şire aldyran böri açlykdan zeýrenmez.
* * *
Gül gurandan soň onuň baldagyndaky tikenleri has berdaşly görünýär.
* * *
Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä süýji berdiler.
* * *
Gamşa saz etdirip bilýän bagşa sungatyň nämedigini düşündirjek bolmagyň geregi barmyka?!
* * *
Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli.
* * *
Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofýasyny özünde jemleýär.
* * *
Pişigiň doklugyny syçana ynandyryp bolmaz.
* * *
Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş daşymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup otyr.
* * *
Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändir-dä» diýip wyzzyldapdyr.
* * *
Şärikli şamlyk şagallaryň ogurlygynyň üstüni açdy.
* * *
Malam-a eýesine çekýändir welin, malyna çekýän adamlar-da bar.
* * *
Aýy dostlugyna ynanan garynja bilen piliň gaty bir tapawudam ýok ýaly.
* * *
Leýlisaç dik össe beýle owadan bolmasa-da bolmazdy.
* * *
Gaty peslän bürgüde gargada haýbat atar eken.
* * *
Eşege düýe ýüküni urup, «Hany, indem bir eşekligiňi et-dä, göreli» diýip güldüler.
* * *
Maksadyna ýeten tilki, armanly arlaýan şiriň dişi agyrýandyr öýtdi.
* * *
Solan güle gonan bilbile garga-da ses goşar eken.
* * *
Yzçyny aldandyryn öýden tilki, awçynyň üstünden bardy.
* * *
Awy oňan syçançy, bady gaýdan bürgüde ýylgyran bolýar.
* * *
Bazardan gaýdyp öwrenen geçiniň eýesiniň guşagyndaky gezligem gözüne ilmedi.
* * *
Ammarda ýaşaýan syçan gyşa azyk ýygnasa geň görmäň.
* * *
Bilýäniň köpeldigiçe takadyň azalýar.
* * *
Arabaly awlanan towşanyň armanyna ynanmasaň-da bolar.
* * *
Egri ösen agajy miwesinden tanap bilýän bagbana, aperin.
* * *
Nyşana gelen bürgüt garganyň gagyldysyna baş galdyrmadygyna puşman edibem ýetişmedi.
* * *
Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin atylandyr öýtdi.
* * *
Eşege ýüklenip getirilen ýorunjany sygra döküp, eşege ýandak atýas.
* * *
Irkilen çopany hemmeden öň geçi görermiş.
* * *
Akmagy tanamaýanyň özi akmakdyr welin, tanabam gaçmaýana näme baha berersiň?!
* * *
Ömründe bir gezek şiriň ornunda bolup gören tilkiniň gaýdyp tilki bolasy gelmez.
* * *
Öz artykmaçlygyňy äşgär etmek üçin köp zat geregem däldir welin, ony gizlemek üçin är gaýraty gerek.
* * *
Sygyr sygyrlygyny etmese öňüne ot dökeni dälde, süýdüne suw goşany süserdi.
* * *
Dyrnagyňy ösdürip, eliňi uzaldyp bolanok.
* * *
Kyrkaýagyň şikes ýeten ýekeje aýagy ony agsadyp bildi.
* * *
Ol adamlaryň gaýmaga işdäli topulyşlaryny görenden soň, «Dostuny gaýmak, özüni süýt» hasaplap başlady.
* * *
Biri: «Onuň gür saçy bar» diýdi, göribiň biri bolsa: «Saçy gür däl, kellesi kiçi» diýip güldi.
* * *
Ýaglanan gapy sessiz açyldy, ýaglanan agyz sessiz ýapyldy.
* * *
Şiriň galyndysyndan doýan şagalyň, gurduň üstüne arlap duranyny gördüm.
* * *
Ol gören ýerine burnuny sokdy. Indem, gül bilen narpyzyň ysyny tapawut landyryp bilmän ýör.
* * *
Adam terezini döretmek üçin näçe kelle döwüp, niçe zehinini ýakandyr. Et satýan ýigit welin kellesine agram salman, terezini jübüsine agram salar ýaly edip üýtgetdi.
* * *
Ol dişlerini aýamady. Agzy boşady. Diş lukmany eslije pula onuň agzyny ýasama dişden doldurdy. Indi dişlerini gaty aýawly saklaýar. Sebäbi bu dişler üçin pul töledi ol.
* * *
Ylma ikiýüzlülik etjek bolýanlar ylmyň bir ýüzüniň barlygyny unudýarlar.
* * *
Ylymda diňe öz-özüňi aldap bolýar.
* * *
Ýüz dürli owazly bilbiliň ýanynda diňe gagyldap bilýän gargany öwdüler «bir sözli» diýip.
