09:02 Altmyş ýaşly şahyryñ kyrk ýaşly aýdymy | |
ALTMYŞ ÝAŞLY ŞAHYRYŇ KYRK ÝAŞLY AÝDYMY
Aýdym-saz sungaty
Şu aýdymyň kyrk ýaşynyň barlygy hakda gürrüň etmäge Durdy atly eli ýeňil, şahandaz diş lukmany, meniň dişim, Allaýar aga we onuň maşyny sebäp boldy. Maşyn, diş, lukman, aýdym, şahyr, logika nirede bu ýerde diýmegiňiz-de mümkin. Howlukman diňläň! Allaýar Çüriýew bilen bir ýerde işläp ýörenimize esli wagt boldy. Şonuň üçinem ony goşgularydyr oçerkleriniň ýa-da makalalarynyň üsti bilen tanan ýyllarym yzda galdy. Indi onuň adamkärçiligi hakdaky gowy sözleri-de ýaýdanman aýdyp biljek. Gepiň gysgasy, A.Çüriýew uly şahyr, gowy adam. Şol günem ol: «Çary jan, inim, okadyňmy şuny. Muny edäýşi-neý...» diýip, gapydan girdi. Ukusyz gözlerine, çişen dulugyma gözi düşübem: «Diş agyry diýsene. Gaty belet agyry ol maňa. «Men dişi agyrýan adama kömek etmek sogabyň ulusy» diýen filosofiýa gulluk edýärin. Özünem köpden bäri, birinji gezek dişim agyran gününden bäri. Ýarym sagat gaýrat et. Arakesmä çykarys welin, men seni biriniň ýanyna äkideýin, gaşynda oturyp, agzyňy açyp bilseň bolany. Dişleriň: «Men däl-de, men däl...» diýişiberse nädersiň». Allaýar aganyň «atyna» atlandyk. Bardyk lukmanyň gaşyna. Çyn lukmanlar «Keseliň esli ýüküni süýji sözi bilen aýyrýar» diýýärler. Çyn eken şol. «Geliň, bakaly!» diýip, garşy alan ýigidiň ýüz-gözüniň nuranalygam bir-iki dişiň agyrysyny köşeşdirjek welin, onuň dilewarlygy, süýji sözlüligi hasam aňyrdan. – Bah-ow, bu dişleriň süňk gemresi gelip gidipdir-ä, ýaşuly! Irräk gelmeli. Dişim – işim – iýşim diýýän, özüm-ä. Sebäbi diş agyrsa, iş bolanok, işlemänem iýip bolmaz, iýmeseň-de özüň bilýäň... Agasy, seň dişleriňi diňledim (gördüm diýäýjek ýaly welin, diňledim diýşini nähili görýäň). Olar saňa: «Hojaýyn, uzak görme, ýanyňda maşynly şahyr bar. Bizi bäş gün Durdynyň ýanyna gatnat. Soň biz seň bilen däl-de, biri-birimiz bilen süňk üstünde urşarys» diýýärler. «Niçik razymyň?» diýip, ol hezil edip güldi. «Dişleriňem öňki agyrysy ýok ýaly. Bäş gün gatnasaň-a däri-dermansyzam bir zat etjeg-eý şu!» diýip içimi gepledip durşuma men baş atdym. Ikinji gün belleşilen wagty bardyk Durdynyň gaşyna. Şol alçaklygy bilen garşy aldy: Niçe toýuň lezzetini görmeli Etli, ýagly süňk gemirip, bu dişler, eý. – diýip, eşidilmedik aýdyma hiňlenýär. Yzyndanam: «Diş lukmanynyň aýdymy, sözleri Durdynyňky, sazy Durdynyňky, ýerine ýetirýär şol Durdy» diýip, hezil edip gülýär. Şahyr aga, diş hakda-da bir aýdymjyk ýazaýmal-a senem! Mollanepesden başgaňyz dişiň waspyny edeňzok düzüwli. Men, how, diş bejereýinmi, aýdym ýazyp, aýdym aýdaýynmy, beýtmäň-dä»! diýibem Allaýar aga degdi. Bolsa-da, şu «Owazymyz» bar. Şol käte bir hiňlendirip işimi ýeňledäýýär (Radionyň «Owaz» radioýaýlymy hakda aýdýar) diýibem bir çetde duran magnitofona elini ýetirdi. Tebigat