ŞÜKÜR BAGŞY POWESTI NÄHILI DÖREDI
...1940-njy ýylyň tomus günleridi. Şahyr Hoja Şükürow bilen bile derwezeden girenimde, Nurmyrat howlynyň ortasyndaky ullakan tut agajynyň aşagyna düşek atyp, çaý içip oturan ekeni.
Saglyk-amanlyk soraşyp, düşek üstüne geçdik. Nurmyrat adamlaryň saglygy hakynda soraşmagy gowy görýärdi.
Şahyr Ata Nyýazow hem Nurmyratlaryň howlusynda ýaşaýardy. Men Nurmyradyň ýanyna baryp, ony-da görmegiň arzuwyndadym. Emma ol öýünde ýok ekeni. Şeýlelikde, Ata Nyýazowy bir gezek-de görmeklik, onuň labyzly şygyr okaşyny dinlemeklik maňa miýesser etmedi.
Çaý başynda orta küşt alyndy. Hoja Şükürow üç gezek gurlan oýnuň üçüsinde-de utdy. Nurmyrat:
– Sen Hojan-a utardym weli, arman, goňşym Ata ýok – diýip, gülli güpjegiň üstünde duran M. Gorkiniň kitapçasynyň täze neşirini Hojanyň eline berdi. Hoja kitapçanyň gatyny açdy-da:
– Ýewropada Tolstoýa kimi deňäp bolar? Hiç kimi! – diýen setirleri okady.
Nurmyrat:
– Örän dogry aýdylan, hak aýdylan sözler – diýip tassyklady-da, çaý guýuşdyrdy.
“Demirçi demir hakda, kömürçi kömür hakda” diýen ýaly, gürrüň edebiýat hakynda boldy. Nurmyrat Çehowy öwdi. Ol Çehowy öwmekden ýadamazdy. M. Gorkiniň: “Izergil garry” eseriniň türkmen diline örän şowsuz dilmaçlanandygyna köp gynandy. Romen Rollanyň “Žan-Kristofyny” ýaňy okap tamamlandygyny aýtdy, Şolom Aleýhemiň “Saýlanan eserlerini” görkezip:
– Akylly ýazyjy, galamy ötgür ýazyjy ekeni – diýip, gaýta-gaýta nygtady...
Ol wagtlar men pedinstitutda okaýardym. Nurmyrat meniň ekzamenlerden nähili geçendigimi sorady. Meniň jogabymdan soňra bolsa:
– Okamak gowy zat! Maňa “Seniň wezipäň okamak, ömrüň ötinçä oka-da ýör” diýseler, men boýun towlamazdym! – diýip, tut ýapraklarynyň arasyndan asman älemine göz gezdirdi.
Hojanyň näme ýazýandygyny sorady. Hoja Hywa hany Ispendiýar han, umuman Horezm taryhy bilen gyzyklanýandygyny aýtdy.
– Ispendiýar han! Gyzykly tema. Ýöne men-ä gara öýden ak tamy gowy gerýän – diýip, Nurmyrat ýylgyryp gepledi.
– Nurmyrat, “Gyrnagy” nädýärsiň? – diýip, Hoja onuň özüne sorag berdi.
– “Gyrnagy” häzirlikçe goýbolsun etdim, ony soňra soňlamak pikirim bar. /Arman, ol powest uruş sebäpli soňlanman galdy./ Häzir meni başga bir tema – aýdym-sazyň güýç-kuwwaty özüne bendi edipdir, şol hakda oýlanýaryn.
Şol wagt radio konserte başlady. Güýçli sazanda Pürli Sary dutaryny eline aldy, “Nar agajy – Ýelpeselendi” heňi ýaňlandy. Dykgat bilen diňledik.
– Meniň häzirki temam ana şu! – diýip, Nurmyrat sözüni dowam etdi. – Bu heň mundan 70 ýyl öň çet ilde ýaňlanyp, türkmen aýdym-sazynyň şöhratynyň üstüne şöhrat goşupdyr. Şöhratly Şükür bagşy özüniň ussat sazandalygy, el hünäri, dutarynyň gudraty bilen eýranly Mämmetýar hanyň zyndanyndan öz agasyny azat eipdir.