* * *
Suwuň astyna ot ýakdylar — gaýnady. Oduň astyna suw guýdular — söndi.
* * *
Şiriň agyr ýatanyny eşiden tilki gurduň saglygyny soramaga howlukdy.
* * *
Garga garganyň garalagyna göwnüýetmezçilik etse geň bolar eken.
* * *
Aýynyň semizligine gülen şagal ogurlyk et bilen semräp bolmaýandygyna düşünýän däldir-dä.
* * *
Biz birek-biregimiziň barmagymyza nika ýüzügini geýdiren wagtymyz, perişdeler biziň boýnumyza durmuş halkasyny geýdiripdirler. Bile çekseň bu halkanyň agramy ýok.
* * *
Awlanmadyk tilkiniň sütügi iki awçynyň arasyna çöp atdy. Tilki diri galdy.
* * *
Edenli garynja hakykaty has tekrarlamak üçin öküziň şahyna münüp gürledi. Ýöne ýerdäki garynjylara sesini ýetirip bilmedi.
* * *
Ädikçi goýnuň hamyndanam ädik tikýär, möjegiň hamyndanam.
* * *
Çeňňekli balykça sabyr gerekdir, ýöne çeňňegiň ujundaky lukma gözi düşen balyga has uly sabyr derkar.
* * *
Özi açka çöregini derýa oklan kişi ne Halykdan, ne balykdan tamakin. Özünden artanyny balyga oklan adam bolsa, «Köp garaşmaly bormykan-aý!?» diýip, içini hümledip ýör.
* * *
Men garynjany basmaga dözemok, ýöne basan däldirin diýip arkaýyn aýdybam biljek däl.
* * *
Men küle gaçan çöregini myhmana hödürlemekden utanan gelni garasöýmezlikde aýyplan adamy samsyklykda ýazgarýaryn.
* * *
Men tilkiniň sözüne aldanyp tora düşen şiri, tilkiniň owadan gözüne aldanyp abraýdan gaçan şirden akylly saýýaryn.
* * *
Eşegiň eýesini diňe doklugy üçin däl, käte açlygy üçinem depýändiginide unutma.
* * *
Çaý demlejek bolup çäýnek döwdüm, güldüň. Elimiň bişenini görüp: «Özüm demläýmeli ekenim» diýip gyýyldyň.
* * *
Hezilden-çyndan çal sepen saçymy görkezip, «Sen agartdyň» diýerdim. Bu gün seniň saçyňda ak görüp aljyradym.
* * *
Men garynjany şire ýamanlan tilkä geň galýaryn.
* * *
Men et alsam süňkli, süýt alsam suwly çykýar. Seniň alan etiň süňksüz, süýdüň suwsuz. Indi pikir edip otursam, men'ä tejribäme, senem çagalaryňa bolan mähriňe, söýgiňe ynanyp söwda edýän ekeniň.
* * *
Sen ilden algyly döwrüm alňasatman, bergili döwrüm gyssadyň.
* * *
Sen gabanmaňy goýduň welin, özümden göwnüm geçip başlady.
* * *
Kiçijik külbämizde beýik buýsanç ýaşaýar, sebäbi mundan sen girip çykýaň.
* * *
Talyp döwrümiz soňkuja bir manadymyza çörek almaga gidip, kitap getirdim. Sen gaty mylaýym ýylgyrdyň şonda. Seniň şol ýylgyryşyň meni kitaplar dünýä sine iterip goýberäýdi öýdýän.
* * *
Iki köpek süňk üçin biri'biri bilen darkaş gurdular, süňk gürjä galdy.
* * *
Urmazyňdan öň onuň itligini unutma.
* * *
Agyr ýüki çeken iner-ä gäwüşäp otyr, öz gaňňasyny zordan aşyran eşek bolsa iým diläp aňňyrýar.
* * *
Garrap awdan galan bürgüt gaýadan özüni oklady, aşakdan oňa tomaşa edip duran garry garganyň gorkusyna takga jany çykdy.
* * *
Gawunyň gowusyny iýmedik şagala samsykdyram öýtmäň. Ol gapanyň nirede guruljagyna düşünen bolaýmasyn.
* * *
Süýdüň gaýmagyny dadan pişik, sygryň ot bilen oňňut edýändigine ynanmady.
* * *
Baharda bilbiliň owazyna humar bolmankaň, gyşda şol bagda garga gagyldajakdygynam ýatla.
* * *
Baharda gurbaganyň aýdymyna garga gülsede, geň görýän ýok.
