BOSSANTÄJIÑ BEGENJI
Kolhozyň garry seýsi Ýagmyr aga agtyklarynyň içinde Bossantäji hem-mesinden eý görýärdi. Bossantäç gulpagyny tasadyp ýören gyzjagazka hem garry atasynyň ýanyndan aýrylmaýardy.
Bossantäç geçen ýyl obalaryndaky onýyllygy gutardy. Gyzy mekdebi gutaran badyna şäherden kakasy gelip, ony öz ýanyna alyp gitmek isledi. Emma çagalykdan garry atasy bilen enesiniň ýanynada bolmaga halys endik eden Bossantäç:
— Kaka, men atam bilen enemiň ýanynda bolup, kolhozda işläbereýin—diýdi.
Kakasy-da gyzynyň ýürek islegine garşy bolup durmady-da:
— Söýer göwnüň, gyzym!—diýip, ol yzyna gaýtdy.
Bossantäç okuwyny gutaryp, biraz dem-dynç alandan soň, kolhozda işläp başlady. Bossantäjiň eli kätmeniň sapyna öwrenişip-öwrenişmänkä, güýz gelip ýetdi. Pagta ak patrak ýaly bolup açyldy. Joralary ýaly, Bossantäç hem bilegini çyzgap, ak pagtanyň bir ýan çetinden girdi.
Bossantäç ýygymdan ýadap gelende, garry seýis:
— Gyzym, işleriň neneň?—diýip, her gün diýen ýaly soraýardy. Bossantäç «Ýaman däl, ata!» diýip, jogap berýän hem bolsa, onuň entek önjeýli bir ýygyp bilýän zady ýokdy. Agşamaralar ganarlar gapana goýlanda, iň bir haýal ýygymçynyň ýygan pagtasy-da onuňkydan artyk gelýärdi.
Aradan bir hepde geçeninden soň, Ýagmyr aga ýene-de agşam çaý başynda ýygymdan söz açyp:
— Gyzym, Garly gassabyň agtygy düýn ýüz kilo ýyganmyş diýip, iller gürrüň edýär... Şol çynmyka?—diýip sorady.
— Çyn, ata.
Ýagmyr aga gür gaşlaryny galdyryp, agtygynyň ýüzüne seretdi.
— Seniň ýyganyň näçe boldy, gyzym?
— Meniň ýyganymmy?—diýip, Bossantäç birhili müýnli ýaly gyzardy. —Meniňki entek, ata, oňa ýeterden gaty az... Oýlanyp görýän welin, menden oňly ýygymçy hem boljak däl öýdýän...
— Weý, weý, gyzym, o näme diýdigiň boldy?—diýip, Ýagmyr aga özüniň işleýşinden göwni geçip, tukat bolup oturan agtygynyň pikirine garşy çykdy.
— Bir işe baş goşanyňda, gyzym, hiç wagt ruhdan düşüp müzzermezler. Köneler «Ýoly ýörän ýeňer» diýipdirler. Ruhdan düşinçäň, illeriň ýygyşyna syn ederler, ökdelerden öwrenerler. Gör başgalar nähili ýygýa. Hiç kimem enesiniň içinde öwrenip gelen däldir. «Men-ä az ýygýan-ow, meniňki boljak däl-ow» diýip, içiňi gepledip ýörmekden zat çykmaz. Gaýgy-ünjüni taşlap, yhlaslyrak ýapyşyberseň, eliň endik edip gidenini özüň hem duýman galarsyň. Jan edip işläberseň, yhlasyň hasyl bolup, birden ökde bir ýygymçy bolup ötägitmegiň hem mümkindir!..
Ol gün agşam Bossantäjiň köp wagtlap gözüne uky gelmedi. Ol garry atasynyň «Illeriň ýygyşyna syn ederler» diýen sözlerini makullap, içinden öwran-öwran gaýtalady...
Atasynyň aýdany dogry bolup çykdy. Bossantäç şol günüň ertesi iň ökde ýygymçylaryň işine syn etdi. Görse, olaryň ýygyşy düýbünden başga hili ekeni.
— Äh-ä! Gör iller nädýär ekeni!—diýip, Bossantäç täze gujur bilen işe girişdi.
Bir hepde geçip-geçmänkä, onuň myrady hasyl boldy. Ýygymyň başlanyna bir aý diýlende bolsa, ol köp ýygymçynyň duşundan şaglap ötdi. Onuň ady dilden dile geçip başlady. Adynyň hemme ýerde hormat bilen tutulmagy bolsa, ýygymçy gyzyň çalasyn gollaryna ýene-de bat berdi. Ol hemmeden öňe saýlandy. Bir öňe saýlanandan soň bolsa, ol tä pagta saplanynça yzyndan ýetdirmedi...
