11:11 Suraý | |
Näçe geñ görsek-de, ynanmasak-da
Goşgular
Bu gezekki myş-myş çyn bolup çykdy. Ylla biwagt gelen ýakymsyz bulut, Kiçijik obanyñ üstüne çökdi. Bir hepde öýünden çykmady Suraý Gapysyndan baran adam bolmady. Onsoñ işe geldi öñküsi ýaly, Salam berdi ,hiç kim salam almady. Suraý aşak bakdy kaýyllyk bilen, Ýöne welin oda-köze düşmedi Içini gepletdi ,, öwrenişersiñiz " Emma il-gün oña öwrenişmedi. Soragyna hiç kim jogap bermedi Ýüzün sowup geçdi ýanyndan geçen Adamlaryñ näletini diñledi: -Ýerçeken! Binamys! -Dogulman geçen! Bir adamam onuñ adyn tutmady Diýersiñ ol mahrum edildi atdan. Uludan dem aldy ,, ýatdan çykyşar" Il-gün çykarmady hiç zady ýatdan. Mal üstünden gelen gaýyn atasy Obanyñ başga bir çetine göçdi. Sopbaş galdy Suraý oraçasynda, Ýene özün aklamaga çalyşdy. Içinden däl hüñürdedi daşyndan. Il -gün hiç kişini çykarmaz ýeke Bigünä perişde dälsiñiz sizem, Ýöne welin, perişdedi märeke. Bu mahal myjabat atýardy Suraý, Märeke halaldy, märekde akdy Şu jemendäñ, şunça gelniñ içinde Ärine dönüklik edeni ýokdy. Atasy öýüne bardy ejizläp Atasy öýünden tapmady goldaw. Indi oña bu obada orun ýok Suraý obasyny giderdi goldan . Şonda-da il-günden nalap aglady : ,,Näme edipmişim ilden çykgynç?" Eñredi:,, Bu ýerde ýekerilýän men Tiz gelde dadyma özüñ ýet Gylyç" Aý günler aýlandy, uruş gutardy. Gylyç obasyna geldi sag-aman Esgeriñ başyndan dag bolup indi Şol ýakymsyz bulut, şol agyr duman. Öýde oturanlar onuñ ýüzüne Dos-dogry bakmaga ýaramadylar. Dört ýyllap ýagan ok degmändi oña, Ony öz öýünde ýaraladylar. Ol gepläp bilenok geleli bäri, Göýä bogazynda galan dek şänik. Ol nädip geplesin, nädip geplesin? Öz öýünden çyksa iñ uly dönük! | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||