* * *
Zähmetsöýerlik öküz bilen garynjanyň arasyndaky tebigy güýjüň tapawudyny ýok edip biler.
* * *
Ýüzi ýalpyldap duran köwşüň astynyň deşikligi ýagyşly gün bildirer eken.
* * *
«Pylanydan gaçarak dur» diýýän adamlaryň käte özünden gaçarak durmaly.
* * *
Ylymda «pyşyrdaşyp gürleşýänleriň» pyşyrdysy olaryň ylym gorunyň ölçegidir.
* * *
Arassa ylmyň bar ýerinde gybata ýer galmaýar.
* * *
Kyrk aýakly kyrkaýak aýaksyz ýylanyň söken ýoluna çydamady.
* * *
Uly balygyň çeňňekdäki lukma üçin agzyny ýyrtdyranyny gören çapagyň iş däsizligine düşünip bolar.
* * *
Aýagynyň sanyna seretseňä kyrkaýak hiç haçanam agsamajak ýaly.
* * *
Gülleriň arasynda biten çaýyryňam gülläsi gelýärmiş.
* * *
Ekine öwrenen geçi tas çopan bilen garantgynyň parhyny unudypdy.
* * *
Meslige çydap bilýän gara goýun, ilki geçiniň gülküsine çydamagy öwrenenmiş.
* * *
Arpadan doýan eşegiň kişňäsi gelip dur.
* * *
Ysyna aldanyp gül ýolan kişi indi gül görse titräp duran bolupdyr.
* * *
Balary çyn bal üçin ömrüni orta goýýar. Bal satýan kişem bala şeker goşmanka arynyň çeken zähmetini ýatlasa ýagşy.
* * *
Gawun satýandan «Hudaý ýoluna» bir gawun soradylar. Satyjy gawunlaryň iň kiçisini saýlap berdi. On manadyň ýerine on bir manat berdiler welin, gawunlaryň iň ulusyny saýlap alyja uzatdy.
* * *
Agajyň saralan ýapraklary ýere dö külip başlady. Töweregi süpürýän daýza agajy silterläp, taýaklap, ýapraklaryň baryndan bir günde dynmagyň ugruna çykdy. Ýapraklar öz erkine gaýyp gaçyp,
ýene ýere ýaplanyp birsellem ýatmak bagtyndan mahrum boldular. Olar armanly döküldiler.
* * *
«Dama-dama köl bolar» diýseler, ol: «Maňa damjak damjalar beri ulurak bolaýsadyr» diýip arzuw etdi.
* * *
Söýgä uçran islendik haýwanyň hereketine düşünip bolýar.
* * *
Haýwanyň gözlerem söýgi bilen ýigrenji gizläp bilenok.
* * *
Ilki alym bolup, soň adam boljak bolýanlar alymyň adamdan döreýändigini unutmasalar.
* * *
Söýginiň däliredip-de bilýänligine ynanyp, gezip ýören däliniň kalbyndaky söýgä ynanmazçylyk etsek nähili bor?!
* * *
Çyn alyma oturan köneje külbesi köşk sypatynda görner.
* * *
Garynjanyň däne ogurlanyny eşiden şir: «Her tüýsli ogurlyk boljak eken» diýip, loh-loh gülüpdir.
* * *
Ylym özüni ylymly görkezýänleriň däl-de, ylma açlaryň meýdany.
* * *
Ylym ummanynda ýüzýän gämini diňe ylym tolkunlary heläk edip biler. El bilen gark edilen ylym gämisi welin, ummanyň aşagyndada ýüzüp ýörendir.
* * *
«Süsjek sygra şah gerek däl» diýýärler welin, düýe janawar şahy bolsa-da süsmezdi.
* * *
Gök maýsada mele çöregi görüp bilmeýän adamdan umydyň, islegiň nämeligini soramasaňam bolar.
* * *
Gülüň görki bagbany, goşgynyň lezzeti şahyry unutdyryp biler.
* * *
Kalbynda söýgi ýaşaýan köre — kör, lala — lal, kere — ker diýip bilemok.
* * *
Ene ýer bilen söýgüli ýaryň arasyndaky meňzeşlik hakda pikir edip gördüňizmi?!
* * *
Goňşymyzyň günaşa guzlaýan towugy howlymyzyň bukuja ýerinde guzlamagy çykardy. Menem günaşa bir ýumurtga ugradyp durun. Kätede: «Goňşym towugynyň günde dälde, günaşa guzlaýanyny bir bilýämikä?» diýibem pikire batýaryn.
* * *
Baharda birnäçe gün sährada bolmaly bolan ýigit, bazardan öz ýary üçin gül satyn alyp geldi.
Çary KULYÝEW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Sözler