Ol bu ýyl hem pagta başlanaly bäri hemmeden öňde barýardy. Onuň gujuryna, elleriniň çeýe hem çalt işleýşine bütin kolhoz guwanýardy. Ýagmyr aganyň bolsa şatlygynyň çeni-çaky ýokdy. «Bossantäç bu günem hemmeden köp ýygypdyr!» diýen sözleri eşidende, onuň çal başy göge ýetäýjek bolýardy...
Günlerde bir gün kolhoz başlygy garry seýsiň öýüne gelip:
— Agtygyň Bossantäjiň şu ýyl Moskwa, Sergä gidäýmegi hem mümkindir. Ýöne oňa berkräk tabşyr, ahmal bolmasyn!—diýip aýtdy.
Başlygyň sözi agtygyndan beter atasyny begendirdi:
— Eşitdiňmi, gyzym, başlygyň sözüni Ahmal bolmagyn. Moskwa!.. Sergi!.. Moskwa gitjek bolup, dalaş gurýanlar kändir!
Günler geçýärdi. Bossantäjiň ýygýan pagtasy ganar-ganar bolup, brigada harmanyna üýşýärdi. Garry seýis bolsa gününi ýazman, agtygynyň ýygýan pagtasynyň iň soňky gramyna çenli hasaba alýardy! Bossantäç öňde barýardy.
Bir gün Bossantäji surata düşürip gitdiler. Aradan bir hepde geçip-geçmänkä bolsa onuň suraty çykan gazýet gelip ýetdi!
Poçtalýon suratly gazýeti getirip gowşuranda, Ýagmyr aga «On tonna... On iki tonna...» diýip, agtygynyň ýygan pagtasyny öz içinden hasap edip, at ýatagyň bir ýan çetinde ýapynyň bir bölegi ýaly bolup, çilim çekip otyrdy. Onuň gazýetdäki surata gözi düşenden:
— Beghan, hany mynda gel!—diýip, atlaryň aýagynyň astyna çäge düşäp ýören çepiksije ýigidi ýanyna çagyrdy. Gazýeti onuň eline berip, Bossantäjiň suratyny görkezdi-de:
— Hany, oka göreýin, meniň agtygym barada näme ýazypdyrlar!—diýdi.
Beghan gök deňiz ýaly ýaýylyp ýatan gowaçanyň ortasynda goltugy bir gujak pagtaly ýylgyryp duran Bossantäji ýagşy bir synlap bolanyndan soň, suratyň aşagyndaky kiçijik makalany howlukman okap başlady. Beghanyň okap bolany hem şoldy, Ýagmyr aga çekip oturan çilimini gahar bilen zyňyp goýberdi:
— Näçe ýygýar diýip ýazypdyrlar? Ýalňyşan bolaýma. Hany täzedenem bir oka!
Beghan birbada Ýagmyr aganyň diýjek bolýan zadyna düşünmedi:
— Nämäni täzeden okamaly?
— Nämäni diýip durma-da tizräk okasana!
— Başdanmy ýa...
— Sen-ä, Beghan, tüýs bir düşnüksiziň biri ekeniň! Başdan okap eşider ýaly, men seniň ol «gün ýaşdy, gün dogdyňy...» nädeýin? Näçe ýygýar diýen bolsa, şol ýerini oka!
— Ä... Şeý diýsene!—diýip, Beghan gazýetiň ýüzüne göz gezdirdi. —Ýüz elli diýipdir.
— Ýüz elli?
— Hawa, ýüz elli.
— Nädogry! Ýalan!—diýip, garry öňküsinden hem beter gaharlandy. —Hany seret, ýazan kim? Goly barmy?
— Ýok.
— Şuny ýazany bir meniň elime bersediler!—diýip, Ýagmyr aga ýumrugyny düwüp, silkinip ýerinden turdy. —Nätjegimi özüm bilerdim. Ýanyny ýapa-da degirmändir ahyry. Müňläp, on müňläp adamyň her gün okap durýan gazýetini hem şeýle aldamak bolarmy? Ýüz ellini ýygmak üçin meniň Bossantäjim bolmak nämä gerek? Onçan-a Garly gassabyň şol çepiksije agtygy Şirinem ýygýandyr... Ýeri, indi muňa näme diýjek? Bossantäjiň özi eşitse, näme diýer? Ejesi-kakasy eşidip gynanmazmy? Düşünýärmiň, Beghan, meniň diýýän zadyma?..
— Düşünýän, Ýagmyr aga, düşünýän!—diýip, Beghan başyny atdy.