beripdir saňa bir ajaýyp gözellik. Seň gözleriň serwi boýlym, şahyrlara gazallyk... Lukman hezil etdi. Aýdymy soňuna çenli «Owaza» goşup hiňlendi-de: «Bu günlükçe dişleriňi «gorkuzyp» bolduk. Sen-ä ertir şu wagta gelmekligi wada berýäň, şahyr aga-da bir gowy aýdym diýip, ol ellerini ýuwmaga durdy. Yzyndanam, «Allaýar aga, getirjek aýdymyň «Gel, obamyň lälesinden» pes bolsa, kabul edilenok» diýibem, elini süpürgije ýetirdi. Gaýtdyk. Ýolda pikir edýärin. «Näme üçin Durdy lukman «Gel, obamyň lälesinden» pes bolsa» diýdikä?! Ýaşlygymyzyň bu aýdymynyň sözlerini Allaýar aga ýazdymyka?! Bu aýdymy näçe ýyllardan bäri hiňlenýärin welin, awtory hakda pikir etmedigimi diýsene. Soramaga utanýaryn. Sebäbi şahyryň her bir goşgusy, oçerki, makalasy hakda gürläp bilmeli halyňa «Allaýar aga, «Gel obamyň lälesi» seňkimi?» diýmek aňsat däl-ä. Başgarak täre tutdym: – Allaýar aga, «Gel, obamyň lälesiniň» aýdylanyna näreçäk wagt bolandyr? – Kyrk ýyl. – Bäý, bä... – Şu ýylyň maýynda kyrk ýyl boldy. – Sazy kimiňki? – Baýram Hudaýnazarowyňky. – Dog-ry... (gaty arkaýyn jogap berýär welin... diýip, içimi gepledýärin). – Özüm altmyş. Aýdymym kyrk. Aýyrýarys. Galýar, ýigrimi. Diýmek, ýigrimi ýaşda «Gel, obamyň lälesi» diýlip zarynlapdyryn. Özünem men diýen talyp ýyllarymda. Soňra öz ýanymdan özümi aklamaga çalyşdym. Indi boldy, tas masgara bolupdym... – Gazetler günäkär. Bagşylar hakda, kompozitorlar hakda ýazýarlar. Aýdymyň sözlerini ýazanlar hakda welin goşgulary hakda aýdanlarynda, ýüzugra ýatlap geçäýýärler... (Şujagaz delilim-ä erbedem däl ýaly). Ýokla, özümizden-le. «Sözleri pylanyňky) diýip, radioda-da aýdýarlar-la. Özümiz aýdymy diňleýäris. Bagşyny tanaýarys. Kompozitor kim, sözleri kimiňki diýlen soragy unudýarys-a. Gör-ä, kyrk ýyldan bäri özüňe hemra bolup ýören aýdymyň sözlerini kimiň ýazanyny bileňok. Biljegem bolmandyrys. Belki-de, aýdym göwne ýakyn halaty şeýle-de bolýandyr. (Ine, şu delilimiz dogry). – Deň-duşlarymyzyň on bäş-on alty ýaşda: Ýüregimde ýalan lowlar, görmesem bir günde gyz. Aşygyňy ýakma beýle, juwan kalbym sende gyz – – diýip, «Gel, obamyň lälesini» hiňlenmedigi ýokdur. Şu wagt aýdymyň awtory bardyram öýden dälsiň. Aýdymy döredenem, sazyny ýazanam, ýeke-täk ýerine ýetirýänem özüň ýalysyň. Sebäbi seniňem şol gyzy günde bir görmeseň ýüregiň lowlap dur. Senem uzakdan-ýakyndan şol gözele juwan kalbyňy açasyň gelýär. «Obamyň lälesindäki» gyz seniň läläň, seniň obaňyň lälesi. Başga obada beýle läle bolup bilerem öýden dälsiň. Aýdymy sen döretdiň. Indem ýürekdenem hiňlenýärsiň. Ine, şeýlelikde, awtoryň özi ýatdan çykýar. Ol bardyr, bolmalydyram öýdeňok. Diýmek, aýdymyň ýürege, durmuşa ýakynlygy onuň awtoryny unutdyrýar. Dogry şu. Sebäbi obanyň çetine çykyp: Gel, çykaly, gel, seýrana, gel, obamyň lälesi! Goý, başyň egsin bize (jan) sähramyň gül ýaýlasy. – diýip, öz läläňi seýrana çagyryp durkaň, aýdymyň sözleri özüňki. «Läle» seniňki. Bu pursat saňa Allaýar Çüriýewiň sözlerine döredilen aýdymy aýdýaň diýseler ynanaýmaň. Diýmek, aýdymyň sözleri ýürekden çykyp, ýüreklere siňipdir. Onuň kyrk ýyllyk ýoly säginmän söküp bilmeginiň sebäbi-de şonda. Durdy lukmanyňka bäşinji gezek ýola düşenimizde, Allaýar aga «Gel, obamyň lälesi» hakdaky ýokarky pikirlerimi aýdyp berdim. Ol: «Çary jan, inim, özümiň altmyşa ser urandygymdan çen tutsaň, onda bu aýdymyň ömrüniň gysga bolmandygyna az begenemok. Her kim bu aýdymy özüniňki hasaplap, meni-de unudan bolsalar, şol meniň aýdymyma berlen iň uly baha» diýip ýylgyraýdy. Ine, «indi boldy» diýip, men uludan dem aldym. Allaýar aga maşynyny togtatdy. Gapyda gabatlaşan Durdy lukman: «Diş bilen oýun etmäň. Ol alymyň, şahyryň dişi diýlip bölünenok. Onuň «adamyň dişi» diýen ýekeje ady bar. Bir şahyr, bir alym bolup bäş gün gatnansyňyz görseň. Sebäbi näme-de, Allaýar aga? – Dişim – işim – iýşim – diýip, bu gezek Allaýar aga öwürtdi. Gülüşdik. Durdydan süňk gemirmäge rugsat alybam gaýtdyk. Ýolda-da Allaýar Çüriýewiň aýdymlary hakda gysgajygam bolsa okyjylara gürrüň bermeli diýen netijä geldim. 1949-njy ýylyň 15-nji iýulynda Sumbar jülgesinde ýerleşýän Könekesir obasynda doglup, Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlan, Moskwada žurnalistika boýunça bilim alan, «Bereket», «Çynar», «Ýürek ýatlamasy», «Zeminiň owazy», «Ýüregiň emri bilen», «Ömür kyssasy» ýaly birnäçe kitaplary okyjylara hödürlän şahyr Allaýar Çüriýew häzir Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işleýär. Şygryýet, ylym, žurnalistika ýaly üç sany uly ummanda kürek urup bilýän Allaýar agamyz Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi. Onuň kyrk ýaşly «Gel, obamyň lälesi» bilen bäsdeş aýdymy köp. Şol juwan aýdymlaryň biri-de «Sen aýdymyň aşygy» diýip atlandyrylýar. Ol aýdymam garrarly däl. Onda şeýle setir bar: «Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy». Gaty dogry. Aýdymy syrdaş tutmadyk aşygam ýok, magşugam. Munuň şeýledigini bolsa şol aýdymyň: Mahmal owazyňa gulak goýanda, Gojalar ýatlaýar juwan ýaşlygy – diýen setirleri-de aýdyp dur. 17-18 ýaşdakaň aýdym özüne syryňy açmaga boýun eden bolsa, gojalykda-da ol saňa ýaşlygyňy ýatladyp bilse, diýmek, aýdymyň onki süňňüniň ýerbe-ýerligi. A.Çüriýewiň bu aýdyma siňdiren zähmeti hakda aýdymyň esasy süňňüniň, ýagny sözleriniň nähili bolmalydygyny bilýän şahyr ýokarky sözleri aýdyp biler diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Indi günde-günaşa diňläp ýören aýdymymyz «Deňiz guşum» hakda kelam agyz. Bu aýdymyň sazy Döwletgeldi Ökdürowyňky. Sözleri Allaýar Çüriýewiňki. Aýdymyň döreýşi hakda şeýle gürrüň bar. Döwletgeldi aga ýarawsyz ýatyrka, Allaýar Çüriýew ony soragama