Nurmyrat Şükür bagşy hakynda powest ýazjakdygyny aýtdy. Ol professor W. A. Uspenskiniň beýik Şüküriň heňlerinden hiç bir zat ýazyp alyp bilmändigine gynandy. Biz Şükür bagşynyň /dogrusy, Şükür sazandanyň/ önüp-ösen ýeri bolan Duşak etraplary hakynda, Şüküriň 14 ýaşyndan başlap saz meýdanyna gelip, öz iliniň arasynda şöhratly Şükür adyna eýe bolşy, soňra onuň goşa kiriş bilen Hywa, Eýran ýaly ýerlerde hem hünär görkezişi hakynda gürrüň etdik. /Dogrusy, biz türkmenleriň saz sungaty üçin uly işler eden Şükür bagşy bilen hut Nurmyrat arkaly tanyş bolduk/.
Hoja Nurmyradyň Şükür bagşy hakyndaky hekaýatyny diňläp:
– Ýazmaga başladyňmy? – diýip sorady.
Nurmyrat:
– Ýok entek. Garly bagşy bilen hem bir duşuşmak arzuwym bar, ondan-da soramaly zatlarym bar, onsoň girişjek. Ýazmak diýen zadyň özi, Hoja, özüňe mälim bolşy ýaly, eger gödegräk aýtsam, tehniki zatdyr. gep temany gysymyňa ykjam gysyp, ýüregiňe kybap getirmekdedir, ýazjak zadyňy öwrenmekdedir, wakanyň ruhuny ele almakdadyr! – diýip aýtdy-da, bu pikiri öz ýanyndan makul tapyp oturan şahyr Hojanyň ýüzüne özüne muwapyk bolan mylaýym ýylgyryş bilen bakdy...
Biz Nurmyradyň işiniň şowly bolmagyny arzuw edip gaýtdyk.
Aradan ep-esli wagt ötdi.
Güýz geldi.
Biz Nurmyrat bilen teatrda duşuşdyk. Ol sapar onuň bilen “Keýmir kör” dramasyna tomaşa etdik.
Nurmyrat Hojany sorady. Men onuň Daşhowza gidendigini aýtdym.
– Gowy edipdir! – diýip, ol baş atdy.
Men “Keýmir kör” hakynda onuň pikirini bilmekçi boldum. Ol oýlandy, maňlaýyna dökülip duran saçlaryny bäşi bilen darady, soňra:
– “On sekiz gark bolanlardan” soňra “Keýmir kör” Garaja Burunowyň ullakan eden işi diýmek boljak – diýip aýtdy.
Şol wagt Şükür bagşy güpbe ýadyma düşdi.
– Siziň “Kitabyňyzdan” soňky ullakan işiňiz haçan peýda boljak? – diýip, çekinibrägeden soradym.
– Hawa, aýdanyň ýaly, onuň ýagy ýakylyp, eti atyldy, lygyrdap durandyr – diýip, Nurmyrat jogap berdi. – Indi bürünjini atmak gerek.
Bu duşuşykdan soň ýene-de ep-esli wagt ara düşdi. Men Şükür bagşyny ýatlap:
– Nätdiňiz? Gutardyňyzmy? – diýip, ýene-de Nurmyratdan soradym.
– Bürünji hem atyldy.
– Bişenokmy?
– Oglan ahyry, ýeke bir bürünjini atmak bilen iş gutaranok, ony buglamakda hem gep bardyr...
...1941-nji ýylyň ýazy geldi. Ine, ol ahyrda “Şükür bagşyny” okap bermäge bizi çagyrdy. Dykgat berip diňledik. Biziň pikirimizi sorady. Gowy görendigimizi aýtdyk. Hoja Şükürow Nurmyrady gutlap:
– Çitimi çitilipdir, emma entek kakymy gowşagrak bolupdyr, täzeden ýene bir darak urlaýsa... – dіýіp aýtdy.
– Göwnüm bolduň, onda-da berkje darak urmaly diýsene! – diýip, Nurmyrat hoşallyk bildirdi...
Şondan soň Nurmyrat bu eserini öz eli bilen üç gezek göçürdi. Göçüren her saparynda hem ony ep-esli möçberde üýtgedendigi /gysgaldandygy/ meniň ýadymda. Nurmyrat Saryhanow “Şükür bagşy” powestiniň üstünde, ullakan sazanda Şüküriň türkmen halkynyň ýadynda bolan hormatly obrazyny döretmegiň üstünde şeýle işledi.
Bu eseriň ahyrky redaksiýasyny Nurmyradyň hut öz agzyndan eşitmek bize miýesser etmedi. Ara uruş düşdi... Onuň ahyrky redaksiýasyny ýazylanyndan tas bäş ýyldan soň “Sowet edebiýaty” žurnalynyň sahypasynda özümiz okamaly bolduk.
“Şükür bagşy” powesti ine şeýle döredi.
Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW
1948 ý.
Ýatlamalar