— Düşünýän bolsaň, inim, sen meniň gaharlanmagymy geň görme. Her bir kilo pagtanyň nähililik bilen ýygylýanyny özüň bilýäň. Bular bolsa meniň Bossantäjimi ýönekeý bir ýygymça deň edip goýaýypdyrlar. Heý beýle-de bir zat bolarmy? Meniň Bossantäjim ýönekeý bir ýygymçy däl. Ol ýygymçylaryň ýygymçysyny gaýra oturdýan gyz ahyry!..
— Eýsem onda dogrusy näçe bolmaly, Ýagmyr aga?—diýip, Beghan onuň sözüni bölmedik bolsa, garry entegem jibrinjekdi.
— Näçe bolmalydygyny bileňokmy? Her gün öz radiomyz aýdyp dur ahyry. Ýa radio-da diňläňokmy?—diýip, Ýagmyr aga kinaýaly güldi. —Iň pesinden iki ýüz! Bolmasa iki ýüz ýigrimi bäş!.. Indi eşitdiňmi bolmalysyny?
— Aý ýüz elli boldy, iki ýüz boldy, tapawudy näme? Öwüp ýazan bolsalar bolýar-da. Gazýetde adynyň çykany nämä degmiýä?
— Seniň üçin tapawudy bolmasa-da, meniň üçin bar! Onda-da gaty tapawudy bar!—diýip, gaharyndan ýaňa murtlary syh-syh bolan seýis Beghanyň al petinden aldy. — Bu zady şu durşuna galdyrar öýdüp pikir etme. Hut şu günüň özünde başlyga hat ýazdyryp, gazýete iberderin. Ol ýazmak islemese, özüm ýazaryn. Özüm!
Ýagmyr aga atlary Beghana tabşyryp, şol duran ýerinden hem başlygyň üstüne gitdi.
Ol başlygy tapman, bir sagat geçeninden soň, yzyna dolanyp geldi. Onuň ýüzi heniz hem gaharlydy. Ol sesini çykarman, murtuny müňküldedip, Beghanyň eden işlerini ýeke-ýeke barlaşdyryp çykdy.
Şondan soň garry seýis tä iş güni gutarýança bir agyz hem geplemedi. Gün ýagşy gijigenden soň bolsa, atlaryň ot-iýmini ýene bir gezek gözden geçirip, öýüne gaýtdy.
Ýagmyr aga öýüne ýetip barýarka, Garly gassap eşegini dikgirdedip, onuň yzyndan ýetdi:
— Sakgaldaş!
— Heh!—edip, Ýagmyr aga edil ukudan oyanan ýaly bolup, yzyna garady.
— Gassap, senmidiň?..
Garly gassap ýagmyr aga bilen deňleşip, eşeginiň ýörişini gowşatdy-da:
— Ýagmyr, bu günki täzelikden habaryň barmy?—diýip sorady.
— O nä täzelik?—diýip, seýis gür gaşlaryny agraslyk bilen ýokary göterdi.
— Be, henizem eşideňokmy?
— Meniň-ä, Gassap, dünýäden habarym ýokdur...
— Habaryň bolmasa, eşidip goý!—diýip, Garly aga çokgaja sakgallyja eňegini ýokary galdyryp, gabarylyp gürledi. —Bu gün meniň Şirinim seniň Bossantäjiňden ozupdyr!..
Ýagmyr aga hyrra gaňrylyp, Garly aganyň ýüzüne çiňerildi-de:
— Nädipdir?!—diýip, süýkdürip sorady.
— Ozupdyr! Tutuş bäş kilony artyk ýygypdyr!..
Ýagmyr aga gürrüňdeşiniň bir «ozupdyryndan» başga sözüni eşitmedi. Onuň birden gözüniň öňi garaňkyrap, berdaşly aýaklarynyň ysgyny gaçan ýaly boldy. Öň hem gaharly garrynyň ýüz keşbi bada-bat üýtgäp gitdi.
— Beýle zat bolup bilmez!..
— Näme üçin bolup bilmez?—diýip, Garly aga eginlerini silkip güldi. — Bolman beterem eder. Hemişe ozup ýörer ýaly, Bossantäjiňem eli dört däl ahyry!..
— Ýok, gassap, beýle diýip, meni ynandyryp bilmersiň!—diýip, Ýagmyr aga başyny ýaýkady. — Onsoňam başga nähili oýnuň bolsa et welin, bu barada oýun etme! Men beýle oýuna çydaman. Gaharymy getirersiň!..
— Meniň çynym! Men häzir gapanyň başyndan gelýän. Hut öz gözüm bilen gördüm...
— Ynanman! Ynanman! Asyl beýle zada ynanyp bilmen!—diýip, Ýagmyr aga ýene-de başyny ýaýkady.
Garly aga eşegini debsiläp, gerşine dürtdi-de:
— Meniň sözüme ynanmasaň, ynha agtygyň geler welin, özünden sorada göräý!..—diýip, geçip gitdi...