barýar. Şol wagt penjiräniň öňüne gonan üýtgeşik guşa gözi düşen bagşy şahyrdan şol guş, ýagny deňiz guşy hakda ýazmagy haýyş edýär. Bu aýdymyň döreýşi hakda Türkmenistanyň halk hudožnigi Saragt Babaýewiň «Deňiz guşum» atly eseri has-da täsirli çykypdyr. Ajaýyp sýužet-rowaýata bişirilen bu eserde bagşy Döwletgeldi Ökdürow eli dutarly düşekde ýatyr, onuň başujunda bolsa, ömrüň soňky pursatyny aňladýan ýas şekili bar. Bagşynyň ýanynda oturan kagyz-galamly şahyr bolsa bagşynyň kompozitoryny, sözlerini döreden şahyry, aýdymyň baş gahrymany – deňiz guşuny çeper janlandyryp bilipdir. Aýdymyň döreýşi hakda dürli rowaýatlaryň bolmagy mümkin. Ýöne, şu eserde janlandyrylan şahyryň gözlerinden welin aşakdaky setirleri okamak kyn däl: Awazanyň alkymynda, Owazyň eşdilsin guşum. Bu setirler bu gün il-günümiň arasynda eşidilip, ýaňlanyp ýör. Aýdym bar – öz döwri bilen garraýar, ýatdan çykýar. Aýdym bar – haýsy döwürde diňleseň-de ýakymly. Şeýle aýdymlaryň sanawynda A.Çüriýewiň «Türkmen gyzlary» atly aýdymynyň-da ady bar. Şuglasy baharyň ýalkymyndandyr. Keşbi ak üzümiň salkymyndandyr, Kyrk çilläniň gary alkymyndadyr, Gollary hünärli türkmen gyzlary. Ine, şeýle setirlerden süňňi düzülen aýdymy unutjak bolup gör. Başarmarsyň! Ýüregiňde türkmen gyzlaryna guwanjyň, söýgiň ýaşap ýörkä, ýokarky setirleri hiňlenersiň ýörersiň. Allaýar aganyň sözlerine düzülen «Damjalar» atly aýdymam tebigata, onda-da türkmen tebigatyna düşünýän adam-a unutmasa gerek. Ýagyş damjalary ýalaňaç agaçlaryň baldaklaryndan syrygan wagty ony gözýaşa deňäp: «Gözýaş bolup, ýere gaçýar damjalar» diýip hiňlenersiň. Şol damjalaryň gözýaş bolup gaçýanlygyny, ilki özüň görýän ýaly, dünýäni unudyp hiňlenersiň. Ýöne ony ilki görüp, duýup bilen şahyryň A.Çüriýewligini welin ýagyş diňip, damjalar dammasyny goýandan soň ýatlarsyň. Aýdym aýdym bolanda şeýle-de bolýandyr, elbetde. A.Çüriýewiň başga-da «Çyralar», «Düýşüme giripsiň, ezizim ýene», «Läläm, gideliň bäri», «Watan», «Dagly gyz», «Sensiz» ýaly onarça aýdymyň sözlerini ýazanlygyny aýtmak gaty ýakymly. «Dagly gyza», «Läläm, gideliň bäri» bu gün bolmasa, ertir hiňlenjegimi bilýärin. Ýöne bu aýdymlaryň sözleriniň A.Çüriýewiňkidigini şol pursat ýatlajagyma welin söz berip biljek däl. Sebäbi bu aýdymlar hiňlenen çagyň özüňki. Şahyr şonuň üçin «Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy» diýipdir-ä. Adamlaryň göwnüne syrdaş döredip berýän Allaýar aganyň öz sözlerini azajyk üýtgedip, makalamyzy jemlemekçi. Altmyş ýaşa ser uraňda, kyrk ýaşly aýdymyňy hiňlenip, seni unudyp, aýdymyň sözlerini özleri ýazan ýaly duýýan bolsalar, bu seniň sözlerini ýazan aýdymlaryňa iň uly bahadyr. Il üçin ýazylan şol aýdymlar il bilen köp-köp ýyllar ýaşajaklygyňa güwänamadyr, Allaýar aga! Çary KULYÝEW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |