18:16 Türkmensiň | |
TÜRKMENSIŇ
Goşgular
Tarypyň bar, halkym, taryp eýläýin, Sary ýaýyň kirşin çeken Türkmensiň. Hakyň bar, haklysyň, adyň toýlaýyn, Gyrat bilen jülge söken Türkmensiň. Her ýigidiň taýdyr ýüz müň duşmana, Il haky üçin olar dözýärler jana. Her kes gadam goýsa bu hanymana, At üstünde başyn kakan Türkmensiň. Seňkidir ol mertler—Ýusup, Görogly, Göroglyň taýy bar müň murty towly, Hak işdir maksadyň, hakyňky şowly, Hak göreşde mydam ýykan Türkmensiň. Söweşde ýeňmeklik saňa adatdyr, Duşmana baş egmek taryhy ýatdyr, Dabaraňa köşgüm müň top atanda, Şöhrat tugun her ýan diken Türkmensiň. Owazyň seň gelýär gat-gat uzakdan, Söweş bilen sen gutuldyň duzakdan, Doganyň bar özbek, gyrgyz, gazakdan, Gül bakjaňa ýeňiş eken Türkmensiň. Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW. | |
|
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Daglar hakda geňräk goşgy / Goşgular - 06.11.2024 |
√ Pöwrizä / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Ýasama gül / Goşgular - 15.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||