Bu habar Ýagmyr aganyň öňküden-de beter çetine degdi. Hemişeler howlusyna girenden aýalynyň adyny tutup: «Sadap! Çaýyň barmy!» diýip, şähdiaçyklyk bilen gygyryp gelýän adam, bu gün ses-üýnüni çykarman, ýüzüni sallap, keçäniň üstüne geçdi. Sadap eje adamsynyň bolşuna geň galdy:
— Atasy, näme beýle ýüzüň çytyk? Ýa bir kes bilen käýişäýdiňmi?
— Meniň biri bilen käýişenimi haçan gördüň?
— Onda näme beýle, gaharlanyp otyrsyň? Näme boldy? Aýtsana?
— Näme bolanyny ynha agtygyň gelenden soň eşidersiň!..
Bossantäç garrylary kän garaşdyrmady. Ol bu gün hem hemişekisi ýaly, fartugyny elinde galgadyp, boz maral deýin keýerjekläp gapydan girdi. Bossantäjiň görnüşi uzyn günläp pagta ýygyp ýadana meňzemeýärdi: ýüz-gözleri gülüp durýardy, şähdi açyk, ruhy belentdi.
Bossantäç garrylaryň ýüzlerini sallaşyp oturyşlaryny görüp, iç işikde aýak çekdi.
— Ata, näme sesiňizi çykarman, dymşyp otyrsyňyz? Näme habar, näme gep?
— Biz-ä, gyzym, näme gepiň bardygyny senden eşitjek bolup otyrys!—diýip, Ýagmyr aga tutuk ýüzüni ýokary galdyrdy. — Bu günki habar çynmy, gyzym?..
— Çyn!—diýip, Bossantäç bir söz bilen jogap berdi-de, enesiniň gapdalyna geçip oturdy.
— Eý waý-eý!—diýip, Sadap eje ýakasyny tutup, içini çekdi. —Gyzym, o nähili beýle boldy? Bu gün özüňden ozduraýdyňmy? Ýa kelläň dagy agyryp, ýygyp ugruň bolmadymy?
Enesiniň soraglaryndan soň Bossantäç garrylaryň gamgyn bolup oturmaklarynyň sebäbine düşünip galdy. Ol böwrüne diň salyp, biraz salym sesini çykarman oturdy. Soňra enesiniň ýüzüne ýalta garap:
— Ozsalar ozupdyrlar-da, ene! Nämä gynanýaň? Ozanlary gowy!—diýip jogap berdi.
— Waý-eý, atasy! Munuň aýdýan zadyny eşidýärmiň?—diýip, Sadap eje öňküsinden hem beter geňirgendi. — Ozsalar ozsunlar-da diýip, iliň ozanyna begenýärmiň?
Enäniň soňky sözleri Bossantäji oýlanmaga mejbur etdi. Ol özüniň kirpikmen gözlerini bir nokada dikip, ep-esli wagt pikirlenip oturdy. Heniz pagtasynyň ýary hem ýygylmadyk ummasyz giň gowaça meýdany Bossantäjiň gözüniň öňüne geldi. Kolhoz başlygynyň günde-günaşa diýen ýaly öz aralaryna gelip: «Gaýrat ediň, ýoldaşlar! Goý ýygymçy ýygymçy bilen, el el bilen ýaryşsyn! Ak altynymyzyň bir übtügini-de gyşa galdyrman ýygnalyň!..» diýýän sözleri onuň gulagynda ýaňlandy...
— Begenmän hem duramok!—diýip, Bossantäç agras jogap berdi. —«Ýekäniň çaňy çykmaz» diýip eşitmänmidiň, ene? Meniň bir özüm ot bolanymda, alyp biljek galam barmy? Pagta bolsa köp. Gyş bolsa agzyny açyp ýetip gelýä... käşgä joralarymyň hemmesi ozaýsady. Hemmesi! Men şonda has hem şat bolardym. Joralarymyň üstünligi meniň üstünligim, kolhozymyzyň ýeňşi meniň ýeňşim dälmi?..
— Moskwa!.. Sergi!.. gidip bilmän galaýsaň, gyzym, bize gaty ýokuş degjek. Meseläniň şol tarapam bar ahyryn—diýip, Ýagmyr aga çalajadan dodaklaryny müňküldetdi.
Bossantäç başlaryny ýerden galdyrman, çuňňur gama batyp oturan garrylary ýeke-ýeke synlap, öz ýanyndan mylaýym ýylgyrdy-da:
— Ata! Ene! Gam çekmäň! Başyňyzy belent tutň! Agtygyňyz Bossantäjiň şu iki eli sag bolsa, hiç kimden yza galmaz!..—diýdi.
1956.
Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW.
Hekaýalar